SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar

Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabineti “Syýahatçylygyň täze görnüşlerini girizmek we ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliginden netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly goşmaça çäreleri girizmek barada” karar kabul etdi.

Karara görä, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan syýahatçylygyň täze görnüşleri giriziler:

  • Önümçilik toplumlary bilen tanyşmagy öz içine alýan senagat syýahatçylygy;
  • Altyn, magdan we beýleki minerallary,  hereketsiz geologiki desgalary howpsuz çäkden synlamak, daglyk ýerlerde gezelenç guramak ýaly tehnologiki işlere syn etmegi öz içine alýan geologiki syýahatçylygy;
  • Ylym-barlag institutlaryna we barlaghanalaryna, obserwatoriýalara, Ylymlar akademiýasyna we  ylym-bilim ulgamyna girýän guramalara baryp, ylym we tehnologiýanyň gazananlary bilen tanyşmagy öz içine alýan ylmy syýahatçylygy;
  • Ýurduň syýasy durmuşyny, döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, hususan-da hökümet binalarynyň we desgalarynyň taryhyny we işini görkezýän ýerleri görmegi öz içine alýan hökümet-dolandyryş syýahatçylygy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar