PEÝDALY MASLAHAT

Saglygyňa zeper ýetirmän horlanmak

Sagdyn we owadan bolmak hemmämiziň arzuwymyz. Emma islendik işde bolşy ýaly hem owadan görünmegiň hem altyn düzgünleri bar. Sagdyn ýagdaýda horlanmak üçin ilki bilen açlyk çekmeli däldigini ýadyňyzdan çykarmaň. Horlanmak üçin açlyk azaby sizi gysga wagtyň içinde horlamaga mejbur etse-de, soňra agramyňyzy çalt yzyna alarsyňyz. Horlanmak üçin sagdyn tertibe eýermek, gowy iýmek we sport bilen meşgullanmak zerurdyr. Horlanmak baradaky maslahatlarymyza göz aýlaň. Sagdyn iýmitlenip hem horlanyp bolýar.

Saglykly horlanmak üçin edilmeli işler

Her gün 2-3 sany täze miweleri iýmäni unutmaň. Täze miwelerdäki fermentler we witaminler maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrýar. Bu horlanmak üçin gaty möhüm jikme-jiklikdir. Her esasy naharda, elmydama irden, günortan we agşam çig gök önümleri ýa-da işdäaçarlary iýiň. Horlanmak isleýän döwrüňizde hökmany ýagdaýda berhiz lukmanlary bilen maslahatlaşmaly. Nohut, noýba, kömelek ýaly ýokary belokly güýçli gök önümlerden gaça durmaň. Berhiz lukmanyňyzy diňläň we möwsüme üns berseňiz, bu gök önümleri naharyňyza goşuň. Her gün azyndan ýarym sagat ortaça tizlik bilen hereket etmeli. Horlanmak üçin her gün ýarym sagat ýöremek, artykmaç agramyňyzy aýyrmagy üpjün eder.

Her gün iň azyndan 2 litre  golaý su içmelisiňiz.  Suwuň sarp edilişi günüň islendik wagty, isleýşiňiz ýaly we islän temperaturaňyz bolup biler. Berhiz lukmanlary suw içmek barada ylalaşýarlar, ýöne ony nädip içmelidigi entek belli däl. Suw içýän wagtyňyz özüňizi diňläň, näçe we haçan içeniňizde-de, hemişe lukmanyňyz tarapyndan maslahat berilýän suwuň mukdaryny dolduryň. Suw içmek endigi sizde ýuwaş-yuwaşdan peýda bolup başlar.

Öz agramyňyzy ýitirmek üçin wagt bellemeli däl. Maksat zeper alman islegiňe görä agram ýitirmek, agramyňyz ýitireniňizden soň gazanan sagdyn durmuşyňyzy we iýmitleniş endikleriňizi saklamak hem zerurdyr.

 

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisi dowam edýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy şulary ýatladýar

Ata Watan Eserleri

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda 23-nji iýundan başlap dört awtobus ugrunyň gatnajak ýoly üýtgedilýär

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary