Men ol mugallymyň elinde okamadym. Onda-da mugallymym hasap edýän. Sebäbi galamgär hökmünde kitaphanaçylaň işi bilen bagly ýazjak bolsam, onuň makalalaryndan peýdalanýaryn.
Arada Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumda okadan mugallymym Ereş Orakow hakynda maglumat gözledim. Şonda ol hakynda kärdeşi Öwezdurdy Nuryýewiň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1966-njy ýylyň 27-nji awgust sanynda çap bolan «Ol ilkinjem bolsa, oňat iş» atly makalasyna gabat geldim. Makaladan bir bölek:
«Türkmenistanda kitaphana işiniň taryhyndan» atly iş ýazylmadyk sahypalaryň öwezini doldurdy. Ereş Orakowyň kitabynda görkezilýän faktlaryň örän gyzyklydygyny, okyjyny bada-bat özüne çekýändigini belläsimiz gelýär. Sebäbi geçmişde halkyň kitaba söýgüsi, bilim almaga höwesi kanagatlandyrylmadyk bolsa-da, Türkmenistanyň territoriýasynda özboluşly kitaphanalaryň bolandygyny awtor deliller arkaly görkezýär. Bu faktlar barada gyzykly sanlar getirýär. Awtoryň 1219-njy ýylda Mary şäherinde on sany uly kitaphanaň ikisiniň meçjit, dördüsiniň medrese, biriniň myhmanhana, üçüsiniň hususy kitaphana bolandygy, arap geografy we syýahatçysy Ýakudyň olary görende geň galandygy barada berýän habarlary gyzykly faktlardyr. Ýakudyň aýdan sözleriniň ýazgysyndan parçalaryň mysal getirilmegi jüpüne düşüpdir. Käbir mysallary anyk görkezip ynandyryjy çeşmeleriň üsti bilen beýan edip gürrüň berýär. Orakow öňem kitaphanaçylyk işiniň derwaýys meselelerini gozgaýan birnäçe kitabyň awtory».
Makala diýseň sowatly ýazylypdyr. Onsoň Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, halypa kitaphanaçy, bir mahal uniwersitetde talyby bolan Oguljemal Orazdurdyýewanyň kömegi bilen Öwezdurdy Nuryýewiňem arhiw maglumatlaryny topladym. Oguljemal gelneje her gezek kitaphana baranymda öz işi bilen bagly söhbedinde Öwezdurdy mugallymyň bibliografiýa dersi boýunça öwreden düýpli sapaklaryny buýsanç bilen ýatlaýar: «Birnäçe ulgamlar boýunça dürli görnüşli bibliografik gollanmalary şeýle-de bibliografik görkezijileri düzmegiň inçe syrlaryny öwrederdi. Hödürleýji bibliografiýa, tematiki bibliografiýa, ülkäni öwreniş bibliografiýasy… umuman, aýdanymyzda ylmyň her bir ugry boýunça hödürleýji bibliografiýa düzmeklik giň okyjylar köpçüligine ulgamlaýyn kömek berýän, maglumatlar goruny özünde jemleýän ýakyn maslahatçy» diýip, bu babatda ähli bilýänleri üçin Öwezdurdy Nuryýewe minnetdar bolýar.
Mugallymyň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1963-nji ýylyň 28-nji awgust sanynda çap bolan «Kitap hazynasy» atly makalasyny okadym. Talyplyk ýyllaryma dolanan ýaly boldum. Hamala Öwezdurdy mugallym talyplaryň öňünde sapak geçip duran ýaly täsir etdi. Işine ussat, giň düşünjeli mugallym göz öňüme geldi. Pikirini kagyza geçirmäge ökde. Kärdeşleri hakynda baha berende olaryň nähili häsiýetiniň bardygyny, iş başarjaňlygyny pursatlar arkaly, bitiren uly işleri hakynda anyk mysallar bilen düşündirip beýan edipdir. «Kitaphanaçylyk işi» hünäri okan ugrum, ýöne öz ugrumdan uzak işlemämsoň, mugallymlarymyň öwredenleri ýadymdan çykypdyr. Barybir metbugat işgäri bolsaň, dürli ugurdan bilmeli bolýar. Şonuň üçin bu ugurdan halkymyzyň öňünde hyzmat bitiren halypalar hakynda ýazmakçy bolsam, olaryň arhiw ýazgylaryna salgylanýan. Öwezdurdy mugallymyň ýazan makalalaryndan köp zatlary öwrenýän. «Bibliografiýadan nähili peýdalanmaly?», «Bibliografiki görkezijiler köp hem oňat hilli bolmalydyr», «Kitabyň toýy» we beýleki makalalarynda okyjylara kitap saýlap bermekligi ýeňilleşdirmek maksady bilen, kitaphanalarda bibliografiýa maglumat apparatyny döretmegiň zerurlygy baradaky pikir öňe sürülýär. Muňa bir mysal:
«Bibliografiýadan nähili peýdalanmaly?» diýen makalasynda kitaphananyň kataloglar we kartotekalar ulgamynyň görnüşleri, maksatlary, ýerine ýetirýän wezipeleri barada durlup geçilýär. Kitaphananyň katalog-kartotekalar ulgamynyň bibliografiki maglumat enjamynyň özenini düzýändigini, tematiki kartotekalaryň, bibliografiki görkezijileriň, hödürleýji bibliografiki sanawlaryň, synlaryň we beýleki bibliografiki serişdeleriň okyjylara hyzmat etmekdäki ähmiýeti barada beýan edilýär. Awtor makalasynyň üsti bilen: «Ýokarda agzalyp geçilen bibliografiki materiallary kitaphanalar özleriniň gündelik işlerinde ulanmalydyrlar. Kitaphanaçy bibliografiýadan peýdalanmagy diňe özüniň başarmagy bilen çäklenmeli däldir. Özlerine gerekli kitaplary okyjylaryň hem saýlap bilmeklerini gazanmalydyr. Şoňa görä-de, okyjylaryň arasynda bibliografiki bilimleri giňden wagyz etmek her bir kitaphanaçyň borjudyr» diýip, aýdan degerli maslahaty häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirenok.
Onuň metbugatda çap bolan makalalary, aýratyn neşir edilen işleri, düzen, redaktirlän, terjime eden işleri, taýýarlan köp sanly golýazma işleri, umumy okuwlaryň ýazgylary, okuw gollanmalarynyň golýazma nusgalary alymyň maşgala ojagyndaky şahsy arhiwinde saklanýar.
Jaýy jennet bolsun! Neresse bary-ýogy kyrk bir ýaşapdyr. Ol 1937-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda (häzirki Gorgangala geňeşliginiň Bagşy obasynda) doglan. 1978-nji ýylyň 2-nji noýabrynda-da dünýeden gaýdypdyr.
Görşümiz ýaly onuň çagalyk ýyllary kynçylykly döwre gabat gelipdir. Ol ilki oba mekdebinde ýedi ýyl, etrapdaky orta mekdepde üç ýyl okap, orta bilim alýar. Soňra Aşgabat şäherinde täze açylan Medeni aň-bilim tehnikumynda 1954-1956-njy ýyllar aralygynda «Klub işi hünäri» boýunça okaýar we okuwyny tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Şol ýyl hem Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap «Medeniýet merkezinde» işe başlaýar we 1957-nji ýyla çenli işleýär. Ol okuwyny dowam etdirip, 1957-1961-nji ýyllarda Leningrad şäherindäki N.Krupskaýa adyndaky döwlet Kitaphanaçylyk institutynda (häzirki Sankt-Peterburgyň döwlet medeniýet instituty) Kitaphanaçylyk we bibliografiýa hünäri boýunça ýokary bilim alýar. Instituty üstünlikli tamamlap, Mary şäher soňra Mary welaýat kitaphanalarynda işleýär. 1962-nji ýylda Öwezdurdy Nuryýew Aşgabat şäherine işe çagyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynda dürli wezipelerde, şol sanda kitaphananyň direktorynyň orunbasary, Türkmen döwlet çagalar kitaphanasynyň (häzirki Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy) direktory bolup işleýär. Öz hünärinden toplan baý tejribesini ýaşlara öwretmek maksady bilen ol 1967-nji ýylda zähmet ýoluny mugallymçylyk işi bilen dowam etdirýär. A.M. Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly adyndaky) Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetiniň «Kitaphanaçylyk we bibliografiýa» kafedrasynda mugallym, uly mugallym, kafedra müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işleýär. Bu kafedranyň işini ýola goýmakda örän
köp guramaçylyk işlerini alyp barýar. Öňki «Soýuz Respublikalary hakyndaky edebiýatlary bibliografirlemegiň meseleleri: Türkmenistan SSR-i hakyndaky edebiýatlaryň mysalynda» — atly tema boýunça 1977-nji ýylda kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Bu barada onuň kärdeşi Gully Atdaýew «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1977-nji ýylyň 13-nji iýul sanynda çap bolan «Alym— bibliograf» atly makalasynda: «…Çykyp geplän resmi we resmi däl opponentler Öwezdurdy Nuryýewiň işine ýokary baha berdiler. Alymlar sowetiniň on ýedi agzasynyň ählisi Öwezdurdy Nuryýewe «pedagogika ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesini bermegi makul bildiler — diýip ýazypdyr.
Kitaphanaçy, görnükli bibliograf, alym mugallym Öwezdurdy Nuryýew ýaşan gysga ömründe ençeme şägirtler ýetişdirýär. Onuň şägirtleriniň köpüsi ýurdumyzyň döwlet sylaglarynyň eýeleri. Olaryň käbirleri hakynda aýdasym gelýär. 30 ýyla golaý wagt Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň direktory bolup işlän, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mähri Myradowna hem Öwezdurdy mugallymyň şägirtleriniň biri. Mähri Myradowna sungat maşgalasynda önüp-ösen halypa. Onuň ejesi Fahriýa Alyýewa, kakasy Myrat Seýitnyýazow ikisem Türkmenistanyň halk artistleri. Bu meşhur artistler hakynda ýatlamalaryny, galyberse-de özüniň kitaphanaçylyk ugrundan toplan tejribeleri hakynda gürrüňlerini diňlemek üçin Mähri Myradowna bilen kän duşuşýarys. Şonda ol öz zähmet ýoly bilen bagly gürrüň berende halypasy Öwezdurdy Nuryýewi hökman ýatlaýar:
«1967-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Kitaphanaçylyk we bibliografiýa işi» hünäriniň gündizki bölümi açyldy. Şol ýyl bu hünär boýunça bilim aljak ilkinji talyplaryň biri bolup okuwa girdim. Uniwersitetde okan dört ýylymyň dowamynda maňa Öwez Nuryýewiçiň elinde okamak bagty miýesser etdi. Ol bize Bibliografiýa dersi boýunça umumy sapak bererdi. Öz okadýan dersi boýunça çuňňur bilimi bolan Öwez mugallym biz — talyplara örän düşnükli, sada dilde bibliografiýanyň esaslaryny öwrederdi.
Öwez Nuryýewiç: «…bibliografiýa – kitaphana işiniň zerur elementidir» — diýerdi. Halypa mugallym kitaphanaçylaryň bibliografiýany örän kämil derejede bilmäge borçludyklaryny hemişe nygtaýardy. Ol örän sabyrly, ýuwaştap, şol bir wagtyň özünde hem juda talapkär mugallymdy. Her bir talybyň ugruny tapmagy başarýardy. Olaryň her biri bilen aýry-aýrylykda işleşmäge ýaltanmazdy. Ussat pedagog hökmünde talyplaryň islendik pursatda ýagdaýyny göz öňünde tutup, olara düşünmegi başarardy. Öwez Nuryýewiç biz — talyplarda bibliografiýa bolan professional gyzyklanmany döretdi. Özem örän medeniýetli, parasatly halypady, gyzykly söhbetdeşdi. Indi biz mugallym bolup halypamyzdan alan tälim-terbiýämizi talyplarymyza geçirýäris. Zähmet ýolumyzdaky tejribämizde Öwez mugallymyň beren kämil sapaklaryny uly gollanma hökmünde ulanýarys. Öwez mugallymyň bakyýete göç edenine esli ýyl geçdi, emma biz ony hemişe ýagşylykda ýatlaýarys.
Häzirki Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet Çagalar kitaphanasyna ýolbaşçy bolan döwründe Öwezdurdy Nuryýew ençeme usulyýet gollanmalaryny işläp taýýarlaýar we çapa hödürleýär. Çagalar kitaphanasynyň işiniň esasy ugurlary boýunça gazet makalalary bilen netijeli çykyş edýär. Kitaphanada dürli mazmunly ilkinji bibliografiki çeşmeleri taýýarlaýar. Adyndan belli bolşy ýaly bu kitaphanada esasan mekdep okuwçylary, çagalar bilen iş alnyp barylýar. Şonuň üçin ol bu ugurdan hünärmenlere niýetlenen usulyýet we düşündiriji mazmunly gollanmalary taýýarlap ýaýradýar. Çagalar kitaphanalarynyň işini ýokarlandyrmak boýunça usulyýet, amaly we beýleki köpugurly iş maslahatlary guraýar. Kitaphana hünärmenleriniň hünär taýýarlyklaryny artdyrmak, kämilleşdirmek üçin bellenilen işleri guraýar. Umuman, Öwezdurdy Nuryýewiň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmaty uludyr» diýip ýagşylykda ýatlaýar. Öwezdurdy Nuryýewiň kärini onuň çagalarynyň dowam etdirýändigini aýtdy. Onsoň onuň gyzy Maýa bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:
— Kakam ejemiň Aýgözel adyny söýgi bilen «A-ý!» diýip tutardy. Kakamyz ýogalanda biziň iň ulymyz ýaňy on bäş ýaşyny dolduran, iň kiçimiz bolsa heniz bäşem ýaşamandy. Dört ogul, bir gyzy terbiýeläp ýetişdiren ejem ömrüniň ahyryna çenli bizi enelik mähri bilen çoýdy. Hem ene, hem ata bolup terbiýeledi. Kakamyň sargytlaryny gulagymyza guýup, bilimli-sowatly bolmagymyz üçin yhlasyny gaýgyrmady. Kakam keselläp agyr ýagdaýda ýatyrka ejem onuň halyna gynanyp aglapdyr. Şonda kakam ejeme: «Çagalaryň ýanynda mert bolgun, aglamagyn!» diýip sargyt edipdir. Kakamyň wesýeti ejem üçin kanundy. Ol her näçe agyr güne düşse-de, eklenç üçin iki-üç işde işläp ýadasa-da, ýanymyzda bir gezegem ejizläp gözýaş dökenini görmedik. Aglasa-da, ogrynça aglardy, ýöne biz çaga-da bolsak duýardyk…
Perzendini ýitirmek ene üçin hasam agyr. Kakam dünýeden gaýdansoň, bir ýyl bir aýdan soň enemem bagyr awusyna çydaman ýurduny täzeledi.
Kakam bakyýete göç edende kiçidim. Şoň üçin ol barada kän zat bilemok, diňe öýmüzde kakamyň daş-töweregini kitapdan dolduryp oturan keşbi göz öňüme gelýär. Kakamyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli 2022-nji ýylda agam Nury bilen bilelikde kitap taýýarladyk. Şol kitap belki, käbir maglumatlary öwrenmegiňize ýardam eder — diýip okamaga berdi.
Kitabyň içinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Agamyrat Amanmyradowyň suraty hemem onuň Öwezdurdy Nuryýew hakynda ýazan makalasy bar. Öň «Artistleriň degişmeleri» atly kitabyny okamsoň, ilki bilen Agamyrat aganyň ýatlamasyny okadym. Käbir bölekleri göçürip aldym.
«Ýakyndan tanaýan deň-duşlary Öwezdurdynyň adyny Agajan diýip tutardylar. Talyp döwründe Agajan Leningradda diňe üç öýi bilýärdi. Institut, kitaphana hem-de umumy ýaşaýyş jaýy. Şol üç öýünde-de onuň iň ýakyn dosty, iň ýakyn ýoldaşy, maslahatçysy kitapdy. Kitapdan söz açsaň, belent dagdan suwuň aşak gaýdyşy ýaly örän okgunly, örän joşgunly gürlärdi. Okan kitaplary barada pikir alyşmagy gowy görerdi. Her bir eseri döretmek üçin köp çorba sowadylýandygyny nygtamagy halardy. Ýazyjynyň zähmetine uly hormat goýardy. Agajan talypka tomusky dynç alyş günlerem öýe gaýtmazdy. Şol döwür ýurtda öňe sürlen ýagdaý bolan Gazagystanyň tarp ýerlerini özleşdirmek üçin düzülen ýörite topara goşulyp işlemäge giderdi. Ol diýseň azaphon, zähmetsöýerdi. Işden gaçmazdy. Tarp ýerleri özleşdirmäge gatnaşan rus, gazak, özbek, ukrain… milletinden bolan birnäçe ýigitler bilen dostlaşýar. Olar bilen dostlukly gatnaşygyny ömrüniň ahyryna çenli dowam etdirýär. Ol ýokary okuw jaýynda okan döwri umumy bilim we hünär bilimi maksatnamalaryndan daşary, çylşyrymly hünär ugra — bibliografiýa ýykgyn edýär. Bu pudagyň inçe ugurlaryny has-da netijeli öwrenmegi maksat edinýär.
Bibliografiýa — bu ylmy amaly pudak. Juda ýokary derejedäki taýýarlygy, sowatlylygy, netijeli iş usullaryny alyp barmagy, erjelligi, zähmetsöýerligi, ýokary medeniýetliligi, köp taraplaýyn bilimliligi talap edýär. Öwezdurdy Nuryýew obadaşlarynyň arasynda: «Seýrek hünärli, Sakarçägeli alym» – diýen ady aldy. Ol örän köp okardy, köpem bilerdi. Gönümelligi, alçaklygy, hoşgylawlygy, degişgenligi bilen tapawutlanardy. Islendik mesele babatda pikir ýöretmäge, çözgüdini dogry salgy bermäge ökdedi. Uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýalydy. Şol sebäpli ony hemmeler sylardylar, hormat goýardylar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi Ylmy kitaphanasynda işlän döwründe bibliografiýa işiniň esasy ugurlarynyň biri bolan alym hünärmenlere niýetlenen ylmy-kömekçi bibliografiýanyň çeşmeleriniň retrospektiw (geçmişi) häsiýetli bibliografiki görkezijilerini taýýarlamaga gatnaşýar, redaktirleýär, olaryň wagtynda çap bolup çykmagyna ýardam edýär.
Şol döwürde taýýarlanan bu bibliografik çeşmeler häzirki wagtda-da öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Soňraky ýyllarda merkezi ylmy kitaphana tarapyndan neşire taýýarlanmagy yzygiderli ýola goýlan: «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň neşirleriniň bibliografiýasy» atly görkezijiler, «Türkmenistanyň alymlarynyň bibliografiýasy üçin materiallar seriýasy: Türkmen alymlary» tapgyry — atly şahsy bibliografiýanyň görkezijileriniň ilkinji neşir edilen sanlary hut Öwezdurdy Nuryýewiň başda durmagynda we guramaçylygynda taýýarlanyp başlanýar.
Mugallymçylyk işi babatda aýdanymyzda, bu kärde işlemek oňa bir bada ýeňil düşmeýär. Muňa garamazdan ol bu ugurda zerur meseleleri öwrenip köp zähmet çekýär. Öz biliminden, iş tejribesinden netijeli peýdalanýar. Kitaphanaçylyk we bibliografiýa kafedrasynyň hünärleri boýunça ilkinji okuw meýilnamalaryny taýýarlamaga, okuw-usulyýet edebiýatlaryny toplamaga, mugallym-hünärmenleri işe çekmäge, umuman, kafedranyň işini talabalaýyk ýola goýmaga, zerur işleri guramaga jogapkärli çemeleşýär. Şuňa laýyklykda, 1967-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, 1968-1969-njy okuw ýylynda Kitaphanaçylyk we bibliografiýa hünärine ilkinji talyplar okuwyň gündizki bölümine kabul edilip, olar dört ýyl okadylýar, kafedranyň birinji ýaş hünärmenleri 1972-nji ýylda okuwyny tamamlaýarlar. Öwezdurdy Nuryýew uniwersitetde mugallym bolup işe başlanda heniz 30 ýaşy hem dolmandy. Ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde talyplara kitaphanaçylyk işi we bibliografiýa ylmy boýunça bilim berýär.
Agajan bilen bolan bir gürrüň hiç hakydamdan çykanok. Uniwersitetde okap ýören bir tanşym, Öwez Nuryýewiçiň okadýan dersi boýunça synagdan geçip bilmändir. «Ekzamenden geçirmegini aýdyp ber!» diýip menden haýyş etdi. Agajanyň häsiýetine gaty beletdim. Şunuň ýaly zady halamazdy. Her näme-de bolsa ýüze perde çekip: «mümkin bolsa geçir!» diýip haýyş etdim. Ol uzak wagtlap maňa seredip: «Men näme, bilse geçirmän onuň duşmanymy? Bilip durkaň sen näme üçin oňa ýamanlyk etjek bolýarsyň? Ol soň halk bilen işlemeli. Özi bilmese, halka näme öwredip biler?» diýip aýdanda, onuň sesi gaharly däl-de, jany ýangynly çykdy. Ol hiç kimden ýüz görmezdi. Dogry zady çekinmän kim bolsaňam ýüzüňe aýdardy. Ýöne göwnüňe degmezdi.
1978-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-si günüdi. Men Agajany lukmana görkezmek üçin öýlerine bardym. Ýagdaýy agyrdy. Bu ýagdaýy görüp durmak maňa gaty agyr düşýärdi. Şol gün onuň bilen lukmana görünmek üçin gapydan çykjak bolup durkak ýanyna talyp gyzlaryň biri geldi. Partiýa hataryna geçmegi üçin ol özüne hödürnama ýazyp bermegini haýyş etdi. Şol wagt ol talybam, menem Agajanyň eliniň iň soňky gezek galam tutuşydyr — diýip pikir etmändik» — diýip, Agamyrat Amanmyradow ýatlamasynda ýazypdyr. Kitapda Öwezdurdy Nuryýew hakynda başga-da ýatlamalar kän. Bir-birinden tapawutlyrak mazmunly ýatlamalary saýlap, olardan käbir parçalary okyjylara ýetirmekçi.
Ýatlamalar awtoryň suratlary bilen çap edilensoň, tanyş mugallymlar bilen ýakyndan didarlaşan ýaly boldum. Jumagül Jümmiýewa:
«Men 1970-nji ýylda talyp boldum. Hormatly mugallymymyz Öwezdurdy Nuryýew uzyn boýly, hortap, daşyndan seredeniňde agras, emma ýüzi nurana, pähim-paýhasly, işine berlen, hünärini söýýän, talapkär, sowatly mugallymlaryň biridi. Ol ýyllar 2-3 hepde okalyp-okalmanka okuwlar ýatyrylyp, talyplaryň hemmesi welaýatlaryň etraplaryndaky daýhan birleşiklerine pagta ýygymyna ugradylýardy. Şeýle gidişlikleriň birinde toparymyza ýolbaşçy bolup Öwez Nuryýewiç bellenipdi. Öwez Nuryýewiç pagta ýygymynyň gyzgalaňly döwründe ýerli ýolbaşçylaryň goldawy bilen, kömek üçin baran talyplaryň rahat ýaşamagy, olaryň gündelik çekýän zähmetinden soň dynç almaklary üçin ähli zerur şertleri döredip bererdi. Bu we beýleki ýagdaýlar meniň üçin örän mähirli ýatlamalar bolmagynda galýar».
Öwezdurdy mugallymyň ýene bir okadan talyby, halypa mugallym Ogulnabat Orazberdiýewanyň ýatlamasy:
— «Meniň maksadym bibliografiýa baradaky düşünjäňizi barlamak» — diýip, synagdan soň Öwezdurdy mugallymyň aýdan sözleri kyrk ýyldan gowrak wagt geçse-de, şindem gulagymda ýaňlanyp dur. Sebäbi aňsat bolmadyk mugallymçylyk kärimde halypamyň şu sözlerini talyplaryma häli-şindi gaýtalap-gaýtalap aýdýaryn. Her gezek sapaga girip, tema düsündirenimde talyp döwrüm hakydama gelýär. Öwezdurdy Nuryýewiň sapagynda bibliografiýadan leksiýa diňläp oturanym, şol dersden synag tabşyran pursadym ýadyma düşýär. Onuň nurana, mähirli nazary bilen soraglara berýän jogabymy köp manyly diňläp oturany ýaňy-ýaňy ýaly bolup biygtyýar göz öňüme gelýär. Öwezdurdy Nuryýew milli bibliografiýanyň düýbüni tutan alymlaryň biri. Ýurdumyzyň kitaphanaçylyk, bibliografiýa ulgamyna uly goşandyny goşdy. Belent adamkärçilikli, açyk göwünli, edep-ekramly mugallymdy. Pes pälli, agras, mylakatly häsiýeti bilen ýiti zehinini talyplaryna bagyşlady. Olary dogry ýola gönükdirip bilen sowatly, giň düşünjeli ajaýyp mugallymdy. Ol ähli gowy häsiýetleri özünde jemlän halypa hökmünde ýüregimizde ýaşaýar».
Ynha, bu bolsa, Öwezdurdy Nuryýewiň ogly Nury Nuryýewiň ýatlamasy:
«Maňa kakamyň bile işleşen egindeşleriniň arasynda bile işleşmek bagty miýesser etdi. 1992-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet instituty döredilip işe girizildi. Ýaňy uniwersiteti tamamlan ýaş hünärmendim. Okuwymy kakamyň okadan hünäri boýunça tamamlandygym sebäpli, institutyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň ilkinji dekany Ereş Orakowyň we beýleki halypalaryň maslahaty bilen kakamyň öňki işlän kafedrasyna mugallym bolup işe bardym. Ereş aga bilen bile işledik. Kakamyň bile işleşen kärdeşleri bilen bir gapydan girip-çykmagyma Ereş aga sebäp bolupdy. Bu bolsa meniň paýyma düşen örän uly bagt. Kärdeşleriniň kakama goýan hormat-sylagydy. Kakamyň ýoklugyny bildirmän hossarsyz galan çagalaryny aýaga galdyrmak üçin ýardam eden sogaply işleri olaryň dosta wepalylygydy. Ereş däde diýseň işjanly, ýokary adamkärçilikli halypady. Iş, durmuş tejribesi hakynda aýdýan gürrüňlerini diňläp doýup bolanokdy. Bile işlän döwrümde ondan örän köp zatlary öwrendim. Köplenç Ereş aga bilen ir säher işe bir wagtda barardyk. Işden soňra-da öýe bile gaýdardyk. Ol maňa kakam bilen bagly ýatlamalaryny gürrüň bererdi. «Öwez Nuryýewiç okuw okadanda talyplar we olara berýän temasynyň içinde bolardy. Düşündirýän temasyna degişli goşmaça soraglary, düşünjeleri ürç edip öwrederdi. Tema bilen bagly ugurdaş temanyň soraglar bilen baglylygyny çintgäp düşündirerdi. Öwredýän temasynyň çylşyrymly ugurlaryny hökman ýazdyryp, şol ýazgylar boýunça anyk hem-de kesgitli çeşmeleri salgy bererdi. Geň galmaly ýeri, indiki sapakda ol şol berlen çeşmelerini talyplaryň tapandyklaryny, özleşdirendiklerini hökman soraýardy. Bu ýagdaý ýerine düşmedik bolsa, ol aýry-aýry talyplar bilen goşmaça işleşerdi. Ol hakyky mugallymdy. Onuň sapagyna girmek asyl hem pedagogikanyň lezzetli ugurlarynyň bir aýratynlygydy» diýerdi.
«Öwezdurdynyň ogullary we gyzy ynsan terbiýesiniň juda kämil nusgalaryny ele aldylar. Onuň ýanýoldaşy Aýgözel Anna gyzy adamkärçiligiň ýokary derejesine eýedi» diýip, soň-soňlaram ol maşgalamyz hakynda öwgüli sözleri aýdyp, gowy adamlaň hatarynda bolmagymyzy düşündirerdi.
Kakam dogduk obasyndaky «Bäbekjan» gonamçylygynda jaýlandy. Guburynyň başynda goýlan ýadygärlik daşyna şahyr dosty Italmaz Nuryýewiň kakamyň ýagty ýadygärligine bagyşlap ýazan «Belentlik hakynda ballada» atly goşgusyndan bir bent ýazylgy dur. Her gezek zyýarata baranymyzda kakamyň uzyn boýly, agajet, at ýüzli, bugdaýreňk, çala tolkun atýan gara saçlary yza gaýtarylyp daralan keşbi göz öňümde janlanýar. Kakam hemişe ykjam geýnerdi. Sypaýy, degişmäni halaýan, hoşgylaw, belent adamkärçilikli häsiýeti bardy. Adalatly, talapkär, dogruçyldy. Obadaşlarymyzyň arasynda kakamyň hakyky adyny tutýan az-azdy. Kimler oňa Öwez Nuryýewiç diýse, kimler ýöne Agajan diýýärdi. Has ýakyn dost-ýarlary Kösäm diýibem ýüzlenýärdi. Kakam aýdym-sazyň, küşt oýnunyň aşygydy. Töweregi hemişe dost-ýarlydy. Birek-birek bilen didarlaşmak üçin, öýmize ýygy-ýygydan gelýän adamlaryň arasynda şahyr Italmaz Nuryýew, teatr artisti Agamyrat Amanmyradow, lukmançylyk institutynyň mugallymy Baýram Babaýew, öz kärdeşleri Gully Atdaýew, Ata Halykow, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, dramaturg Aşyr Mämiliýew we başga-da kän halypalar bar. (Häzir bularyň hiç biri-de aramyzda ýok, ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun!). Olar hakda diňe ýagşy ýatlamalar galdy.
Çaga-da bolsam, kakamyň dutary eline alyp, aýdyma hiňlenýäni, «bagşyň» «how»-yny ýetirip, dostlarynyň gijäň ýaryna çenli şowhun gurap oturyşlary ýadymda. Şeýle oturlyşyklar bir gün biziň öýmüzde, ýene bir gün Italmaz dädelerde ýa-da Aga dädelerde… guralýardy. «Iň gyzykly ýerem, şeýle şowhunly oturylşykdan soň, myhman sarpasy tutulyp, öý eýesi her bir myhmanyny pyýada ýöräp öýüne ugradýar. Öýlerine ugratmaga giden kakamy iň soňunda soňky ugradylan myhmanyň özi ýene öýe getirip giderdi. Olam ýene ony ýarpy ýoluna çenlem bolsa ugradardy, şeýdibem daňy atyrardylar…» — diýip, ejem pahyr bilen soň-soňlaram ýatlap gülerdik. Kakam alty doganyň biri. Uly agasy Halmuhammet keselçilikden ir ýogalýar. Soňra on bir ýaşyndaka-da atam ýogalýar. Şeýlelik bilen kakam öýüň erkek göbeklisiniň ulusy bolup galýar. Ýetim galan çagalary bilen enem pahyr kolhoz meýdanynda orak orup, pagta ýygyp gün-güzeranyny aýlaýar. Ol çagalarynyň bilimli sowatly bolmagynyň arzuwynda bolupdyr. Kakamyň kiçilikden kitap okamaga, bilim almaga höwesiniň güýçli bolandygyny aňan enem kakam orta mekdebi tamamlap: «Aşgabada okuwa gitjek» diýende, garşy bolmandyr. «Kakaňyzyň kesbi-kärini dowam etdirjek mynasyp ogul» bolsaňyz bolýar» diýip, ýagşy dilegler bilen ýola salýar.
Üç otagly öýmüziň bir otagy kakamyň iş otagydy. Iş otagynda diňe bir stol, bir oturgyç hemem bir diwaryň ýüzüni boýdan-başa tutup duran kitap tekjesi bardy. Tekjedäki kitaplaryň tertipli hatarlarynyň üstünde-de gapdallaýyn goýlan kitaplaryň sany sanardan köpdi. Olaryň tematikasy dürli-dürlüdi. Gijäň ýaryna, kä günler daňa çenli şol otagda irginsiz işlärdi. Köp okansoň, bilimiň köp ugurlaryndan kakamyň başy çykardy. Dürli ugurlar boýunça pikir alyşmany, jedelleşmäni gowy görerdi. Näçe köp bilse-de magtanmany halamazdy. Has-da köp diňlemegi gowy görerdi, ýöne özüne gezek gelende, örän talapkärdi. Wagtdan örän tygşytly peýdalanypdyr. Hysyrdyly, irginsiz zähmeti talap edýän işiniň daşyndan kitap okamaga-da, kino, teatrlara gitmäge-de wagt tapmagy başarypdyr. Gören kinosy, spektakly barada pikir alyşmany, çekişmäni halapdyr. Ol düşünmeýän zadyna düşünjek bolup jan eder eken. Özüniň mamladygyny Stanislawskiden, Gonçarowdan we beýlekilerden mysal getirip subut eder eken. Pikir alşyp oturan adamlary ondan bu zatlary nireden bilýändigini sorasalar ol: «Şu günüň intellegensiýasy boljak bolsaň, ylaýta-da ýokary okuw jaýynda sapak berjek bolsaň, bu zatlary bilmän bir gör» – diýip ýylgyryp jogap berýär eken…» diýip ýazypdyr.
Ýatlamalaryň her birini okap, Öwezdurdy Nuryýewiň kaka hökmünde-de, mugallym hökmünde-de, öz hünäriniň ussady hökmünde-de ýagşylykda ýatlanmaga mynasyp adamdygyna göz ýetirip bolýar.
Akgül Saparowa