Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň çaklygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew paýtagtymyz Aşgabada geldi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Özbegistanyň Prezidentini Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew garşylady.
Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň barşynda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmag hem-de köp maksatly hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alyp maslahatlaşylar.

Sammitiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça onlarça resminamalara gol çekiler.
Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň esasy wakalaryny – Aşgabat şäherinde gurlan “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy hem-de “Daşoguz-Horezm” serhetýaka söwda zolagyna badalga bermek dabarasy düzer.

TÜRKMENISTAN-ÖZBEGISTAN GATNAŞYKLARY SANLARDA
Özbegistanyň metbugatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara syn berlipdir. Şol synda ykdysady görkezijilere hem orun berlipdir. Özbegistan-Türkmenistan hyzmatdaşlygynyň ösüş depginini beýan etmek üçin sanlara ýüz tutulanda, 2016-njy ýyldan bäri döwlet Baştutanlarynyň 14 gezek sapary boldy. 2016-njy ýylda özara söwda görkezijisi 200 million dollardan gowrak boldy. 2021-nji ýylyň ahyrynda bu görkeziji 902 million dollar boldy. Şeýle hem, 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky demirýol arkaly 1,7 million tonna halkara ýük daşaldy.
