JEMGYÝET

“Orient TM”: “Makul Sözlük” türkmen metbugatynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, ABŞ-da neşir edilen “Makul Sözlük” barada türkmen metbugatynda habarlar çykmaga dowam edýär. Orient.tm saýtynyň türkmençe we rusça dillerde habar bermegine görä, täze çap edilen “Makul Iňlisçe–Türkmençe sözlügi” ýurdumyzyň dil medeniýetini halkara derejesinde giňden tanatmaga möhüm goşant berýär.

Täze sözlükde iň köp ulanylýan 16 500 sany iňlis sözi bilen birlikde, hukuk, biznes, lukmançylyk, sport hem-de emeli intellekt ýaly ýöriteleşdirilen ugurlardaky terminologiýalar toplumy ýerleşdirildi. Bu aýratynlyk ony diňe gündelik dil üçin däl, eýsem hünärmenler üçin hem möhüm gollanma edýär.

Neşiriň baş redaktory – hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjow bolup, ol sözlügiň maksadynyň türkmen diliniň halkara derejesinde giňden ulanylmagyna, ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmegine we hünärmenleriň işini ýeňilleşdirmäge hyzmat etjekdigini belleýär.

Täze sözlük dünýäniň iň iri onlaýn kitap dükany bolan “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy.

Orient.tm saýtynyň bellemegine görä, bu giň gerimli eser diňe bir dil öwrenýänlere däl, eýsem, terjimeçiler, talyplar, hukukçylar, ykdysadyýetçiler, lukmanlar we IT hünärmenleri üçin hem möhüm gollanma bolup hyzmat eder.

Halkara ykrar edilmegi

Dünýä belli meşhur alym, Amerikan Daşary Syýasat Geňeşinde (AFPC) Ýewraziýa boýunça Tapawutlanan alym we Jons Hopkins uniwersitetiniň professory S. Frederik Starr sözlügiň öňsözünde bu neşiriň ähmiýetine ýokary baha berdi. Ol sözlügiň “türkmen diliniň halkara derejesinde mynasyp orun almagy üçin şert döredýändigini” belläp, ony “dilleriň arasynda möhüm köpri” diýip häsiýetlendirdi.

Türkmenistan-ABŞ işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bolsa şeýle belledi: “Açyk aragatnaşyk söwdanyň we maýa goýumlarynyň binýadydyr. Bu kitap ýurtlarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam eder.”

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär