SPORT

NBA-da ataly ogullaryň ilkinji duşuşygy geçirildi

Milli Basketbol assosiasiýasynyň (NBA) çäklerinde 39 ýaşyndaky amerikaly ýyldyz basketbolçy Lebron Jeýms bilen 20 ýaşyndaky ogly Bronni Jeýms basketbol duşuşygynda çykyş eden ilkinji ataly-ogul boldular.

ABŞ-nyň basketbol çempionatynyň täze möwsüminiň açylyş duşugynda ataly ogullaryň çykyş edýän “Los-Anjeles Leýkers” topary “Minnesota” topary bilen duşuşdy.

“Los-anjeles Leýkers” toparynda duşuşygyň ikinji ýarymynyň tamamlanmagyna 4 minut galanda ataly ogullar Lebron Jeýms hem-de Bronni Jeýms oýna girdilerer.

ABŞ-nyň beýzbol çempionatynda bir toparda çykyş eden ataly ogullar Ken Griffeý hem-de Ken Griffeý-kiçisi hem bu duşuşyga tomaşa eden türgenler boldy.

Beýzbolsa ataly ogullar 1990-1991-nji ýyllarda “Sietl Mariners” toparynda 51 duşuşykda bile oýnapdy.

Ýene-de okaň

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär