DÜNÝÄ

Özbegistan bilen Azerbaýjan bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döreder

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijesinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we Özbegistan Respublikasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky jarnama gol çekdiler.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda hökümetleriň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň derejesinde 18 ylalaşyga gol çekildi. Bu gazanylan ylalaşyklar hususan-da, senagat, halkara awtomobil gatnawlary, bikanun migrasiýa garşy göreş, karantin we ösümlikleri goramak, harby we harby-tehniki hyzmatdaşlyk, şeýle hem syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem taraplar bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döretmek babatda ylalaşdylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň öňüsyrasynda iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda 500 million dollara ýakyn ylalaşyklara gol çekildi.

 

Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Ýene-de okaň

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär