SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistanda köpçülikleýin sanjym başlandy

Şu günden başlap, Özbegistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada “www.uza.uz” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Ozla hem habar berlişi ýaly, sanjym döwründe özbek-hytaý “ZF-UZ-VAC2001” atly sanjymy hem-de “AstraZeneca” sanjymy ulanylar.

Aprel aýynda Daşkent, Nukus we oblast merkezlerinde 219 nokatda 65 ýaşdan uly raýatlara we lukmançylyk edaralarynyň işgärlerine sanjym etmek göz öňünde tutulýar. Bir aýda 142,3 müň sanjym işi amala aşyrylar.

Şeýle hem köpçülikleýin sanjym döwründe dowamly keseli bolan raýatlaryň, mekdep mugallymlarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ilkinji nobatda sanjym ediljekdigi mälim edildi.

Tutuş ýurt boýunça 3138 sanjym nokadynda we 862 ykjam lukmançylyk toparlary sanjym işlerini alyp bararlar. “COVAX ” maksatnamasynyň çäklerinde ýurda 17 awtomatik sowadyjlar, 16 ýeňil awtoulaglar hem-de beýleki zerur enjamlar getirildi.

Ýurduň Saglygy goraýyş ministrligiň habar bermegine görä, sanjym işine 4 müňden gowrak lukman hem-de 11 müňden gowrak lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýarlary çekiler.

Haýwanlar üçin ilkinji koronawirus sanjymy bellige alyndy

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar