Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Boris Jonson öňki kärine dolanyp barmagy meýilleşdirýär. Oňa britan “GB News” habarlar teleýaýlymyndan teklip geldi. Bu barada “ВВС” neşiri habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, Jonson şu ýylyň iýunda aýynda britan parlamentiniň deputaty wezipesini tabşyrypdy. Ol özüne hödür edilen bu işi uly hormat bilen kabul etjekdigini belledi.
Ol bu teleýaýlymda dokumental filmiň alypbaryjysy bolar. Şeýle hem geljek ýyl geçiriljek Beýik Britaniýanyň parlament saýlawlaryny teleýaýlymda giňden beýan edilmegine goşant goşar.
Boris Jonson ozal hem žirnalist bolan syýasatçydyr. 1987-nji ýylda ozalky hökümet baştutany “Daily Telegraph” gazeti üçin analitik makalalar toplumyny ýazypdyr. 1980-nji ýylyň ahyrynda Brýusselde bu neşiriň habarçysy bolup işledi.
Ol 1990-njy ýylda London şäherine gaýdyp gelip, “Spectator” žurnalynda analitik makalalar bilen çykyş edip başlady. 2008-nji ýylda London şäheriniň häkimi wezipesine saýlanan Jonson bu wezipede 2 ýyl işledi. Ol 2016-2018-nji ýyllarda Beýik Britaniýanyň şol döwürdäki hökümet baştutany Tereza Meýiň ýolbaşçylyk eden hökümetinde daşary işler ministri wezipesini alyp bardy.
2019-njy ýylda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri bolan Jonson 2022-nji ýyla çenli bu wezipede işledi.
