BILIM

“Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

3-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň, BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) bilelikde yglan etmeginde geçirildi. Bu barada guramaçylar habar berdiler.

Ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli geçirilen “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady mekdep okuwçylarynyň ozon gatlagyny goramak baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden, ylmy-barlag we döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybarat boldy.

Bäsleşige paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Olar “Ozon gatlagyny gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin adamlar näme edip biler?” atly tema boýunça görkezme maketleri we taslama işlerini hödürlediler.

Netijede, 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň okuwçylary Hallyberdiýew Ybraýym, Akgaýewa Akgül, Ataýewa Aýşa, Demidowskiý Stanislaw dagysy bilelikde taýýarlan işleri bilen mynasyp boldular. Ikinji orna Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçylary Ahmedow Ahmet we Agamyradow Alyhan bilelikde mynasyp boldular. Üçünji orny Aşgabat şäheriniň 34-nji orta mekdebiniň okuwçysy Durdyýewa Gülnur eýelemegi başardy.

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň halkara işler boýunça hünärmeni Merjen Akyýewa bäsleşigiň ähmiýeti barada şeýle belläp geçdi:

“Ýaşlarymyzyň ekologiýa we klimat temalaryna uly gyzyklanma bildirýänligi bizi buýsandyrýar. Olar ozon gatlagyny goramak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça nähili ädimleri ätmelidigini görkezýän täzeçil maketleri we taslamalary hödürlediler. Bu bäsleşik olaryň döredijilik ukybyny açyp görkezdi.”

Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Gatnaşanlaryň ählisine bolsa degişli sertifikatlar berildi.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy