SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Nýu-Ýorkda örtük dakynmak zerurlygy aradan aýryldy

ABŞ-nyň we dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolan Nýu-Ýork şäherinde koronawirus ýokanjy başlanan 2022-nji ýyldan bäri geçen 2 ýyldan soňra ýapyk ýerlerde agyz-burun örtügini dakynmak zerurlygy aradan aýryldy. Bu barada berlen habara görä, örtük dakynmak babatdaky hökmany talap ýatyryldy.

Muňa garamazdan, hassahanalarda, garrylar öýünde, mekdeplerde, çagalar bagynda, köpçülikleýin jemgyýetçilik ulaglarynda, howa menzillerinde we uçarlarda örtük dakynmak hökmany bolmagynda galýar.

Şeýle hem Nýu-Jersi, Kaliforniýa, Konnektikut, Delawer we Oregon ýaly ştatlarda hem agyz-burun örtüklerini hökmany dakmak talaby ýatyryldy.

Massaçusets ştatynda bolsa, fewral aýynyň ahyrynda mekdeplerde örtük dakynmak ​​talaby ýatyrylar.

Häzirki wagtda Ýewropanyň hem birnäçe ýurtlarynda koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler gowşadylýar. Şeýle ýurtlaryň hatarynda Daniýa, Şwesiýa, Italiýa, Beýik Britaniýa bar.

 

 

Fulbraýt Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi