TEHNOLOGIÝA

“Nokia”-nyň ilkinji 5G telefony

Dünýä belli “Nokia” kompaniýasy özüniň ilkinji “Nokia 8.3” 5G ulgamly smartfonyny köpçülige ýetirmegi meýilleşdirýär. Aslynda bu telefonyň şu ýylyň martynda satuwa çykmagyna garaşylýardy. Ýöne ol birneme yza süýşürildi. Telefonyň iň ýakyn wagtda çykmagyna garaşylýar.

Bu telefon 5G modemli “Snapdragon 765G” ulgamy bilen işlär. Onuň 6 ýa-da 8 GB RAM we 64 ýa-da 128 GB fleş ýady bolar. Smartfon 64, 12, 2 we 2 megapiksel durulykda şekil datçikleri bilen dört kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Öňki kameranyň ölçegi 24 megapikseldir.

Ekrany 2400 x 1080 piksel durulykda 6.81 dýuým diagonalda bolar. “Nokia 8.3 5G” telefonynyň batareýasynyň kuwwaty 4500 mAh-a deňdir.  Onuň bahasy 600 ýewro barabardyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri