ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Nurberdi Gulow: çopan ýolunyň ussady

Teleýaýlymda hoş owaz bilen aýdylýan aýdym bar ünsümi özüne çekdi.

«Eje meni üwresene,

Şol köneje sallançakda.

Aýnajak men bäbek bolup,

Sallançakda, sallançakda…» diýip Türkmenistanyň at gazanan artisti Gerek Hojamämmedowa aýdym aýdyp otyrdy. Şol pursadam öýümize bir mahal bile işleşen gelin geldi. Ol işikde duran ýerinden «ýuwaş» diýen äheňde eli bilen düşündirdi. Aýdym tamamlanansoň, saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Ýaňky aýdym aýdan gelniň artistlik ukybam güýçli welin, aýdyma-da juda ýakymly sesi bar» diýdi. Aý, onuň aňyrsynda bagşy Nurberdi Gulow bar ahyry diýdim. Ol: «Hä, şeý diýsene» diýdi-de: «Ýada düşýär ilki söýgim, kempir bilen çaý içemde…» diýip hiňlendi. Iki bolup Nurberdi aganyň aýdymlaryny ýatladyk.

— Ýadyňa düşýämi, haly artelde işleýärkäk fabrigiň diwaryndan asylgy duran kiçijik radio bardy. «Nurberdi Gulow aýdym aýdýar» diýilse, kärdeşimiz Amandursun gelneje her gezek: «Darak kakmaňyzy goýuň! Ýuwaşyrak oturyň, Nurberdi dädem aýdym aýdýar» diýip, eli keserli ýerinden turup, radio gulagyny degrip diýen ýaly diňlärdi. «Däde» diýensoň, bizem onuň garyndaşydyr öýderdik. Soň görüp otursak ol onuň aýdymlarynyň aşygy eken. Degişgen gelinler oňa: «A gyz, adamyňam ýok, beýdip radio gulagyňy tutup oturma-da Nurberdi aga baraýmaly ekeniň, başy boşmuş» diýip degerdiler. Olam degişmäni gowy görerdi.

— Aýdymy üçin barardym, ýöne ýaşuly meni bir aýdymyna-da alasy ýok — diýip özlerinden beter bolýardy.

— Hawa-la gyz. Wiý, ýogsa-da, Nurberdi aganyň dogrudanam aýaly ýokdumyka? Bende:

«Sen bagtymyň açary,

Buza döndi içeri,

Ýyldyz kimin göçerin,

Sen bolmasaň ýanymda» diýip aýdym aýdanda-ha, zaryn aglap aýdýardy — diýdi.

Aýaly görgüli 1975-nji ýylda ýogalypdyr. Nurberdi aga 1917-nji ýylyň 1-nji martynda doglan. Hasaplap görýäň welin, Nurberdi aga 58 ýaşyndaka aýaly ýogalan eken. Türkmençilikde: «Orta ýolda atyň ölmesin, orta ýaşda aýalyň» diýleni.

Bagşynyň aýdymlaryny gowy göremsoň, on-on bäş ýyllykda ol barada makala ýazypdym. Şonda ýaňky aýdym aýdýan artist gelin Gerek bilenem gürrüňdeş boldum. Ol meşhur bagşy Nurberdi Gulowyň agtygy. Şonda ol babasynyň Esenguly etrabynyň Şahman obasynda çarwa maşgalasynda doglandygyny, onuň ýaşlygynyň gadymy Dehistanyň töwereginde geçendigini aýdyp kän zatlar gürrüň berdi. Ol şonda: — Dek düýn oturyp babamy ýatladym. Öz ýanymdan «Saýatly-Hemra», «Şasenem-Garyp» ýaly dessanlaryň ençemesi teatr sahnasynda goýuldy. Emma näme üçindir babamyň aýdan «Aşyk Çaňly» dessany sahna geçirilenokka? — diýip oýlandym. Bu gün bolsa size babam hakynda gürrüň berip otyryn — diýip birnäçe ýatlamalar aýtdy. Bolsa-da, soň «Aşyk Çaňly» dessany esasynda opera goýuldy. Gürrüňdeşligimizde ol:

— Ejem Aýtokga Nurberdi Gulowyň gyzy. Aýry obada ýaşamyzsoň babamlara köplenç myhmançylyga barardyk. Haçan barsak öýleri myhmanlydy. Ejem:  «Öýümiz hemişe şeýledi. Biz kiçiräk wagtlarymyzam welaýatlardan myhman gelerdi. Daňdan oýarardylar» diýip gürrüň bererdi.

Mamam Türkmenbaşy şäherinden. Uruş döwri babam şol ýere işlemäge baranda tanşyp, halaşyp öýlenen. Daýymyň menden iki ýaş kiçi gyzyna Amantäç diýip mamamyň ady dakylan. At dakylan bolansoň babam ony «Owlagym» diýip söýgülärdi. Oňa aýratyn gapda süýji-köke saklardy. Bizem çaga-da, garagolduk. «Amantäç, bar, gitde süýji-kökeli gaby alyp gel. Babam saňa zat diýenok» diýip ony öňe iterdik.

Babam oglan wagty çopan bolup mal bakypdyr. Bir gezek özi ýaly oglan bilen jokrama yssyda çölde suwsuz galýar. Mallary gözegçiliksiz goýmajak bolup, ýanyndaky oglany «suw alyp gel» diýip oba iberýär. Olam çaga-da, özi suw içýär-de, soňam oýna güýmenip babamy ýadyndan çykarýar. Esli salym geçensoň:

— Wiý, men Nurberd-ä suw äkitmändirin-ä — diýýär. Ata atlanyp yzyndan barsalar, babam bir sazagyň kölegesinde suwsuzlykdan seňseläp ýatan eken. Agzyna suw tutýarlar. Gözüni açman, suwly gaba ýapyşyp elini aýyrmandyr. Şonda içinde bir zyýan galypdyr öýdýän. Nahary bütin ömrüne berhizli boldy. Gelinleri gowy edip, aýryja nahar bişirip serederdi. Käwagt gelniň atasy öýünde toý-tomgy bolup, bäş-üç gün gidäýse, babama ejem serederdi welin, «Häk, Amandöwlet gelin gitse, men hor bolýan» diýer eken. Daýzam babamyň berhizli naharyna ökdeläp giden bolmaga çemeli.

Pahyry bir gezek öýümizde dessan aýdyp otyrka diňläpdim. Babam ýuwaşjadan howlukman gürrüň berýärdi. Aýdym aýdanda aýdymyň dünýäsinde ýaşap aýdardy. Günleriň birinde babam Aşgabada gaýdýar. Studiýa girmäge çekinip, eli dutarly gapyda oturyberýär. Beýik halypa Sahy bagşy geläýýär. Ol: «Ogul, eliň dutarly-la kimiň ýolundan aýdýaňyz?» diýip soraýar. «Aý, meniňki bir çopan ýoly diýdim»  diýip gürrüň beripdi. Sahy aga ony studiýada diňläp görýär-de, göwni ýetendir-dä: «Oglum, näme beýdip göwniýetmezçilik edýäň, öz ýoluňy saýlapsyň» diýýär.

Babam hiç wagt, özüni bir üýtgeşik görkezjek bolup, baýlyga gyzmady. Hakykatçy, ynamdar adamdy. Öýüniň daşyndan seredeniňde plan jaýly gowy howludyr. Emma içi juda sada, gadymy durmuşy ýadyňa salýardy. Bir gezek ejem oňa: — Kaka, özüňi «Nurberdi Gulow» diýip ýurda tanatdyň. Nurberdi Guluň jaýy, Nurberdi Guluň maşyny ýalam diýdirsene — diýdi. Şonda ol: — Il halka özüňi aldyryp, halal ýaşa, şondan gowy at bolmaz — diýipdi.Ýogsa ejem babamyň şol zatlary almaga gurby çatýandygyny bilip aýdypdy. Ýöne, dogrudanam il arasynda sylagy uludy. Obada töwella beýlekä-de babamy äkiderdiler, sözi geçerdi.

Pahyr arassaçyl geýinmänem gowy görerdi. Özem hiç wagt satyn alan eşigini «Bolar-la bize» diýip, şeýle geýen ýeri ýok. Hökman tikinçä görkezerdi. Ejemiň ökde tikinçi jorasy bardy. Kähalat şoňa-da bir eşigini iki gaýta düzetdirýän wagty bolýardy.

Etrek bilen Eýranyň arasy gaty golaý, ir döwür bir sebäp bilen babamyň bir aýal dogany, birem erkek dogany Eýranda galan eken. Garaşsyzlyk ýyllary gatnaşyga ýol açyldy. Şonda rugsat berlip Eýrandaky dogan-garyndaşlaram gelipdi. Babam bolsa ýaraman ýatyrdy. «Häk, şu toýuňyza ýarajagymam belli däl, beýdip kösenýärler welin» diýdi. Babamyň 75 ýaş toýuny bellemek üçin welaýat ýolbaşçylary düzlükde ak öý dikdirip, at çapdyryljak diýip, taýýarlyk görüp ýörkä, ertir toý diýlen gijesi ýogalaýdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň berleninem görüp bilmedi, pahyr. Soň 80 ýaş ýubileý toýy döwlet derejesinde bellendi.

Babamyň şonuň ýaly sylag-sarpasyna buýsanýaryn. Familiýam aýry bolansoň bilenokdylar. Talyp wagtym mugallymym Aman Gurbandurdyýew: — Sen Nurberdi Guluň obasyndan ekeniň-ä — diýip sorady. — Men onuň agtygy-da — diýdim. Ol: — «Bibiniň» aýdymyny diňlänimde ýaşlygyma dolanýan — diýipdi. Şeýle sungat ussadynyň agtygy diýilmegime depäm gök diräpdi» diýdi.

Ýakynda Gerege ýene-de jaň edip, Nurberdi aganyň nesil dowamaty barada soradym. — Babamyň iki ogul üç gyz perzendi bardy. Häzir bir ogly, iki gyzy, on sekiz agtygy, kyrk dört çowlugy, dört ýuwlugy bar. Babamyň ady dakylan çowlugy Nurberdi hem onuň inisi Güýçberdi babamyň aýdym-saz sungatyny dowam etdirýärler. Daýym Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gulmergen Gulow nesip bolsa ýene iki ýyldan 70 ýaşaýar — diýip ýatlady. Onuň gürrüňlerini diňläp oturyşyma goňşymyz, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Mämmet Orusowyň (jaýy jennet bolsun!) gürrüňleri ýadyma düşdi. Mämmet aga pahyr her gün diýen ýaly öýümize gelerdi, ýa-da biz olaň öýlerine oturmaga barardyk. Bende mydama dutar gyjak çalardy. Bagşy-sazandalar bilen bagly gürrüňleri aýdardy. Şu günki ýaly ýadymda. 1992-nji ýylyň 1-nji maýynda Nurberdi Gulow ýogaldy. Şonda Mämmet aga gaty gynanyp öýümize geldi. «Beýik bagşymyzyň ýene biri aramyzdan gitdi-dä…» — diýip, bendäni ýatlady. Ol: — Nurberdi aga bilen ilkinji gezek otlynyň üstünde tanşypdyk. Aşgabada aýdymlaryny ýazgy etdirmäge gelýän eken. Joşup bäş-üç aýdym aýdyp berdi. Menem gapdalynda gyjagyny çaldym. Onuň bokurdagynda gaýnadyp aýdýan her bir aýdymyna, çasly jukguldysyna gyjagym bilen eýerjek bolýardym. Bagşynyň uly bir alamatdygyna akylym çatyp endamym jümşüldeýärdi, duýgym depäme urýardy. Bu ahwaly öň sygan bagşy lakamly Orazgeldi Ylýasyň ilkinji gezek gapdalynda gyjagyny çalamda-da başdan geçiripdim.

Aýdym-saz bilen Aşgabada nädip ýetenimizem duýmandyrys. Hoşlaşyp gaýtjak wagtymyz Nurberdi aga maşgala ýagdaýymy, näme kär edýänimi sorady. Soňundanam «Gyjakçym goşun gulluga gidýär. Gyjakçydan kösenýän. Gyjakçym bol, Etrege gideli. Şol ýerde öz öýümiň gapdalyndan öý dikip öýlendireýin, toýuňam özüm sowaýyn» diýipdi. Ýöne her kişiniň öz durmuş ýoly, görjek nesibeli günleri bolýar. Arzuwlaryň bary hasyl bolup duranok… Ondan bäri nijeme çarşenbeler başdan geçdi. Nurberdi aga bilen soň-soňlaram köp gezek duşuşypdyk. Imany hemra bolsun, bendäň! — diýip doga dileg etdi.

Nurberdi aga hakynda Türkmenistanyň halk artisti Nurýagdy Baýramow bilenem gürrüňdeş bolupdym. Pahyrlaň häzir hiç birem aýatda ýok, ýöne ýatlamalary welin ýadymda. Ol: — Nurberdi aga aýry ýol döreden halypa bagşy. 1968-1995-nji ýyla çenli teleradio ýaýlymyň Çary Täçmämmedow adyndaky halk saz gurallar ansamblynda bagşyçylyk etdim. Nurberdi aga köplenç ýazga gelerdi. Adamkärçiligi ýokary, pespäl adamdy. Sazandalar Tugur Berdinyýaz, Ata Ably, Saparguly Işanguly, Garýagdy Aly, Ýagmyr Nurgeldi sazandarlyk etdiler. Nurberdi aga bilen şol döwürlerdäki hasyl toýlara giderdik. Dessan aýdanda-da şagalaňly, aýdym aýdanda-da joşgunly aýdardy. Ady belli köp şägirt ýetişdiren halypa. Aşyr Gurban, Akmämmet Nurmämmedow, Rejepguly Kerim ýaly ençeme şägirtleri bilen duşuşyklarda bolmak miýesser etdi — diýip, buýsanç bilen ýatlapdy. Nurberdi aga hakynda aýdylýan gürrüňleri diňläniňde onuň nähili adam bolandygyna göz ýetirip bolýar. Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew Nurberdi agany ýatlandan gülüp başlady. Ol:

— Nurberdi aga degişgen adamdy. Bir toýda bile oturdyk. Gylyçberdi Mejidow diýen obadaşy ogul öýerende. Pahyr şol toýa şägirdi Aşyr Gurban bilen bardy. Päliniň pesligi. «Öň nädip aýdym aýdanymy bilemok, men indi bagşy boldum» diýýär.

Nurberdi aganyň Eýranda garyndaşlary bar eken. Gatnaşyga ýol açylanda ilkinji günler Eýrana barýar. — Nurberdi däde siz ol ýerde kim bolup işleýäňiz? — diýip sorapdyrlar. Bütin ömrüne diýen ýaly sazçylyk mekdepde işlänsoň: «Bilim ugrunyň weziri» diýýär. Bibi Pälwanowa-da şol wagtlar magaryf ministri. Onsoň ondan: «Nurberdi däde siziň eliňizde işleýärmi?— diýip soraýarlar.

— Hawa — diýse: — Bolasy radiomyzy haçan açsak, Nurberdi dädem «Bibi» diýip dur diýdikle — diýip, soň men Eýrana baramda gürrüň berdiler. «Nurberdi dädäniň ýoly» diýip Eýranda-da şeýle gowy diňlenýän eken. Nurberdi aga ussat kompozitoram. Öz döreden sazlaryna ençeme aýdymlaryny ansambla ýolbaşçylyk edýän döwrüm komissiýadan geçirip, efire rugsat edipdim. Kompozitor Orazgylyç Gurbannyýaz onuň ilkinji gyjakçysy bolan. Takyk ýyly ýadyma düşenok. Nurberdi aga bilen Ilaman Annaýew ikisine — iki ussada bir wagtda «Türkmenistanyň Halk bagşysy» diýen hormatly at berlipdi. Ozalky Mollanepes adyndaky teatrda baýrak gowşurylyş dabarasy bolupdy. Nurberdi aga Pürli Saryýew bilen ir döwürden gowy gatnaşykda bolan. Pürli aga oňa gaty uly sarpa goýýan eken. Şolar ýaly beýik halypalar şeýdip hormat goýup bilýän bolsa, diýmek Nurberdi aga ýatlanmaga aňry ýany bilen mynasyp halypadyr — diýdi.

Halypalar mamla. Muňa Nurberdi aga bakyýete göç edenden soň, ýazylan arhiw ýazgylardan hem göz ýetirip bolýar. Milli sungatymyzyň meşhur wekilleriniň aýdan sözlerini tolgunman okamak mümkin däl. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1992-nji ýylyň 8-nji maý sanynda ýazylan makalalardan käbir parçalar aýdyň subutnama:

Türkmenistanyň halk artistleri Ata Ablyýew: «Aýdym-saz diýilýän ýol-ýol, ugur-ugur bolup Nurberdi Gulam şolaryň uly şahasynyň eýesi, uly ýoluň uly halypasy. Şol ýolda şonuň özünden öňe geçjek bagşam ýok diýsem ýalňyşaryn öýdemok»,Ýagmyr Nurgeldiýew: «Ol uly halypa bolmak bilen, günbatar raýonlarda köp şägirtleri ýetişdirdi. Nurberdi aganyň bize miras galdyran aýdym-saz ýoly ýurdumyzda täze açylan konserwatoriýada öwrenilip, ýene-de şol ugurdan aýdym aýtjak ýaşlaryň köpelmegine alyp geler. Has dogrusy, uly ussadyň ýoly asyrlarboýy döwam eder», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Orazgylyç Gurbannyýazow: «Nurberdi Gulow ilki Çowdur körüň, Magtymguly Garlynyň, Sahy Jepbaryň aýdýan aýdymlaryny aýdardy. Ýöne ol soňabaka özbaşdak ýoluň gözleginde boldy. Onuň ýanynda ýedi ýyl gyjak çalamsoň, men oňa gaty belet, käwagtlar «Sonam geldimi», «Sen ýetir», «Bibi» ýaly aýdymlar seniň öz döreden aýdymlaryň ahyry — diýemde ol maňa: — Bally, halk şeýlekinem ol aýdymlara «Nurberdiniň aýdymlary» diýýär ahyry — diýip jogap berýärdi. TSSR Medeniýet ministrliginiň wekili hökmünde onuň döreden on sany aýdymyny nota geçirmek üçin Gyzyletrek etrabynda komandirowkada boldum. Şol aýdymlaryň hemmesi ministrligiň medeni aň-bilim edaralary uprawleniýesiniň repertuar-redaksion kollegiýasy tarapyndan kabul edildi. Gyzyletrekde altmyş ýaşymyň toý dabarasyny geçirenlerinde Nurberdi aganyň öz döreden aýdymlarynyň on sanysynyň nota ýazgysyny alyp baryp, şol dabarada halypanyň öz eline hormat bilen gowşurypdym. Muňa çaga ýaly bolup begenen Nurberdi aga: «Gel, indi seniň toýuňda birki sany heň-de gaçyryp bereýin» diýip, şonda birküç sany aýdym aýtdy. Onda-da nä aýtmak! Soň-soňlar märeke: «Nurberdi aga soňky aýlar aýdym aýtmasyny goýup ýördi welin, aýtman ýöreniniň essesini çykardy şu gezek» diýip ýatlady. Şol gezek Nurberdi aganyň iň soňky sapar aýdym aýdyşy eken…», Halypa şahyr Kasym Nurbadow: «…Gör, pelegiň oýnuny. Bagşynyň 75 ýaş toýy diýip gaýdyp, ony soňky ýoluna ugratmaga gatnaşmaly boljagyň, heý, ýadyňa oýuňa düşýän zatmy?

Erte-birigün boljak uly toýdaky ýaryşa seýislenip ýören, bedew atlaryň ýüzlerini gaýrak tutup, başlaryny aşak salyp baryşlaryny göreniňde, damagyň dolup, iniň dyglap, ýüregiň gyýym-gyýym bolup gidýärdi…

Merhumyň jynazasy çykylmaga durlanda, gökden birazajyk ýagyş sepeledi. Gölegçiler gonamçylyga ýetip, tabyt çukuryň gyrasynda goýlup merhumyň üstündäki örtenje sypyrylanda-da ýene birneme seçelendi. Doganda-da nur ýagdyryp, Nurberdi ady şondan galan adam bu dünýäden gidende-de nur ýagdyrdy…», bagşy Ýegendurdy Nejebow: «Ol milli türkmen aýdym-saz sungatynyň uly wekilleriniň biridi. Onuň Etrek etrabyndan çykan owazy bütin asmany ýaňlandyryp, Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasyna dolupdy. Nirede bolsaň-da, şol ýerde aýdym-saz hakda söhbet açylsa Nurberdi Guluňam ady hökman agzalaýmalydyr. Biri ony ussat bagşy diýip atlandyrar, ikinjisi onuň özüne halypalyk edendigini ýatlar, üçünji biri bolsa, oňa şägirt bolmaga höwes bildirer. Halkymyzda: «Aýakda bolandan agyzda bol» diýlen pähim bar. Nurberdi aga eline dutar alaly bäri, agyzdaky adam boldy. «Nurberdi Guluň ýoluny» döredenligi bilenem, ol Ýürekdäki adama öwrüldi. Ýüreklerde ýaşaýana bolsa ölüm ýok», Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aşyr Gurbanow: «…Nurberdi aga gaty aladaçyldy, şägirtleriniň diňe aýdym-saz barada däl, ähli ugurdan aladasyny ederdi. Gerek bolan halatynda ruhy, maddy kömeginem bererdi. Seň habaryň ýokdur, görseň, seni işe ýerleşdirmegiň, hojalygyňa zerur zatlaryňy tapmagyň aladasyny edip, meselesini çözüp goýandyr. Senem ýaş oglan utanarsyň. Ol bolsa: «Utanma öz başymyzdanam geçdi. Aýdym-saza çynlakaý çemeleş, häzir seniň bar aladaň şol bolmalydyr» diýerdi. Halypa türkmeniň milli aýdym-saz sungatynda ýitmejek yz goýdy, şol yz hem «çopan ýolundan» başlanyp, «Nurberdi Guluň ýoly» boldy», hudožnik Amangeldi Hydyr: «… Nurberdi aganyň 75 ýaş toýuna niýetläp taýýarlaýan portretimiň has kämil bolmagy üçin, bir hepde öň hem Gyzyletrege baryp, ýene-de bir gezek onuň ýüz keşbini, gözlerini ellerini synlap, taslamalary çekip otyrkam hem diňe toýuň pikirindedim. Şonda Nurberdi aga: «Janyňa döneýin, bu dünýä baky gelen-de ýok, bu dünýäden doýan-da ýok, ýöne adamçylykdyr bolmasy iş bolaýsa-da, toýy toýlabersinler…» diýdi», saz öwreniji Akmuhammet Aşyrow: «Ol uly bagşydy. Aýdym-sazymyzyň özboluşly uly ýolunyň eýesidi. Halypa bagşy diýilýänleriň biridi. Nurberdi Gulow märekeçil, gürrüňçil adamdy. Öwünjeň bagşylaň hilinden däldi. Aýdym-sazdan gürrüň edilende: «Aý, biz bir çopan adamsydyrys» diýerdi».

Görşümiz ýaly meşhur halypalaryň Nurberdi aga beren şu hili beýik bahalary onuň miras goýan ýolundan aýdym aýdýan bagşylar ýaly köpelip barýar. Arada kompozitor Orazgylyç Gurbannyýazow hakynda makala ýazanymda, gyzy Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa özüne ýürek ýazgysy ýazylyp berlen «Mukamly ömürler» atly kitaby: «Sen ýazyp ýören adam, şu kitap sizde dursa has göwnüme laýyk» diýip uly hormat bilen sowgat berdi. Kitapda Nurberdi Gulow hakynda-da ýazylypdyr. Awtor Mämmetgurban Geldigurbanow:

«Nurberdi halypany ilkinji gezek 1948-nji ýylda agitbrigadanyň düzüminde bagşy bolup ýörkä dokuz-on ýaşlarymdakam gördüm. Ol wagtlar biz Madawyň demirgazyk tarapynda, «Gyzyl güýç» kolhozynda ýaşaýardyk. Nurberdi aga otuz ýaşlaryndady. Ýanynda Akmeňli bagşy, Mämmetguly bagşy hemde gyjakçy Orazgylyç dagy bardy. Uruşdan soňky kynçylykly döwürlerdi. Ilki Akmeňli bagşy, soň Mämmetguly bagşy aýdyp, onsoň Nurberdi halypa gezek geldi. Onuň turuwbaşdan «Özi galyp aty gelse aglar naçary ýigidiň» diýip ýapballaň heň bilen başlan aýdymy ýanýoldaşdan aýra düşen gelinleriň ýüregini paralap, mekdebiň uly otagyny dolduryp oturan märekäniň kalbyny gozgalaňa salany, eneleriň göz owasyny ýaşdan dolduryp oturany şu günki ýaly ýadymda.

1952-nji ýylda ykbal bizi Akýaýla obasynyň günbataryndaky Ýarymtyk diýen ýere getirdi. Nurberdi halypanyň ejesi Jemal eje, dädesi Gulmergen aga Ýarymtykda ýaşaýardylar. Şo wagt Gulmergen aga 70-den geçen, Jemal eje 70-e ser urandy. Gulmergen aga seňrikmenräk gubaýagyz adamdy, başy ýapmaç telpekli, egni güpbüli, ak köýnek-balakly gezerdi, oňa Gul seňrik hem diýerdiler. Agaç öýde ýaşardylar. Gul aganyň uly Ýarymtygyň gündogar düýbünde sowmasy bardy, gamyş ýetişdirerdi. Ýaz aýlary gawun-garpyz ekerdi. Eşeklije mydam şoňa gatnardy. Jemal eje öýde towuk saklardy. Öýlerinde kiçeňräk dutar asylgy durardy. Gul aganyň käte dutaryny tiňňirdedip oturanyny görýärdim. 1954-nji ýylda Akýaýladaky ýedi ýyllyk mekdebi tamamlap, Etregiň merkezindäki mekdep-internada okuwa geldim. Şol wagtlar Nurberdi aga etrap medeniýet öýüniň «Pionerler» öýünde çagalara aýdym-sazdan tälim berýän çeper ýolbaşçydy. Klasdaşlarym Meret Annaýew, Nurýagdy Zypdalyýew dagymyz onuň gurnagyna gatnap başladyk. Nurberdi aga gaty talapkär, ynjyk, berk düzgün tertibi halaýan adamdy. Hepde-de 3-4-gün sapak geçerdi. Halypa herimiziň ýekän-ýekän aýlanyp, dutarymyzy düzüp, perdelerden inip-çykmany, kakuwy, soň-soňlar ýeňiljek sazlary üýşüp çalmagy öwrederdi. Her kimiň ukybyna üns bererdi. Şeýdibem ol saza ukyplyrak oglanlary alyp galyp, göni garşysynda oturdyp başarnygyna görä aýdym saýlap, olar bilen  ýekelikde türgenleşik geçerdi. 1954-nji ýyldan başlap ömrüniň ahyryna çenli gatnaşykda boldum. Çilim çekip ýa-da arak içip, nas atyp ýörenine duşmadym. Egninde içliksiz tämiz kiteli bolardy. Ilki stalin papakly, soňlar çal gulakjynly gezdi. Orta boýly, gazak ýüzlüräk, gubaýagyz adamdy. 1966-njy ýyllarda adygyp ýören wagtlary Annaesen gyjakçy, Hydyr gyjakçy, Sapargylyç gyjakçy ýogalýar. Orazgylyç gyjakçy Aşgabada okuwa gaýdýar. Şonda ol gyjakçydan kösenýär. Onuň nazary obada Berdi Polat oglunda saklandy. Onsoň onuň kakasy bilen maslahatlaşýar. Kakasy ogluna gyjak alyp berip ak ýol arzuwlaýar. Şeýlelikde 13-14 ýaşly Berdi Nurberdi aga 50 ýaşlaryndaka ýanynda şägirt bolýar. Halypa bir eli bilen  öz dutaryny kakyp, bir eli bilen Berdiniň gyjagyny düzüp oňa gyjak çalmagyň ähli tilsimlerini öwredýär.

1989-njy ýylda Jebele toýa çagyrdylar iki ulag bolup bile gitdik. Şonda Etrekden günbatara ugur alyp gidip barýarkak ýolda ol daş- töweregi synlap barşyna ýaşlygynyň şol ýerlerde geçendigini ýatlap: «Biz-de garrasak garraýan bolmaly, tebigat-da garraýan bolmaly-ow» diýip ýuwaşja pyşyrdady. Töweregine elini uzadyp: «Ol oýtaga «syzaly oýtak», ol oýtaga «ýowşanly oýtak», ol oýtaga «ýandakly oýtak» diýerdiler. Ol oýtaklaryň oty düýäň garnyna ýeteňkirlärdi, indi ol nowgandan nam-nyşan ýok» diýip gynanç bilen aşak bakdy.

Nurberdi halypa keselhana düşende häli-şindi jaňlaşyp hal-ýagdaýyny soraýardym. Soňky gezek 28-nji aprelde günüň soňunda soramaga bardym. Daşynda hossarlary üýşüp otyrdy. Salamymy bagşy dälde başgalar aldy. Men onuň göni öňünde oturdym. Gözüni açman ýatyrdy. Birden gözüni çala açanda gözi düşüp: «Bally senmi?» diýip ýene gözüni ýumdy. Bu biziň bir-birimizi iň soňky görşümiz boldy. Halypanyň ellerini gezekli-gezegine owkalap, dutaryň 13 perdesini yazarlap, ençeme toýlarda halka şatlyk paýlan barmaklarynyň mejalsyz galanyna gaty gynandym.

Nurberdi halypa aýdym aýdylanda goşgynyň dogry aýdylmagyna uly ähmiýet bererdi. Käte öz-özi käýinip gaharyny daşyna çykaranyny duýman galardy. Gurban şahyryň «Keýik han» diýen goşgusyna aýdylýan aýdymy «Keýki han», «Keýkil han» diýip aýdylanda şeýle diýerdi: «Bu goşgy Etrekli Gurban şahyra degişli. Keýik Gurban şahyryň we Çowdur bagşynyň döwründe Garrygala sebitlerinde ýaşan türkmenleriň eýmir taýpasyndan bolan Nagdanly diýen adamyň maşgalasy bolmaly. Ol maşgala myhmansöýer bolup, Çowdur bagşynyň, Gurban şahyryň myhman ýeri bolupdyr. Şahyr onuň adynyň bognuny goşga laýyklamak üçin yzyna han diýen sözi goşup Keýik han diýip alypdyr. Emma ony dürli hili edip üýtgedýärler. Aýdymyň aňyrsynda ilhalar bolan Keýik eje ýatyr ahbetin» diýip nägilelik bildirerdi. «Bu goşgyny Gurban şahyr we Çowdur bagşy köp duz iýen şol ojagyny hormatlap, ýadygärlik hökmünde aýdymyň üsti bilen ile ýaýypdyr. Dogry aýdylsa gowy boljak » diýerdi.

Bagşynyň «Haly Bibiniň», «Bibiniň sallanyp gezen ýerleri», «Ýandyrdyň Bibi», «Geňlik», «Näme berem söýünjiňe», «Aga jan, arabyň gyzyn bereýin», «Tapa bilmen ýar seni», «Sil biläni», «Dag saýar», «Janymyň jananasy» ýaly il içinde meşhurlyk gazanan aýdymlary sanardan kän. 1970-nji ýyllarda Arazberdi Babanyýazowyň «Sallan dilber bäri gel», Nurgeldi Çakanowyň «Sen bolmasaň ýanymda», Çary Gurbangylyjowyň «Kempir bilen çaý içemde», Taganmyrat Goňurowyň «Ýazy bilen», Mämen Hasylowyň «Çopan dostum», Hajarbibi Nepesowanyň «Düýäm» diýen goşgularyna saz ýazyp ajaýyp aýdymlar döretdi» diýip ýazypdyr.

Nurberdi aganyň 1955-1956-njy ýyllarda «Täze güllerde», «Göründi», «Köşgünde», «Galmanam» ýaly aýdymlary radioda ýaňlanyp halk köpçüligine ýetirilýär. Eýýäm şol wagtlar onuň aýdymlaryna meşhur halypalar Berdi Kerbabaýew: «Her bir täzelik gowy zat, ýöne bagşy Nurberdi Gulow ýaly täzeliklere köpräk üns berilse, has-da gowy bolardy», Mylly Täçmyradow: «Berekella, Nurberdi jan, şeýdip başyňy dik tutup, dutaryňy mäkäm gujaklap, «çopan ýoluny» ýerine ýetirişiň her zada degýär. Şu ýolda hiç haçan ýüzüň gyzarmaz, ýoluň ak bolsun. Sen ýazga arkaýyn geliber», Sahy aga: «Türkmeniň aýdym-saz sungatynda öň üç şaha bardy, ynha, indi dördünji şahany Nurberdi Gulow, sen getirdiň. Bu türkmen aýdym-saz sungaty üçin uly üstünlikdir. Şahany timarlamak, şägirt ýetişdirmek, äleme ýaýmak, yhlasyňa, ýadawsyz zähmetiňe bagly bolar», Pürli Saryýew: «Ynha, Nurberdi Gulow türkmen aýdym-saz sungatyna «çopan ýoly» diýen täze ýol getirdi. Gaty şirin, özboluşly ýol. Muny köpeldip timarlasaň, uly ýol bolup, asyrlar aýlanyp Nurberdi Gulowyň ýoly bolup galar» diýip baha berip, geljegine uly ynam bildirýärler.

Ol esasan Magtymguludan, Kemineden, Baýram şahyrdan, Döwletmämmet Balgyzyldan, Mätäjiden, Zeliliden, «Görogly», «Zöhre-Tahyr», «Döwletýar beg» dessanlaryndan aýdymlary ýerine ýetirýär. Bagşy «Aşyk Çaňly» dessanyndan aýdan aýdymlary bilen has-da meşhurlyk gazandy. Ol aýdym-saz sungatynda bitiren hyzmatlary üçin 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy», 1977-nji ýylda «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly atlar bilen sylaglandy.

Nurberdi aga 1935-nji ýyla çenli çarwa çölde mal bakyp gezýär. 1935-1943-nji ýyllar aralygynda kolhozçy bolup işleýär. 1943-nji ýylda goşun gullugyna çagyrylýar we işçi batalýona alýarlar. Krasnowodskiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň düýbüni tutmaga gatnaşýar. Şol ýerde işläp ýörkä-de bagşyçylygyny dowam edýär. Ol ýerde Begmyrat Çary, Meret bagşy dagy bilen tanyşýar. Soňra olar aýdym-saz topar açýarlar. 1944-45-nji ýyllarda Sahy aga Krasnowodskä iş sapar bilen barýar. Ol Nurberdi Gulowy Aşgabada filarmoniýa işe alyp gaýdýar.  Sahy aganyň elinde tälim alýar. Soň 1945-1947-nji ýyllar aralygynda ony Krasnowodsk oblast medeniýet öýünde ansamblyň ýolbaşçysy edip belleýärler. Şo mahallar Aşymämmet Dawudowam 17 ýaşlaryndaka şol ansambla gatnaýar eken. Nurberdi aga 1947-nji ýylda Etrege göçüp barýar. Ol ýerde ilki raýon medeniýet öýünde direktor, soň çeper ýolbaşçy we 1954-nji ýyla çenli Gyzyletrek etrap medeniýet bölüminde dürli wezipelerde işleýär. 1954-1984-nji ýyllarda «Pionerler» öýünde aýdym-sazdan tälim berýän çeper ýolbaşçy, 1984-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli etrap medeniýet öýüniň sazçylyk mekdebinde mugallymçylyk edýär.

Arada halypa ýazyjy Amangeldi Goşaýewe jaň etdim. Ol Nurberdi agany ýüzbe-ýüz diňläp, ol barada «Naýbadaýdyr ýoluň seniň» atly makala ýazandygyny, ýöne kärdeşi Ýazmyrat Belliýewiň: «Sözbaşyny «Soňudagdan başlanan ýol» diýip düzedäýeli. Nurberdi bagşy dana Pyragynyň:

«Dürli-dümen otuň biter,

Her depäň bir ile ýeter,

Hatarlanşyp kerwen öter,

Naýbadaýdyr ýoluň seniň» diýip, wasp eden «Soňudagy» goşgusyndaky ýerlerde önüp ösdi» diýensoň, üýtgetdik.

Şu pursat Nurberdi aganyň gürrüň beren bir rowaýaty ýadyma düşýä. Çopan goşundan Etrege (Gyzyletrek etrap merkezine) tarap ýola düşen agitbrigada ulagy Nurberdi aganyň haýyşy bilen uly ýoluň gyrasynda ösüp oturan ýalňyz agajyň gapdalynda saklandy. Şonda bagşy şol ýalňyz agajyň taryhy hakynda gürrüň berdi. «Bu şaha ýaýradyp oturan ýalňyz agaç, bir mahalky çopan ýigidiň taýagy bolmaly. Göräýmäge bu hekaýat rowaýata meňzeýär, ýöne Nurberdi aga şol çopan ýigidiň adynyň Şirmämmetdigini, ony tanaýandygyny aýdanda welin, munuň hakykatdygyna ynanýarsyň.Ýaş çopan urşa gitmeli bolýar. Malyň yzyna düşüp ýören ýigit ýolda gelýärkä, elindäki çigar taýagyny suwly ýere sançýar. Geň ýeri guraýmaly çopan taýagy gögerýär-de ösüberýär. Elbetde, wagtynda çopan-çoluk suwlap ol agajy ese-boýa galdyrandyrlar. Hawa, çölde ýeke ösüp oturan agaç uruşdan dolanyp gelmedik juwan ýigit Şirmämmet hakda gürrüň berýär.

Nurberdi aga: — Menem çopan ýigit hakda bir aýdymjyk döretdim — diýip, ulag esli arany açansoň dillendi.Ýeke agaç uzakdanam görünýärdi. Agşam, ine şol agaç hem çopan ýigide bagyşlap döreden aýdymyny Nurberdi aganyň agtygynyň aýdyp bermeginde diňledik — diýip gürrüň berdi. Bagşy hakyndaky şeýle söhbetleri diňledigiňçe diňläsiň gelýär, ýöne olaryň ählisini bir makalada ýerleşdirmek mümkin däl…

Akgül Saparowa.

 

 

Ýene-de okaň

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri

Azat Rahmanow: halk döredijiligini halypa tutunan şahyr

Altymuhammet Bähbidow: arheolog Wiktor Sarianidiniň şägirdi

Gurbanjemal Ylýasowa: kämile gol bergen ussat         

Ata Watan Eserleri

Hojaguly Narlyýew: kino sungatynyň ägirdi

Ata Watan Eserleri

Bäşgeldi Garajaýew: Dekorasiýa sungatynyň ussady