Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen Geýdar Aliýew merkezine baryp gördi.
Azerbaýjanyň metbugatynyň habar bermegine görä, merkeziň direktory Anar Alakbarow Oguljahan Atabaýewa we Leýla Aliýewa merkeziň işleri barada tanyşdyrdy. Merkez azerbaýjan halkynyň umumymilli lider Geýdar Aliýewiň döwletlilik pelsepesini içgin öwrenmek ugrunda iş alyp barýar.
Şeýle hem merkezde Geýdar Aliýewiň muzeýi bolup, onda azerbaýjan halkynyň lideriniň işlerini wagyz edýän ugurlar ýerleşdirilipdir.
Soňra Oguljahan Atabaýewa hem-de Leýla Aliýewa Bakunyň kitap merkezine baryp gördi. Bakunyň kitap merkeziniň direktory Günel Rzaýewa myhmanlara merkeziň işleri barada gürrüň berdi.
Bu merkezi 2018-nji ýyldan bäri hereket edýär we Geýdar Aliýewiň gaznasynyň goldawy bilen kitap söwdasy amala aşyrylyp, onda azerbaýjan, rus, türk we beýleki dillerdäki kitaplaryň söwdasy ýerine ýetirilýär. Bu ýerde kitapsöýüjileriň wagtyny hoş geçirmegi üçin dürli çäreler guralýar, kitap sergileri hem-de tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.
Mundan başga-da, Oguljahan Atabaýewa hem-de Leýla Aliýewa Azerbaýjanyň milli haly muzeýine baryp gördi. Muzeýiň direktory Amina Melikowa myhmanlara gadymy sugat bolan haly dokamagyň taryhy we däp-dessurlary barada gürrüň berdi.