DÜNÝÄ

Nowruz baýramy mynasybetli awtobus gatnawy ýola goýlar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi —Awtokombinat» şäherýaka ugrunyň ýola goýulýandygyny habar berdi.

Bu baradaky bildirişde şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň  «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen 2025-nji ýylyň 21-22-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriljek «Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni» mynasybetli baýramçylyk günlerinde 2025-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi—Awtokombinat» şäherýaka ugry ýola goýulýandygyny habar berýäris.

Habarlaşmak üçin: +99361493495;  44-35-20 belgilere jaň edip bilersiňiz.

Related posts

Ozalky döwlet münberi işewürleri kabul ediş merkezine öwrüler

Halypa çapyksuwara «Toyota» kysymly awtoulag sowgat berildi

ABŞ bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda resminama gol çekildi