Asmanda ganat ýaýyp ýören kepderilere gözüm düşenden köp taraply zehin Ogulbaýram Kulyýewanyň «Diýar gözelligi» atly haly eseri ýadyma düşdi. Parahatçylygyň simwoly bolan ak kepderiler göýä ertekilerdäki uçýan halynyň üstünde onuň arzuwlaryny ýer şaryna aýlamaga barýan ýalydy. Birdenem dünýäniň asudalygyny arzuwlaýan gelnejäniň okuwçy döwründe ak kepderiniň keşbini keşdeläp döreden eseri göz öňüme geldi. «Ogulbaýram gelneje hakynda-da hökman ýazmaly» diýen pikir serimde aýlandy.
Bir az oýlanyp oturdym. Sebäbi öňem näçe ýyl bäri ol hakda ýazmagyň pikirindedim. Emma näme üçindir her gezek galama ýapyşýan-da saklanýan. Ýogsa onuň ussat keşdeçidigini, ezber halyçydygyny, goşgy ýazýandygyny metbugatyň üsti bilen on-on iki ýaşlarymda bilýärdim. Pikirimi jemläp ahyry onuň döredijiligini içgin öwrenmek üçin maglumatlaň gözlegine çykdym.Ýolda barýan welin meşhur şahyrymyz Mämmet Seýidowyň:
«Içi bilen geçen ençe gaýlaryň,
Güneşi bar, aklygy bar aýranyň,
Elinden çykan dek Ogulbaýramyň,
Gülýaýdy, tegbentli goçakly ýaýlam» diýen setirlerini kimdir biri zol-zol pyşyrdap duran ýaly. Içimden: «Ussat şahyrymyz Baýram Jütdiýewiňem Ogulbaýram Kulyýewa bagyşlap döreden goşgusy bolmaly. Goşgyny doly ýatdan bilemok, ýöne:
«Ýüpegiň ýakymny alan keşdeler,
Gizlänok ýagşyňy,
ýamanlaryňy.
Arada sergiňi synladym
Şonda —
Tas ýakypdym ähli ýazanlarymy» diýen setirleri ýadymda galypdyr. «Türkmeniň şeýle beýik şahyrlarynyň goşgy setirlerinde taryplanmagy ýöne ýerden-ä däldir. Ogulbaýram gelnejäniň döredijiliginde üýtgeşik aýratynlyk bolaýmaly» diýip pikir öwürdim. Şol wagt bir pursat hakydama geldi. Bir gün işden gelýärdim. Ýolda Baýram (aga) Jütdiýew gabat geldi. Saglyk-amanlyk soraşdyk. Ol elimdäki «Müdimi miras» atly kitaba gözi düşenden: «Ogulbaýramyň täze kitabyny okajak bolýaňmy?» diýdi. Hawa, indi okajak. Ýaňy ol redaksiýamyza makala getirdi. Şonda ýadygärlik ýazgy ýazyp kitabyny sowgat berdi — diýdim. Baýram aga:
— Nesip etsin, Ogulbaýram meniň kursdaşymdyr — diýdi. Ýol ugra ýaşuly adamy saklap durman sag bollaşyp ýöremek bilen boldum. Ertesi işe geldim-de, göni Baýram aganyň iş otagyna bardym. Ondan Ogulbaýram gelneje hakynda gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol:
— Biribar her kime bir senet beripdir. Ogulbaýram el hünäri bilen özüne heýkel diken zenandyr. Onuň Gün nuruna hem-de ene topragyň söze-saza sygmaz jomartlygyna ýugrulan däne-däne keşdeleri yranmaz-mizemez mülk. Ene diliniň şygyrlyk ýaraşygy bilen aýtsam: döwletiň içinde özbaşdak bir döwlet, Ogulbaýram Kulyýewa diýilýän ussadyň täsin döwleti!Ymmat tarapyndan birçak ykrar edilen deňli-derejeli döwlet! Düýnem saňa aýdypdym, ol meniň kursdaşym. Ellinji ýyllaryň aýaklarynda ol Türkmenistanda meşhur aýdymçydy. Onuň ýerine ýetiren arap hem hindi tanslary ýaşlar festiwalynyň ýaraşygydy. Ol öz senedini akaba öwürdi. Men onuň altmyş ýaşyna gutlag hökmünde «Diýar» žurnalyna makala ýazdym. Şonda Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolmasaňda, zehin akademiýasynyň hakyky agzasy bolduň. Seniň senediňi il, ýurt ykrar etdi. Bagtlaryň içinde, megerem şundan uly bagt ýokdur! Meniň zehinli kursdaşym inçelige inçelik bilen düşünýär. Seniň ýaly altmyşyň onunda-da ýüregi nurlanyp duran zenanlaryň gül keşdesinden uly goşgy ýokdur — diýip, makalamyň ýany bilen oňa uly hormat goýup döreden goşgymy çapa beripdim — diýdi. Oturan ýerinde edil münbere çykyp köplügiň öňünde okaýan ýaly owadan owazy bilen oňa bagyşlap döreden goşgusyny okap berdi. Soň men ol makalany gözläp tapdym. «Diýar» žurnalynyň 1997-nji ýylyň 12-nji sanynda çap bolupdyr. Makaladaky şeýle sözler hasam täsir etdi.
«…Seniň ýaşlygyň bolupdy! Onda-da nähili ýaşlyk: Owadan ýaşlyk, eliňdäki çykan gül keşdeleriň ýaly, nurana ýaşlyk. Uluja agtygyň Muhammet bilen hol aýnaly eýwanyňyzda çaý içip, ak dünýäniň depesinden seredip otyrkaň, sen oglanyň neresse gözlerine garap, öz ömür ýoluň hakynda arkaýyn sözläp bilersiň. Bu — uly zatdyr, dogan! Neresse gözleriň öňünde müýnsüz hem-de halal bolmak — iň uly aýdymdyr, megerem, ömrüň baş aýdymydyr!»…
Halkyň hemem ýurduň ykrar eden uly şahyrynyň ýürek aýdymy bolan bu jümleleri biparh okamak mümkin däl. Diýseň oýlandyrdy hemem tolgundyrdy. Dogrymy aýdaýyn. Öň ol hakda: «Türkmen zenanlarynyň ählisem halyçy, keşdeçi. Näme üçin olar hakynda Ogulbaýram Kulyýewa ýaly metbugat sahypasynda ýazylanokka?» diýerdim. Sebäbi men onuň keşdelerini, dokan halylaryny ýakyndan görmändim. Baýram aganyň makalasyny okanymdan soň, taryplanyp ýazylmagyň üçin keşdeçi Ogulbaýram Kulyýewa ýaly bolmalydygyna göz ýetirdim. Onsoň onuň «Gül keşdeli tahýalar», «Haly hakda ýürek aýdymlary», «Ýüpek tarlaryň aýdymy», «Ak öýümiz», «Düýe maly — dünýe maly», «Altyn jyga», «Erek maýa münjekmi?» atly kitaplaryny tapyp okadym. Bu kitaplarynyň ählisinem awtor özüniň tejribesine esaslanyp ýazypdyr. Bir kitabynda tahýa, onuň biçüwi, görnüşleri, ähmiýeti, tahýanyň halkymyzyň ruhy dünýäsinde galdyran yzy dogrusynda ýazan bolsa, ýene birinde çaga terbiýesine ýüzlenýär. Ata-baba gelýän milli sapaklaryna daýanyp, döreden makalalaryny, durmuşy kyssalaryny, şygyrlaryny okyjylara ýetirýär. Zenanlaryň çeper senetleri, çaga oýunlary bilen baglanyşykly ylmy-populýar hem publisistik makalalaryny bir aýry, türkmen milli çaga oýunlarynyň oýnalyş tärleri, ähmiýeti hakynda giňişleýin düşünje berýän makalalaryny ýa-da ylmy-jemgyýetçilik makalalardan hem edebi-çeper kyssalardan düzülen kitabynda uzak ýyllaryň dowamynda düýe maly bilen bagly toplan tejribesini baý edebi we medeni maglumatlaryň esasynda kitaplarynda aýry-aýry jemläpdir. Halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlary, däp-dessurlar bilen baglanyşykly edim-gylymlaryny, yrymlaryny, tara dokamagyň gadymy usuly, gyrmyzy — keteni we onuň görnüşleri, durmuşdaky orny, bu el senedi bilen bagly ýa-da haly hakyndaky publisistik oýlanmalaryny we şahyrana eserlerini, goşgularyny umuman, müdimi milli gymmatlyklarymyz hakynda ýazan şahyrana söhbetlerini dürli atlar bilen çap bolan kitaplarynyň üsti bilen okyjylara ýetirýär. Onuň başga nähili kitaplary barka?— diýip soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna bardym. — Kitaphanamyzyň kitap hazynasynda Ogulbaýram Kulyýewanyň otuz kitaby bar. Ejesine bagyşap ýazan «Şaçeper eje» atly ýene bir kitabynyň elýazmasy özünde bar. Kitap bolup neşir edilensoň ol kitabyny hem goşmakçy. Eger ol hakynda öwrenmekçi bolsaňyz ilki bilen onuň «Hindistanda hyýalym» atly kitabyny okap görüň — diýip, halypa kitaphanaçy Oguljemal Orazdurdyýewa maslahat berdi. Onuň döredijiligine degişli bir topar kitaplarynyň atlaryny aýtdy.
Kitaphanaçy gelnejäniň aýdyşy ýaly öňürti onuň «Hindistanda hyýalym» atly üç bölümden ybarat bolan şahyrana-publisistik oýlanmalar kitabyny elime aldym. Awtoryň Hindistan hakyndaky ýol ýazgylaryny, bu ajaýyp ülke hakynda döreden goşgularyny özünde jemleýän şol kitapdaky suratlary synlap, kitaby bir oturyşyma okap çykdym. Ogulbaýram gelnejäniň bu kitaby hem beýleki kitaplary ýaly sada, dili ýeňil okalýar. Gürrüň berýän wakalary düşnükli beýan edilýär. Bu kitabyň başynda dana şahyrymyz Magtymgulynyň:
«Hak ugrunda gurbandyr,
Janym, döwletim, malym.
Köňül ýola rowandyr, —
Hindistanda hyýalym» diýen goşgy setirleri bar. «Hindige bagş eýläp ýeriň ýagşysyn» diýen beýik Pyragynyň goşgy setirlerinden mysal getirip başlamak bilen awtor kalbynda bu ýurdy görmek höwesiniň döremegine şahyryň döredijiliginiň täsir edendigini mälim edýär. Ol hakykatdanam şeýledir. Sebäbi bir mahal onuň bilen gürrüňdeş bolanymda çaga wagtlary kakasynyň her gün agşam Magtymguly atamyzyň arap elipbiýinde ýazylan kitaplaryny okap berendigini aýdypdy. Bu kitabynda ol 2012-nji ýylyň aprelinde gyzy Bahar bilen Hindistana syýahata gidişi, ol ýerde gören-eşiden wakalaryny gürrüň berýär. «Kitap dükanlarynda-da dürli dinlere degişli mukaddes kitaplar bilen birlikde, Gurhany-Kerimiň hem dürli neşirlerine gabat geldim. Dükanlaryň birinde daşlary täsin keşdelenen Gurhany-Kerim ünsümi has-da özüne çekdi» diýip, özünde galdyran täsirler hakynda ýazypdyr. Onuň ýurduň tebigat gözelliklerini çeper suratlandyryp beýan edişi hakyky ýazyjynyň ussatlygyny ýatladýar. Dilmajyň kömegi bilen şol ýerdäki baglaryň atlaryny, häsiýetli ösümlikler hakynda gowy maglumatlary okyjylara ýetirýär.
— Bu haýran galdyran ymaratyň içki gapysyndan girip, täsin nagyşly sekizburçlugy synladyk. Sekiz burçlugyň üstki gyrasy «sekizkeşde» nagyş salnyp jäheklenen ýaly owadan. Sekizburçlugyň her tarapy üç bölekden ybarat bolup, bölekleriň boýy bir ýarym metr, ini bir metr töweregi ölçegde gurlupdyr. Sekizburçlugyň sekiz tarapynyň ähli bölekleriniň ajaýyp nagyşlarynyň biri-birinden üýtgeşikligi, nagyşlarynyň tekiz diwarda däl-de, tor örülen ýaly, gözenekli, oýmaly, gyýmaly, aýlawly, öwrümli, utgaşdyrylyp dürli görnüşde sazlaşykly salnyşy aklyňy haýran edýär. Dogup gelýän Günem Täçmahalyň suratyny alýan ýaly bolup, altyn şuglasy bilen oňa täsin gözellik çaýýar — diýip ýazýar. Kitapda awtor özüniň dört ýaşynda uçmahyň ak guşuna öwrülip, gözlerinden gaýyp bolup giden gyzjagazyna bagyşlap döreden «Ilki açylan gunçam» atly goşgusyny ýerleşdiripdir. Gyzjagazyň 1964-nji ýylda iki ýaşyndaka hindi eşiginde düşürilen suratyny synlasaň hindi çagasynyň keşbini ýatladýar. Awtor gyzjagazyna doglanda enesiniň Gurbangül diýip at dakandygyny, emma özüniň oňa Güljahan diýip at goýandygyny aýdýar. Gyzjagazyny hüwdülände «Hindistan» atly goşgular toplumyny ýazan şahyr Gara Seýitliýewiň: «Ölmez Güljahanym saňa ýar bolan» diýen setirleri bilen hüwdüländigini ýatlaýar. Özüniň talyp döwründäki hindi lybasly aýdym aýdyp duran suratyny synlap, Ogulbaýram gelnejäniň redaksiýa gelende aýdan bir gürrüňi ýadyma düşdi. «1954-nji ýylda Aşgabada çeper höwesjeňleň gözden geçirilişine gelipdik.Tahýany keşdelemedim-de, owunjak hünjüler bilen nagyşladym. Gyzlar tahýany uly şowhun bilen elden-ele geçirip geýip görýärdiler. Ýaşuly mugallymlarymyz şunuň ýaly ýagdaý ýüze çyksa: «Sen ýene bir hokga çykardyň-ow, Ogulbaýram» diýip gatyrganyp başlardylar. Soň Kremliň, gerbini keşdeledim. Şonda welin mugallymlar: «Şu gyzdan bir zatlar çykjak, hökman okuwa ugratmaly» diýip ynam bildirdiler — diýip gürrüň berdi. Bir zada anyk göz ýetirip bolýar. «Hindistanda hyýalym» atly kitabyndaky bir goşgusyndan iki bendi göçürip aldym:
«Şol Baýju-Babrada bagşyň owazy,
Yşk owazy bolup, eretdi buzy.
Öýkünmeklik haýran edende bizi,
Biz-ä hindi, hindem biz eken diýdim.
Kalbymy joşduran hindi sazyny.
Tansa ussat gyz-geliniň näzini,
Düňňürdeşýän düwmelerniň bazyny,
Milliligmiz kimin özümki saýdym». Bu goşgudaky ýöredilýän pikir awtoryň haýsy ugurdan eser döredende-de ilki bilen asudalygy, parahat durmuşy, dostluk- doganlygy dünýä ýaýmak maksadynyň bardygyny görüp bolýar. Şol arzuwy bilenem ol gözelligiň aýdymçysy boldy. Öz senedi bilen Diýar gözelliginiň waspyny dünýä ýaýýar.
Men onuň bir mahal ussat suratkeş Juma Rejebowyň eskizi boýunça rewolýusioner Ene Kulyýewanyň haly portretini dokandygyny bilýän. Şonuň üçin halypa ýazyjy Aman Goşaýewe jaň edip: «Aman aga, Gyzylarbadyň köçeleriniň birine ady dakylan Ene Kulyýewa bilen keşdeçi Ogulbaýram Kulyýewanyň nähili garyndaşlygy bar, bilýäňizmi? Meşhur adamlaryň neberelerinde başga-da tanymal adamlar bar bolmagy mümkin?» diýip sowal berdim.
— Ol hakda-ha bilemok, ýöne ilki bilen başga bir zady aýdyp biljek. Ogulbaýram Kulyýewanyň ýan ýoldaşy Gurbangylyç neresse daşgynyrak garyndaşymyzdy. Ol kän ýyl ýarawsyz ýatdy. Ogulbaýram gelneje oňa çaga sereden ýaly şeýle bir gowy seretdi. Onuňky ýaly syrkaw ýan ýoldaşyna sereden başga bardyr öýdemok. Ýene bir zady aýtjak. Türkmen radiosynda işleýärkäm Ogulbaýram gelneje bilen gepleşik taýýarladyk. Şol gepleşikde onuň talyp döwri bagşy Döwletgeldi Ökdirow bilen: «Eý, gözel oglan, Bäriňe dolan» diýip, alym şahyr Nazar Gullaýewiň döredijiligine degişli aýdan aýdyşyk aýdymyny hemem ýene bir aýdymyny radioda berdik. Onuň aýdym ýazgylary men işleýän döwrümde-hä radionyň arhiwinde bardy. Talyp döwründe ol «Uniwersitetiň bilbili» diýdiren aýdymçydy. Şol döwürde Moskwadan uniwersitete gelen mugallymlar oňa: «Sen aýdym-saz ugrundan Moskwa okuwa git. Aýdym-saz seniň ykbalyňdyr» diýip maslahat berýärler, ýöne o mahallar türkmen gyzlaryny öz ýurdumyzda-da okuwa ugratmak kyn görülýärdi. Özem bir söhbetdeşlikde aýdypdyr: «Belki, men bäş ýyllap taryhyň janköýeri boljak biriniň ornunda okandyryn… Ol wagt döwür şeýledi. Obadaş gyzlaryň nirede okasa, senem şol ýerde okamalysyň öýdülýärdi. Tötänleýin, ýürekden berilmedik ýaşlaryň az däldigi gowy kadrlaryň gytçylygyny döredýän bolsa gerek» diýip aýdan sözlerini okapdym. Bu onuň her bir zada juda inçelik bilen garaýanlygy. Şonda-da ol turuwbaşdan içgi joşguny arzuw-hyýaldan doly bolansoň, arzuwyna ýetmek üçin ylahy zehini, yhlasly zähmeti bilen meşhur boldy. Ol ýeňil bolmadyk ykbalyndaky kynçylyklary diňe çyn zehini hemem ýadawsyz zähmeti, mertligi bilen ýeňdi. Paýtagtda kireýne ýaşaýan jaýyndan göçüp gonmak, bir topar çyrçykly ýaş çagalaryň ejesi bolmak, syrkaw ýan ýoldaşa seretmek, üstesine döredijilige hem «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýän juda inçe sungat bilen özüňi ykrar etdirmek hemmä başartjak iş däl — diýip gürrüň berdi. Ol hakda aýdylýan gürrüňler diýseň täsir etdi.
Arhiw maglumatlaryny öwrenemde Baýram aganyň oňa bagyşlap ýazan ýene bir goşgusyna gabat geldim. «Türkmenistan» gazetiniň 2018-nji ýylyň 10-njy awgust sanynda çap bolan «Keşdeler» atly goşgusynda şahyr:
«Tegbendiň» bar, ýene näçe nusgaň bar,
Ogulbaýram ýaly meşhur ussaň bar.
Sende görer gözüm Türkmenistan bar,
Ýoluň dowam owal-ezel, keşdeler — diýip taryp edýär. Ogulbaýram Kulyýewa 1938-nji ýylyň 5-nji fewralynda Gyzylarbat şäherinde doglan. Halypa şahyr bu goşgusyny onuň 80 ýaşyna gutlag hökmünde ýazan bolmaly. Ynha, bu setirler bolsa şahyr Bahargül Kerimowanyň goşgusyndan bir bent:
«Nalamaň ýok, zeýrenmäň ýok, dogrusy,
Seň özüň hem durmuşyň bir nagşysyň.
Ykbal seni pes päl edip ýaradan,
Beripdir hünärleň iň bir ýagşysyn». Şu goşgy setirlerdenem Ogulbaýram gelnejäniň pes päl, ýöne juda gaýratly, sada keşbi göz öňüňe gelýär.Ýazgylaryň arasynda belli ýazyjy Nargylyç Hojageldiýewiň ýazan makalasy-da bar. Ol: «Ogulbaýram Kulyýewa türkmen sungatynyň öň ýörite bir ugry hasaplanmadyk täze bir ugruny döretdi, ösdürdi, kämilleşdirdi. Keşde äleminiň soltany bolup ýetişdi. Bütin ýurdumyzda meşhurlyk gazandy. Türkmende: «Daşa çyksaň, dag görner» diýen parasatly nakyl bar. Meniň şol pikire kybabrak bir pikiri gaýtalasym gelýär. Dogrusy, şol pikiriň manysyny özümçeräk aýtmak isleýärin. Daga çyksaň onuň aňyrsynda has belent dag görünýär. Men Ogulbaýramy şol daglaryň iň çür başy hasaplaýaryn. Ogulbaýramy Saçly Dursunowa, Sona Myradowa, Täçbibi Gapurowa ýaly türkmeniň tüýs ägirt aýallary bilen bir hatarda goýmaga çekinjek däl. Ogulbaýram türkmen aýal-gyzlarynyň dünýäni haýran galdyran çeper hünärini ýöne bir dowam etdirmedi, öz ýoly bilen gitdi, ony öz ugry bilen ösdürdi, baýlaşdyrdy» diýen bolsa, meşhur suratkeş Juma Rejebow: «Ogulbaýram surata suratkeşiň gözi bilen seredýär. Zenan nepisliginem üstüne goşar welin, birkemsiz eser döreýär» diýip, onuň döredijiligine halypa hökmünde baha berýär.
Şahsy arhiwimde Ogulbaýram gelneje hakynda bir mahal öýlerine ýörite söhbetdeşlige baranymda ýazan makalam bar. Gowşak görlüp metbugatda çap bolmandy. Şol makalamy gaýtadan gözden geçirdim. Ol şonda şeýle gürrüň berdi: — Ejemiň ady Amantäç, kakamyň ady Çaryýarguly. Gyzylarbatly bolsaň belki eşidensiň. Men maşgalamyzda onunjy çaga. Ejemiň el işleri bilen meşgullanyp dokaýan halylary kiçiligimden gyzyklanma döretdi. Çagalygym hakynda, maşgala durmuşym hakynda, käbir nagyşlarymyň döreýşi bilen bagly ýatlamalarymy metbugat sahypalaryndan mümkin öň okansyňyz. Oglum ýaramansoň ony Gara deňze äkitmeli boldum. «Möwjüm», «Kowçum», «Daşgyn» atly nagyşlarym deňiz tolkunlarynyň täsin oýunlaryny synlanymda, «Ýedigen» nagşym garyndaşlarymyň biri operasiýa bolanda, ödünden aýrylan daşjagazlary synlanymda döredi. Ýöne men size başga bir pursady gürrüň bereýin. Bir gije Magtymguly atamyz düýşüme girdi. Şahyryň belent baýryň üstünde gollaryny ýeke dyzynyň daşyndan aýlap, uzakdan nazar salyp oturan keşbini gördüm. Şondan soň mende onuň keşbini hala geçirmek pikiri döredi. Öň hiç kimiň portretini dokap görmändim. Şonda-da öz pikirimden dänmedim. Mekdepde okan döwrüm ussat suratkeş Juma Rejepow surat sapagyndan mugallymym bolupdy. Men oňa gören düýşümi gürrüň berip pikirimi aýtdym. Ol pikirimi oňlap Magtymguly Pyragynyň keşbiniň eskizini çekip berdi. Onuň kononik suratyndaky stolunyň üstünde goşgy setirleriniň bolmagyny isledim. Onsoň uniwersitetde bileräk okan tanşym Wadim Sergeýew bilen maslahatlaşdyk. Ol türkmençäni, arapçany suwara bilýärdi. Şol döwürde belli terjimeçi hasaplanýan Wadim goşgy saýlamaga-da, şahyryň «Daň atmazdan burun» atly goşgusynyň iki bendini arap elipbiýine geçirmäge-de kömek etdi. Halyda her reňkiň birnäçe görnüşlerini ulandym. Jemi 38 görnüş reňkdäki ýüp gerek boldy. Portret halynyň boýy 1 metr, 40 santimetr, ini 90 santimetr ölçegde boldy» diýip halyny öňümde ýazdy-da:
«Bu halynyň ýanynda durup teleýaýlymda çykyş etdim» diýip gürrüň berdi. Ol lukman Hekimiň, Muhammet Pygamberiň haly portretlerinem dokapdyr.
Ondan bäri kän ýyl geçdi. Ýakynda onuň öýlerine gaýtadan söhbetdeşlige bardym. Bu gezek ol kän bir gürrüň bermedi. Özüniň dürli ýyllarda çap bolan kitaplaryny öňümde goýdy-da: «Gerekli maglumatlaryňyz ynha, şu kitaplarda bardyr. Indi dokuz onlugy tegeläp barýas. Hemme zat ýadyma-da düşüp baranok. 1957-1962-nji ýyllarda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetinde okadym. Onunjy synpda okaýarkam ýurdumyzyň belli medeniýet sungat wekilleriniň hatarynda Gyzylarbatdan üç bolup: haly artelden bir aýal, olaryň çeper ýolbaşçysy hemem men türkmen medeniýetiniň Moskwada geçirilen on günlügine gatnaşdyk. 1980-nji ýylda Moskwada geçiriljek çeper höwesjeňleriň bütinsoýuz festiwalyna hemme ýerlerde taýýarlyk görülýärdi. Şol ýyl meniň keşdelerim barada «Mydama bahar» atly çeper film surata düşürildi. Film Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginde, öýmüzde, Çülüde surata düşürildi. Bu film festiwalyň geçýän günlerinde, soň-soňlar hem Türkmenistanyň teleýaýlymlarynda görkezildi. 1983-nji ýylda Aşgabatda geçirilen 1-nji Bütintürkmen amaly-haşam sungatynyň festiwalyna gatnaşdym. 1993-nji ýyldan bäri hormatly dynç alyşda. 2004-nji ýylda meni Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul etdiler. 2017-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» atly medal bilen sylaglandym. Başga gyzyklandyrýan sowalyňyz bolsa aýdyň ýadyma düşeninden gürrüň bereýin» diýdi. Men onuň dokan haly portretlerini synladym.
Bir ýarym metrlik keşdelenen portretem bar eken. Tüweleme! Entek beýle nepisligi ýakyndan synlamandym. Özümiňem zenan el işlerinden başym çykýar, ýöne gelnejäniň çeperligine gözüm degmesin. Näçe ýyl mundan öň gaýalan keşde portretiň ýap-ýaňy keşdelenen ýaly lowurdap durşuny diýsene. «Her bir zatda hasap bar» diýleni. Aýdym-sazda-da, haly dokalanda-da, gaýma gaýalanda-da, keşde çekilende-de…Haly portretde şekilleriň dürs bolmagy üçin matematiki hasap bilen dokalýar. Keşde çekilende-de dogrusy, nagyşlaryň bir endigan bolmagy üçin, her nagşyň ýeri çyzylýar. Emma portret keşdelenende ol bütinleý başgaça bolýan eken. Adamyň egin başy edil haly dokalandaky ýaly matematiki usulda keşdelenipdir, ýöne ýüz keşbi suratkeşiň galam ýöredip reňkleýşi ýaly keşdelenipdir. Haly şekilindäki portret keşdesini synlanyňda topragy, gyra nagyşlary, gyra dolagy her haýsy aýry-aýry sanjym bilen tapawutlandyrylypdyr. Bu keşde eseri görmäge göz gerek, taryplamaga-da söz. Şonuň üçin makalamyň ahyryny Ogulbaýram gelnejäniň jorasy, şahyr Annasoltan Kekilowanyň: «Ogulbaýram, senden gowy aýdymçy çykmagam mümkin, ýöne seniň ähli jadyň şu eýjejik barmajyklaryňdadyr. Seniň barmaklaryň ýönekeý däldigini öňünden aýdaýyn, bir gün geler, meniň şu aýdanlarymyň dogrudygy hakynda gürrüň ederis» diýen sözleri bilen jemlemegi göwne laýyk gördüm. Sebäbi öňden görüji şahyra bu aýdan sözleriniň hakykatdygy dogrusynda söhbet etmek miýesser etmedi. Şonuň üçin Ogulbaýram gelnejäniň abraý mertebesini arşa göteren jadyly barmaklarynyň söhbedi hakda gürrüň edenimizde indi biz ol hakda ajaýyp sözleri aýdyp giden mähribanlarymyzy hem bile ýatlaýarys.
Akgül Saparowa.