JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýär

Şu ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet sapary bilen Türkmenistana gelýär. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi.

Ol geçiren metbigat ýygnagynda Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ikiçäk we giňeldilen düzümlerde gepleşikleriň geçiriljekdigini belledi. Şeýle hem iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem iki ýurduň Prezidentleri Aşgabat şäherinde gurlan “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

Mundan başga-da, iki ýurduň Prezidentileri türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça bilelikdäki taslama badalga bererler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti iýul aýynda Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar