Köne gazet-žurnallary okap otyrdym. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1991-nji ýylyň 27-nji dekabr sanynda meşhur artist Baba Annanowyň aradan çykandygyna gynanç bildirip bir topar sungat wekilleriniň ýazan çykyşlary bar eken. Hemmesini okap çykdym. Şondan bäri telim aý geçdi, ýöne ýazgylaryň arasyndan merhum şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy (imany hemra bolsun!) Nobatguly Rejebowyň:
«Ýok, gelmez ol, agla turup, oturyp.
Ýok, gelmez ol, şol sebäplem aglaly.
Barýan ýaly ýürek bagryň soguryp
Hol alyp barýarlar Baba Annany.
Dünýä, näme mydam gözüň ýagşyda
Saýgarmazmyň ýagşy-ýaman balany,
Tüýkürýärin pelek seniň çarhyňa
Ýerine kimi berip aldyň Babany.» diýen iki bent goşgusy welin hiç ýadymdan çykanok. Goşgyny okanymdan gözýaşym nokat goýlan ýaly gazete damansoň biygtyýar aglaýanymy duýdum. Kitaphanaň içinde esli salym göz ýaşymy saklap bilmedim. Onsoň biraz köşeşemsoň öýüme gaýtdym. Birden gapymyz kakyldy. Gapyny açsam: — Salawmaleýkim, gelneje! — diýip oglumyň dosty Tahyr jan dur. Ol ýüzüme seretdi-de: — Näme, ýaramajak bolýaňyzmy? — diýip sowal berdi. Ýok, şükür gowy, ýöne ýaňy kitaphanadan geldim — diýip Nobatguly aganyň goşgusynyň täsirini gürrüň berdim.
Tahyr Mämmedow Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatryň artisti. Ol: — Ýaňy öýlenäýen wagtlarymdy. Bir gün deň-duş oglanlaň biri: «Gaýrat et, sen bir artist adam. Bäş-on sany oglan-gyzlar bolup oturylyşyk etjek bolýas welin, gelip goşgy okap berseň!» diýip çagyrdy. Barsam dört-bäş sany gyz-gelin saçagyň bir gapdalynda otyr, beýleki tarapynda-da dört-bäş sany oglan otyr. «Gel» diýip haýyş eden ýigitden başgasyny tanamok. Şonda söz sözläp ilki monolog aýtdym, soňra-da goşgularyny gowy görüp okaýan şahyrym Nobatguly Rejebowyň «Göwherim» atly goşgusyny ýatdan joşup-joşup aýdyp başladym. Oturanlaň bir gulaga öwrülip diňleýşi hasam joşdurdy. Goşgy uzagrak bolsa-da ähli bendini ýatdan bilýärdim. Soňky bendine ýetdim welin oturan zenanlaň biri: «Aý, oglan, bes edäýsene!» diýip ýüzüni aşak saldy. Asyl ol gyzyň adynyň Göwherdigini iki-üç günden telefon belgimi tapyp jaň edensoň bilip galdym. Ertesi iş ýerime bardym. Nobatguly aga teatrymyzda işleýärdi. Ol zaldan ýöräp barýardy. Onuň bir häsiýeti bardy. Hemişe kellesi pikirli bolansoň, yzyndan ýöräp barýanyňa-da üns berenokdy. «Salawmaleýkim, Nobatguly aga!» — diýdim. Ýalt edip gaňrylyp ýüzüme seretdi-de: — Inim, saglyk-gurgunlykmy? — diýip hal-ahwal soraşdy. Men oňa: «Nobatguly aga, siziň «Göwherim» atly goşgyňyzy okadym welin, oturylyşykda bir nätanyş gyz öz goşgymdyr öýdüp maňa aşyk bolan eken» diýip gürrüň berdim. Ol güldi-de: «Gyzy yryp bilmese, Nobatgulyň goşgusy bolmaz-a!» diýdi. Nobatguly aga gynanjynam, begenjinem, söýgüsinem, ýigrenjinem ýürekden beýan edýän şahyrdy — diýip ýatlady. Ol hakykatdanam şeýledi. Şonuň üçinem onuň goşgularam, drama eserlerem, kino eserlerem diýseň täsirli. Çuň manyly eserler bolansoň oýlandyrýar. Onuň eserlerine sahnalaşdyrylan oýunlaryň hemmesine diýen ýaly ýüzbe-ýüz tomaşa etdim. Neresse pýessalary sahnalaşdyrylsa, oýnuň ilkinji görkezilişine meni hökman çagyrardy. Özem: «Seniň pikiriň wajyp. Senem bir zatlar aýt!» diýip, oýun baradaky pikirim bilen gyzyklanýardy.
Bir gezek ol bazarda sataşdy. Ondan bäri 25 ýyl dagy geçdi. Salamlaşdyk welin: — Gaharly görünýäň-le, göwnüňe degdilermi? — diýdi. Ýok, ýöne, Nobatguly aga, köpüň biri bolsaňam kyn. Obadan ejem aglap jaň etdi. Jigilerimiň biri kiçijik dükan açan bolupdyr. Uly girdejisi bar ýaly şo ýere gözegçilik edýän ýigitleň iki sanysy her gün ownuk-uşak gerek zatlaryny mugt alýan eken. Onuň bilenem oňman bir gün gelip: «Ikinji aýalymyň doglan gününi gutlar ýaly sowgat gerek» diýip ep-esli zat karzyna ýazdyryp alýar. Soňam puluny bermändir. Jigimem: «Agam, gaýrat edip şol ýazdyryp alan zatlaň puluny berip bilmersiňizmi?» diýse, ony on bäş günlük basdyrypdyr. Ilkä jigimiň özi günäkärdir öýdüp käýindim. Ejem jaň edip halys günüme goýmansoň gidip anyklap geldim. Onsoň ýazylyp şu mahal ministriň ýanyna bardym. Ýoldaş, ministr, garamagyňyzdaky işgärleriňiz şu zeýilli hereket edýärler. Iliň zapas heleýini eklemek jigime galmandyr. Ol öz maşgalasyny ekläp bilýämi?— diýdim. Gowy adam eken. «Arkaýyn bol, jigim!» diýip, ýekeje jaň bilen işi düzetdi — diýip gürrüň bersem, ol ýol ugrunda durup: — «Iliň zapas heleýini eklemek jigime galmandyr» diýen sözüňi ýan depderçäme belläýin — diýip bellik etdi. Neresse soň-soňlaram ýolda-yzda gabatlaşsak şo gürrüňimi ýatlap gülerdi.
Bir gezegem onuň eserine sahnalaşdyrylan oýnuň ilkinji görkezilişine bardyk. Gaty täsirli oýun bolupdyr. Oýun tamamlandy. Her kim pikirini aýtdy. Sahna oýnuň gahrymanlarynyň biri ýaş gyzyň şeýleräk mazmundaky monology bar. «Kaka jan neşä baş goşup, maşgalamyzy ne günlere saldyň. Öýümiziň ähli goşuny neşä çalyşdyň. Ejemiň göz ýaşy kepemedi. Indem ölüp aglatdyň. Dogrusy, men-ä seniň öleniňe bir tarapdan begenmänem duramok. Ýadyňdamy? Gutardyş klasa geçenimizde soňky jaň dabaramyzda geýmek üçin synpdaş gyzlar meňzeş köýnek tikindiler. Biziň bolsa, maşgalamyzyň oňa ýagdaýy ýokdy. Onsoň daýzam: «Kemsinmesin» diýip özi tikip şol köýnegi sowgat getirdi. «Ertir geýerin» diýip şeýlebir begendim. Emma sen, kaka jan! Daýzamdan sowgat alan şojagaz köýnejigimem neşä çalşyp ýetişen ekeniň…» diýýän sözleri bar. Pikir aýdylyşykda (jaýy jennet bolsun!) artist Gandym Annadurdyýew neresse: «Şol monology aýyrmaly. Gyz maşgala bolup, kakasynyň ölümine begenmek gelşiksiz» diýdi. Menem durup bilmedim. El galdyryp iki agyz söz aýtmagy haýyş edip: «Siziň pikiriňizem ýalňyş däl, Gandym aga! Ýöne bu ýerde neşekeşlige garşy göreş gidýär. Neşäniň maşgala ojaklaryna nähili günleri salany hemmämize mälim. Şu mahal neşe zerarly 20-25 ýaşlarynda ömür tanapy kesilen goňşy ýigitleri ýatlap otyryn. Wah, nähili baýdak ýaly ýigitlerdi. Şunuň ýaly monologlaryň üsti bilen tomaşaçyda neşä bolan ýigrenç döretmejek bolsak onda eser ýazmak hökmanmy? Dogry ataňa hormat goýmaly, ýöne perzendiň öňünde atanyňam borjy bar. Oňa zenan gözi bilen seretmeli» diýip janykdym. Oturanlar: «Dogry pikir» diýip baş atdylar. Soň Nobatguly aga şol pikirim üçin sag bolsun aýdypdy. Ol eserlerinde durmuşyň özüni ýazýardy. Aýtjak pikirlerini gahrymanlaryň üsti bilen aýdýardy. Onuň haýsy bir eseriniň gahrymanlarynyň sözlerine üns berseň ýüregiňe jüňk bolup täsir edýärdi.
Nobatguly aga bilen kän gezek gürrüňdeş bolduk. Ol Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň öňki edara binasynda işleýärkä ýazyjy Arslan Mäterow bilen bir otagda işleýärdi. Käte iş bilen ol ýere baranymda salama barýardym. Darajyk otagda daş-töweregi ýazylan kagyzlardan doly, ýadaw halda işläp oturardylar. Işlerine päsgel bermejek bolup derrew ýöremekçi bolsam: «Oturyň, bir käse çaý içip ýöräýiň, işe gutarma ýoldur» diýip, döredijilik hakda söhbede başlardylar. Bir gezegem ol:
— Bu günler nämeler döredýäň? — diýip sorady.
— Aý, buýrulan işi edäýmesem, öňki ýazýan ugrumy başga bir işgär alyp barýar — diýdim.
Şonda ol:
— Diýmek sen täze bir ugry alyp barmaga ukyplysyň. Durmuşda bir tarapdan gapyny ýapsalar, beýleki tarapdan gapy açyp, kämilleşilýär — diýip, döredijiligiň ähli ugrundan özümi synap görmegimi halypa maslahaty bilen düşündirdi. Dogrudan-da habar ýazmagyň, makala, oýlanma, hekaýa, degişme, söhbetdeşlik, ýatlama, goşgy her bir ýazylýan žanryň öz ugry, gyzygy bar eken. Gyzykly täsin maglumatlar, täze gözlegler bilen çeper mazmunda beýan edip okyjylaryň göwnünden turmak irginsiz zähmeti talap edýär. Şunda halypalaryň her birinden öwrenmegiň uly mekdebi bar eken. Ilki bilen olaryň biri-birine bolan sylag-hormaty, döredijiligine goýýan sarpasy diýseň uly täsir edýär. Bir gezek baranymda iş otagynda diňe Arslan aga bar eken. Ol kitap okap oturşyna başyny galdyryp, saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Nobadyň goşgularyny okap otyryn. Sered-ä bu goşgy setirine. «Sen bagtly bolardan juda eýjejik» diýýär — diýip başyny ýaýkady. Arslan aganyň ýürek goýup, Nobatguly aganyň goşgularyna baha berşini synlap durşuma agam Aşyrberdi Kürtüň hemişe aýdýan sözi ýadyma düşdi. Ol: «Nobatguly şahyr ahyry» diýerdi. Nobatguly aganyň goşgulary hakykatdan-da täsirli. Onuň 1979-njy ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap bolan «Topragyň tagamy» atly ilkinji goşgular we poemasynyň ýygyndysy kitap tekjämde dur. Gowy görüp gaýtalap okaýan kitaplarymyň biri.
«Nygmatyňy iýip, labzym süýjedi,
Gülüň ysgap, yşk derdine uçradym»
— diýen setirleri bilen döredijiligini topragyň tagamyndan ylham alyp başlan şahyryň goşgulary hakda oýlananymda onuň:
Poeziýä!
Men seniň yşkyňda gezdim.
Men seni kalbymda göterip gezdim,
Göterip gezşi deý ene garnynda
Ölen bäbejigin hamyla gelniň.
Poeziýä!
Sen ömrümiň bahasy,
Nesip etse ölerin men eliňden.
Bäbejigne goýup ýagty jahany
Ýaş üstünden gidişi deý gelinleň…
— diýen şygry ýadyma düşýär. Bu goşgyny okanyňda ene bolmak bilen şahyr bolmaklygyň aňsat däldigi, ýöne bagtdygy has-da düşnüki bolýar.
Nobatguly aganyň goşgulary mowzuk aýratynlyklary bilen birlikde ýazylyş taýdan çeperçilik mazmuny örän täsirli. Onuň «Harby syr» atly goşgusy bar. Onda Watana bolan söýgi şeýle bir çeper beýan edilýär. Uruş döwri ýesir düşen esger hernäçe gynalsa-da Watanyň syryny aýtmaýar. Goşgynyň iň soňky bendinde bolsa:
Bedeninde jemläp ähli mejaly,
Bir biçärä «Ene» diýjek dilini,
Bir gyzyň balyndan doýjak dilini,
Parça-parça edip çeýnedi ýigit —
Birden beýhuşka-da samraýmaz ýaly
— diýip jemlenýär. Goşgynyň ýazylanyna ençeme ýyl geçdi. Ýöne ýurdumyzyň häzirki asuda durmuşyny gazanmak üçin geçilen gahrymançylykly ýollaryň ýeňil düşmändigi göz öňüňde janlanýar. Ýaşuly nesliň wekilleriniň uruş döwrüniň kynçylykly pursatlary hakda aýdýan gürrüňleri ýadyňa düşýär. Şahyryň:
Ir bilen çykmady, gör, näçe öýden,
Ardynjyran ýigdiň gödeňsi sesi.
Onuň deregine ähli tüýnükleň,
Burugsap asuda çykdy tüssesi
— diýen setirlerini okanyňda Watan ugrunda jan beren obadaşlaryň, tanyş-bilişleriň hakdaky ýatlamalar hakydaňda aýlanýar. Şahyryň söýgi hakda-da, durmuş hakda-da ýazan goşgulary biri-birinden täsirli. Onuň:
Rast düýnüň bagtyndan düşdüňmi jyda,
Gamynam unutmak derkardyr düýnüň
— diýen setirleri göwnüçökgünlikden halas edýän ruhy derman bolup kalplara dolýar. Nobatguly aga turuwbaşdan ýiti goşgulary bilen tanalan şahyr. Başlangyç synpda okaýardyk. Mekdebimizde ýazyjy-şahyrlaryň duşuşygy bolýar diýip bir otaga jemlediler. Mekdep müdiriniň yzy bilen salam berip gapydan giren myhmanlary ýerimizden turup el çarpyp garşy aldyk. Olary ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görsegem biri-birimize: «Şahyrlar Atamyrat Atabaýew bilen Nobatguly Rejebow gelipdir» diýip pyşyrdaşdyk. Indi pikir edýän welin, şol gezek mekdebimize duşuşyga baranda ol 30 ýaşlar töwereginde bolýar. Nesibe çekip soň onuň bilen birnäçe ýyl bir ulgamda zähmet çekdik.
Bir gezek Nobatguly aga bilen jaňlaşyp döredijilik ýoly, durmuşy hakda içgin gyzyklanýandygymy aýtdym. Ýaşuly ýazyjy «Şu wagt biraz saglygymyň ugry ýok. 3-4 günden habarlaşaýarys» diýdi. Sözüne bitin eken. Ol 2-3 günden soň kärdeşlerimiň birine «Akgüle gowşur» diýip «Özüm hakda kelam agyz» diýen ýazgyny elektron görnüşde goýupdyr. Halypanyň bu edähedi hem öwrenilmeli diýip oýlandym. Ol ýazgydan şeýleräk mazmunyny ýazyp aldym.
— 1946-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda şol mahalky Ýolöten etrabynyň Sandykgaçy sowhozynyň 1-nji maý obasynda dünýä indim. Obamyzdaky 7 ýyllyk mekdebi, soňra 7 kilometr uzakda ýerleşýän sowhoz merkezine gatnap orta mekdebi tamamladym. Sandykgaçy sowhozymyzyň gylla ýary rus dilli ilat bolansoň, 50-nji ýyllaryň başlarynda obamyzda tokly çyralar ýanýardy. 60-njy ýyllaryň başyndan her öýde suw krany akýardy. Obamyzda gyşky hem tomusky klub bolup, her gije kino görkezilýärdi. Klubymyzda billiard, stol tennisi bolardy. Küşt-şaşka, dürli oýunlar oýnalardy. Ýaşlykdan edebiýaty söýdüm diýsem ýalançy borun. Ýöne 5-nji synpda okaýarkam Ata Salyhyň basnýalaryny geçdik. Şol gün öýlän 3 sany basnýa ýazyp, gijara dostuma okap berdim. Ol maňa etmesiz iş eden kişä seredýän ýaly uzak wagtlap seredip oturdy-da:
— Bulary näme üçin ýazdyň? — diýdi…
Kibtimi gysdym. Orta mekdebi gutarýançam Ata Salyhyň iki basnýasyny öwrendim hem-de 3 sany basnýa ýazdym. Emma kinolary sypdyrman görýärdim. Ýaşlykdan kinorežissýor bolmagy arzuw etdim. Kitaphana baryp Moskwada çykýan «Ekran» žurnalyny ürç edip okaýardym. Rus dilini beýle gowy bilmesem-de okaýan zadyma düşünýärdim. Maňa Moskwada okamaga mümkinçiligimiň ýoklugyny gowy edip düşündiren adamlar boldy. Şonda-da ýaşlyk hötjetligine tutdum. Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri fakultetiniň nemes dili bölümine resminamalarymy tabşyrdym. Öz ýanymdan synanyşaryn, bolmasa-da täze ýyl hökman şol mümkin däl okuwa girerin diýip niýet etdim. Dogrusy, nemes dilini mekdepde ýekeje ýyl okapdym. Nemes diliniň harplarynyň hemmesini doly tanamokdym. Emma okuwa girdim. Sebäbi men kinoçy boljak bolup taryhy düýpli öwrenipdim, rus dilini, edebiýatyny ganymatdan has bilýärdim.
Sentýabr aýynyň başlarynda toparymyzy nemes dilinden okadýan mugallymymyz Ýewgeniýa Halowna näsaglap başga bir mugallym sapaga girdi. Aňk boldum, ol bizi Sandykgaçyda ýekeje ýyl nemes dilinden okadan Oraz Durdyýewdi. 11 adamdan ybarat toparymyza nazar aýlap, birden ol menden beter aňk boldy. Süýem barmagyny uzadyp:
— Eý, Rejebow senmi ýa-da gözüme görünýäňmi? — diýdi. Baş atdym. Ol gülüp: «Sen bu ýerde näme işleýäň?» diýdi.
— Okaýan, Oraz Nepesowiç — diýdim.
— O nähili okaýaň? Sen Sandykgaçyda okap-okap dişimi dökdüň ahyry.
Oraz Nepesowiç gözlerine-de, sözlerime-de ynanyp bilmedi, sebäbi ol biziň maşgalamyzyň ýetde-gütde durmuşda ýaşaýandygyna beletdi. Nemes diliniň hemme harplaryny tanamaýan ýigdekçäniň okuwa girenine ynanyp bilmedi. Bagtyma talyp ýoldaşlarymyň 3-si Kyýasmuhammet Agaýew, Halmyrat Durdyýew, ýene bir Nurbibi atly gyz goşgy ýazýan eken. Onsoň menem ýazdym. Olar bilen edebiýat birleşmesine gitdim. Şeýdip ilkinji ýazan goşgym gazede çykdy, ol hem meni ilkinji söýgi deý özüne bendiwan etdi. Birleşmede Orazguly Annaýew, Ähmet Gurbannepesow, Bäşim Ödekow, Orazmyrat Gurdow, Atajan Annaberdiýew, Muhammetmyrat Kömekow ýaly ýaş şahyrlar bilen tanyşlyk maňa edebiýat dünýäsiniň gapysyny açdy. Eger men gurply maşgaladan bolan bolsadym, birinji kursy gutaryp hökman Moskwa, Bütinsoýuz kinomatografiýaçylar institutyna giderdim hemem çökder ýalňyşlyga uçrardym. Daşary ýurt dilleri fakultetine okuwa girmegim çeper edebiýat bilen ysnyşmagyma ummasyz bähbitli boldy. Fakultetimizde daşary ýurt edebiýaty düýpli öwredilýärdi. Nemes dilini öwrenýän talyplar nemes edebiýatyny öz edebiýaty hasap edýärdi. Biz eýýäm 3-nji kursda Genrih Geýnäniň «Germaniýa — gyş ertekisi» poemasyny tutuş ýatdan bilýärdik. Biziň bilen bir döwürräkde okan Gurbandurdy Geldiýew, Orazmyrat Gurdow, Bäşim Ödekow, Orazguly Annaýew, Atamyrat Atabaýew, Bibi Orazdurdyýewa, Kakabaý Gurbanmyradow, Amannazar Aşyrow, Akmyrat Şirow dagy gije-gündizi çeper edebiýaty okaýan ýaşlardy. Hemmämiz şol mahallar poeziýanyň tuguny parladyp barýan Gurbannazar Ezizowyň, Halyl Kulyýewiň, Italmaz Nuryýewiň, Annaberdi Agabaýewiň poeziýasynyň muşdaklarydyk, abraýlaryna tamakindik. Gurbannazar Ezizowyň öý kitaphanasy ýaly kitaphananyň Aşgabatda ýokdugyny bilýärdik. Bizi çeper söze, edebiýata hak aşyk eden närse Gurbannazar Ezizowyň fenomenal beýikligidi. Gurbannazar Ezizow adyndan başlap depesinden dabanyna çenli, gylyk-häsiýti, görmegeý syraty bilen durşuna poeziýady, mukaddes poeziýady. Hemmämiz onuň gaýybana şägirdidik, janköýeridik. Onuň bilen duşuşmak, oňa goşgularyňy okatmak uly derejedi, bagtdy. Talyp ýyllarymyz Gurbannazar «Edebiýat we sungat» gazetinde goşgulara seredýärdi. Ýokary okuwymy gutaranymdan soň men ýene obama gitmeli boldum. Bäş ýyl okadan maşgalama kömegim gerekdi. Şeýlelikde obamyzda 5 ýyl mugallym bolup hojalygymyzy ýola saldym. Soňra 1975-nji ýylda ýene-de Aşgabada göçüp geldim. Atamyrat Atabaýew, Oraz Ýagmyrow, Kakabaý Gurbanmyradow, Agageldi Allanazarow paýtagtyň ilersindäki «gijegonan» obaçylygynda ýaşap hem işläp başladyk. Ol obada onlarça hudožnik, alym ýaşaýardy. Birnäçe döredijilik adamsynyň goňşy ýaşamagy hemmämiziň döredijiligimize oňyn peýda etdi — diýip belleýär. Onuň bu ýazgysyndanam peýdalanyp «Edebiýat we sungat» gazetine makala ýazdym. Makala çap bolupdyr. Menem keselhanada operasiýa bolup ýatamsoň, makalanyň çap bolanyndanam habarym ýok. El telefonuma: — Nobatguly Rejebow bimaza edýä. Akgül, men hakda ýazan makalaň üçin sag bolsun aýtjak bolup, iş telefonuňa näçe gün bäri jaň aýlaýan, aldyryp bilemok — diýip jaň etdi. Gaty begendim, halypanyň päli pes eken. Ýogsa, ol hakda ýazylýan makalalar az däl. Onuň minnetdarlygy syrkaw ýatyrkam şeýlebir ruhlandyrdy, ýadymdan çykanok.
Nobatguly aganyň kän pýessalaryna sahna oýunlar goýuldy, kinossenariýalaryna filmler döredildi. Pikir alyşlykda onuň eserlerine dürli ugurdan wekiller tomaşaçy hem hünärmen hökmünde maslahatlaryny aýdýardylar. Nobatguly aganyň üns bilen diňläp, sahna eseriniň has şowly bolmagy üçin pikirlenip oturşynyň özi nusga almaly ýagdaý. Onuň özem kärdeşleriniň eserlerine sahnalaşdyrylan oýunlary görmäge hökman barýardy. «Halypa hökmünde pikiriňizi aýdaýyň» diýip söz berilse ýüregiňe jüňk bolýan jogaplar bilen pikirini aýdýardy. Nobatguly aganyň kyssa eserleri gahrymanlarynyň häsiýet aýratynlygy, sözleriniň gunt düşen ýaly agramly, dok manylylygy bilen täsir edýär. Eseri hakyky durmuşda duşan wakaň ýaly kabul edýäň. Ol eserlerini ýokary çeperçilik bilen halky dilde beýan edýär. Her bir gahrymanyň häsiýetine görä hereketi aýdýan sözleri bilen sazlaşykly açylyp görkezilýär. Täze-täze nakyllar, gadymy sözler ulanylyp beýan edilýän obrazlarda jüpüne düşen meňzetmeler, içgepletmeler okanyňda-da, sahnada ýa-da filmde göreniňde-de dartgynly ýagdaýda tolgundyryp bilýär. Nobatguly aganyň eserlerinde ýiti degişme-de, tragediýada ýerbe-ýer ulanylýar. Esasy ýeri-de terbiýeçilik ähmiýeti örän güýçli. Tomaşaça, okyja ündelýän pikiriň çözgüdi, netijesi düýpli bolany üçin täsiri başgaça bolýar.
Nobatguly aga «Türkmenistan» neşirýatynda «Sowet edebiýaty» žurnalynda, «Edebiýat we sungat» gazetinde, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde dürli wezipelerde işläpdir. Onuň 15 sany goşgular ýygyndysy çap bolupdyr. «Durnalaryň düşelgesi» goşgular ýygyndysy Moskwada neşir edildi. Nobatguly aga Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda-da işledi. Onuň «Hak aşyklar», «Jahan jomardy», «Gyrat», «Döwletli döwran geldi», «Halal hazyna», «Sahabat derýasy», «Dessembil» ýaly onlarça drama eserleri paýtagtymyzyň teatrlarynda sahnalaşdyryldy. «Ajaýyp», «Arşyň pynhan hikmeti», «Gedaý bagşy», «Gyzykly gezelenç» ýaly birnäçe çeper filmleri surata düşürildi. «Ependi, sen kim?» atly komediýasy Türkiýede dramaturglaryň arasynda geçirilen konkursda abraýly baýraga mynasyp bolýar. Nobatguly aganyň sahna eserleriniň arasynda taryhy eserler bilen birlikde, ýurdumyzyň ýeten beýik derejeleriniň waspy ýetirilýän döwrebap eserleri-de bar. Bu bolsa ussat dramaturg, kinossenarist, şahyr Nobatguly Rejebowyň döwrüň sesine ýüpek sesini goşup bilýän zehinli ýazyjylaryň biridiginiň subutnamasy. Nobatguly agaly ýatlamalary ýatlamda ilki bilen onuň Türkmenistanyň halk artisti Kerim Annanow ýogalandaky gözüni ýaşlap duran keşbi göz öňüme gelýär. Kerim neressäniň öýi öýümizden uzakda däl. Onuň «ýogaldy» habaryny eşidip goňşy gelin bilen aýatyna gitdik. 1-nji saglyk öýüniň arka tarapyndaky ulag goýulýan duralganyň ýanyna ýetemizde gabat garşymyzdan Nobatguly aga bir nätanyş adam bilen ýöräp gelýär. Ol maňa gözi düşenden säginmän pessaýja ses bilen: «Akgül, boldy-boldy Kerim jan-a boldy. Elimizden giderdik-dä…» diýip deňimizden geçip gitdi. Ýanymdaky gelin: «Nähili beýik şahyr aglaýar-da… Gözýaşy ýüregimi deşip gitdi…» diýdi. Nobatguly aganyň agysam, gülküsem eserleri ýaly täsir edýär.
Bir gezek jaňlaşanymda Nobatguly aga Arslan Mäterow hakynda ýatlama ýazýandygymy aýdypdym. Şonda ol: — Gowy iş edýäň. Ol hakynda mende-de ýazmaga zat kän. Arslanyň gowy eden işleriniň biri «Japbaklar» atly ýazan romanydyr. Bolan waka esasynda ýazylan könelmejek taryhy eser. Ýene bir gowy eden işleriniň biri, ol kän ýyllap Juma Ýazmyrat bilen radioda bile işledi. Juma Ýazmyradyň degişmelerini ýazyp kitap taýýarlady. Juma Ýazmyrat türkmeniň belli adamlarynyň biri. Şol kitabyny «okaryn» diýseňiz öýlerinde bardyr, ýöne çagalaryna «Kitaby kim okap görjek» diýse-de bermäň. Okajak adam diňe göçürip alsyn» diýip tabşyrypdym — diýdi-de, uludan dem alyp dymdy. Birdenem hezil edip güldi. — Şu wagt Arslanyň bir gowy hekaýasy ýadyma düşdi. Ol şeýleräk mazmunda ýazylan. «Arslanyň obadaşlarynyň biri gumly gyza öýlenýä. Gyzyň kakasy ulag ussasy eken. Ol ähli çagalaryna kiçilikden ulag bejermegi öwredýä. Türkmeniň däp-dessurlaryna görä ýaňky gum obasyndan alnan gelin 40 günden soň atasy öýüne gaýtaryp äkidilýä. Gaýtarja gitmeli ulagy dolandyrýan sürüji ýaş ýigit eken. Gum içinde ulag näsazlyk tapýa. Çölüň içinde ep-esli durýalar. Ahyry gelin ýanyndakylara pyşyrdap: «Gaýyn enem rugsat berse ulagy özüm bejerýän» diýýä. «Aýby bolmaz, ýolda heläk bolmasak bolýa» diýip, gaýyn enesi rugsat berenden, gelin köneräk eşigi üstünden geýip, ulagy derrew düzedipdir» diýip, eseriň wakasyny gürrüň berdi. Soň bu eser hakynda gyzyklansam Arslan aganyň aýaly Gülälek gelneje ulag bejermäge ökde eken. Ol: «Arslan şol eserini meni göz öňünde tutup ýazdy» diýdi. Şu wagt bir pursat ýadyma düşdi. Her gezek Arslan agalaryň howlularynyň derwezesine gözüm düşende Gülälek gelnejäniň: «Arslan ýogalanda Nobatguly Rejep onuň guburynyň başujunda goýulmaly agajyny eline alyp: «Seniň şu dünýeden alyp gitmeli zadyň ynha, şu agaçmydy?» diýip aglap duran pursady hiç ýadymdan çykanok» diýip aýdan gürrüňi gulagymda ýaňlanýar.
Bu dünýäde ömürlik galjag-a ýok, ýöne halk üçin hyzmat bitiren şahsyýetleň aramyzda ýoklugyna-da ynanasyň gelenok…
Akgül Saparowa.