BIZNES

Üçünji orna düşdi, sebäbi…

Öz döwründe dünýäniň iň baý adamy hasaplanan Bil Geýtsiň sanawyň ikinji ornuna düşendiginden habaryňyz bardyr. CNN.com-uň ýazmagyna görä, «Maýkrosoftyň» esaslandyryjysy indi üçünji orunda. Onuň ornunyny fransiýaly Bernar Arnoga eýeledi.

LVMH kompanýasynyň baş direktory «Bloombergiň» ýakynda täzelän sanawynda Bil Geýtsden ýokarda görkezildi. Şeýlelikde, «Bloomberg» indeksiniň işläp gelýän 7 ýylynyň içinde ilkinji gezek Bil Geýts ilkinji ikilikden aşak düşdi.

Indeksde berilýän maglumatlara görä, Arnonyň şahsy baýlygy 108 millard dollara ýakyn. Bu bolsa onuň baýlygynyň bir ýylda ozalkysyndan 39 millard dollar artandygyny görkezýär. Bil Geýtsde bolsa häzir 107 milliard dollarlyk serişde bar. Ýöne gazetler Bil hem-de onuň aýaly Melinda Geýtsiň geçen ýyl 35 milliard dollar möçberindäki serişdäni haýyr-sahawata bagyşlandygyny hem ýazýarlar. Häzir bu sogaply işe serişde goýbermekde olaryň deňi-taýy ýok.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder