Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa “Arkadaşylygyň modasy» atly halkara forumynyň mejlisinde çykyş etdi.
Öz çykyşynda O. Atabaýewa saglygy goramagyň diňe bir lukmançylyk meselesiniň çäginden çykyp, döwletleriň, halklaryň we şahsyýetiň ösüşini hem-de gülläp ösmegini üpjün edýän möhüm bir forma – ykdysady, jemgyýet-hukuk, syýasy we dünýägaraýyş taýdan täsir edýän uly bir faktor bolup çykyş edýändigini nygtady.
«Hut şeýle düşünje bilen biz Türkmenistanda ýurduň içinde halkyň saglygyny goramak wezipesine, şeýle hem adamzat ösüşiniň umumy maksatlaryna öz goşandymyzy ynsanperwer döwlet hem-de halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärli agzasy hökmünde kabul edýäris».
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti foruma gatnaşyjylary Türkmenistanda ýokarda agzalan maksatlardaky garaýyşlar we ýörelgeler bilen tanyşdyrdy.
Ýurtda 1995-nji ýyldan bäri «Saglyk» döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Maksatnamanyň we «Sagdyň ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly milli strategiýanyň esasynda adamlaryň saglygyny goramak üçin ähli amatly şertler döredildi.
Arassaçylyk-ekologik kadalaryň üpjün edilmegine, içerki azyk bazarynyň gurluşynyň we görnüşleriniň gowulandyrylmagyna, şeýle hem zähmet, bilim, durmuş, dynç alyş şertleriniň ösdürilmegine, maşgala abraýynyň ýokarlandyrylmagyna, ahlak gymmatlyklarynyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn üns berilýär.

Sagdyn bolmak – ýurdumyzda hakykatdanam moda öwrüldi. Bu “moda” döwlet tarapyndan goldanylýar we ösdürilýär» – diýip O. Atabaýewa nygtady.
Türkmenistan beýleki döwletler bilen ulgamlaýyn we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hünär taýdan gatnaşyklary giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny diňleýjilere ýetirdi.
Bu ugurda iş maksada gönükdirilip we tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli Türkmenistan BMG-niň ýurt boýunça bölümleri – BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça 26 resminama gol çekdi. Her ýyl Türkmenistanda dürli ministrlikler we edaralar bilen bilelikde taslamalar durmuşa geçirilýär.
Mundan başga-da, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler alyp barýar.
Umuman aýdanyňda, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge we giňeltmäge, saglyk ulgamyna degişli dürli görnüşdäki çäreleri yzygiderli geçirmäge çykyş edýär. Şeýle çäreleri Türkmenistanda geçirmeklige hem taýýardyrys – diýip O. Atabaýewa belledi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada hem durup geçildi.
Gazna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Biziň esasy wezipämiz – ähli taraplaýyn kömegi, esasan hem ene-atanyň howandarlygyndan galan çagalara bermekdir. Bu ugurda eýýäm köp işler bitirildi.
Diňe birnäçe mysallara salgylanmak isleýärin.
Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bugünki güne çenli ýürek-damar we daýanç-hereket ulgamy kesellerinden ejir çekýän çagalara 700-den gowrak operasiýa geçirildi.
Gaznanyň öz sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw bilim berilýän çagalar bagy bar. Diňe şu ýyl Merkeziň üsti bilen 900 töweregi çaga bejergi-dikeldiş işleri geçirildi. Olaryň köpüsi merkezi nerw ulgamynyň dürli derejedäki patologiýasy bolan çagalardyr.
Şeýlelikde, «Enäniň saglygy – çaganyň saglygy» diýen ajaýyp şygar amaly many bilen doldurylýar. Onuň durmuşa geçirilmegi eneleriň saglygyny berkitmäge we olaryň fiziki, jemgyýetçilik, maddy hem-de psihologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Biziň haýyr-sahawat gaznamyz dünýäniň ähli ýerinde adamlaryň saglygynyň, abadançylygynyň we mümkinçilikleriniň açylmagynyň bähbidine giň hyzmatdaşlyga hem-de bilelikdäki başlangyçlara açykdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa halkara forumyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi.
