Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň energetika syýasaty nebitgaz senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň halkara energetika ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna, energiýa serişdelerini gazyp almagyň we ulanmagyň has netijeli, ekologik taýdan arassa usullaryny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýan täze tehnologiýalaryň döredilmegine gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolmak bilen, iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär. Ýangyç-energetika toplumynyň wajyp binýadyny emele getirýän gaz senagaty Diýarymyzyň senagat önümçiliginiň möçberiniň ýarysyndan gowragyny eýeleýär.
Häzirki wagtda gaz pudagynda önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly täze ýataklary gözlemek, baha bermek we senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Gazy gaýtadan işleýän pudak hem barha ösýär. Tebigy gazy gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň gurulmagy bilen, çig maly has çuň gaýtadan işleýän ýokary netijeli önümçilikler döredildi.
Mälim bolşy ýaly, nebit himiýa senagatynyň möhüm binýady bolup durýar. Bu gymmatly çig mal lybaslary, aýakgaplary, plastik önümleri, boýag serişdelerini, metallurgiýa üçin elektrodlary öndürmekde peýdalanylýar. Tehniki we durmuşda ulanylýan serişdeleri — örtüjileri, paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleri örtüjileri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýan türkmen polietileni ýokary islegden peýdalanýar. Kislotalara, aşgarlara, ýaglara garanyňda, polietilen has berkligi, mäkämligi, gatylygy, himiki durnuklylygy, dielektrik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin-de ondan durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam, tikinçilik, mebel önümleri, awtomobil, durmuş tehnikalary üçin şaýlar, guýular, estakadalar görnüşindäki uly möçberli gurluşlar üçin zerur serişdeler taýýarlanylýar.
Häzirki döwürde Türkmenistan nebitgaz toplumyna innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyryp, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary, işewür düzümleri bilen ynanyşmaga, hormata we özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny ep-esli artdyrmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy, türkmen tebigy gazynyň daşarky bazarlara iberilmegi, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda täze infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Tagandurdy Berdiýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3 NGPYD A toparynyň talyby.
