Ýakynda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», zähmet weterany, «Watana bolan söýgüsi üçin» hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň bäş ýyllygyna» atly medallaryň, ençeme Hormat hatlaryň eýesi Myrat Nyýazowlaryň öýlerine bardym. Bu mukaddes ojaga 2004-nji ýylda-da barypdym. O mahal Myrat aga-da, aýaly Ýazgül eje-de aýatda bardylar. Ikisi bilenem gürrüňdeş bolup bäş-alty sagatlap oturypdyk. Häzir bu öýde Myrat aganyň gyzy Gurbangül maşgala agzalary bilen ýaşaýarlar. Gapylaryndan girenimden şahyr Mämmet Seýidowyň: «Gowy adam, gowy artist, gowy dostum, üç sany gowyny özünde jemlän Myrat Nyýazowa awtordan ýadygärlik, 13. 07. 1981ý.» diýip ýazgy ýazyp Myrat aga beren kitaby ýadyma düşdi. Biraz daş-töweregime göz aýlap durdum. Gurbangül: «Näme, öý öňküsinden üýtgäpmi?» diýip sowal berdi. Hawa, kän zat üýtgäpdir. Öň söhbetdeşlige gelenimde şu otagda Myrat aga ýazyjy dost-ýarlarynyň ýadygärlik ýazgy ýazyp beren kitaplary hatar bolup duran kitap tekje bardy. Myrat aganyň dürli ýyllarda surata düşen filmlerindäki arhiw suratlary diwary bezäp durdy. Onsoňam… diýip säginenimden Gurbangül ýylgyryp: «Iň esasy zady aýtmadyňyz. Myrat aganyň pişikleri ýok diýsene» diýdi-de gürrüňini dowam etdi:
— Geçen ýyl oglumyzy öýerdik. Toýdan öň öýümizi remont etdik. Şonda kakamyň arhiw suratlaryny, kitaplaryny häzirlikçe ýygnap goýduk. Töre geçip arkaýyn oturyň. Häzir getirýän.Ynha, olar» diýip, Myrat aganyň dürli ýyllarda alan döwlet sylaglarynyň şahadatnamalaryny, ähli arhiw suratlaryny, orden-medallaryny, Hormat hatlaryny öňümde goýdy. Soňra-da: — Biz üç dogandyk. Üçimizem kakamyň başdaş aýalyndan bolan. Ejemiziň ady Ogulhesel.
Körpe jigim Döwlet jan öýlenmänkä ýogaldy. Beýleki oglan doganym Seýitmuhammet 2019-njy ýylda ýogaldy. Onuň bir ogly, bir gyzy, üç sany agtygy bar. Meniňem ýanýoldaşym, iki ogul, bir gyz perzendim, üç agtygym bar. Körpe ogluma jigim Döwlet janyň ady dakylansoň, kakam öz jaýyny bize berdi. Kakam 1930-njy ýylyň 28-nji aprelinde Aşgabadyň golaýyndaky Bagyr obasynda doglan. 2011-nji ýylyň 4-nji aprelinde-de ýogaldy. Kakamyň iki dutary bar, biri elektro dutar. Atam urşa gidip söweşde wepat bolan. Enem pahyr kolhozda sagymçy bolupdyr. Kakamam kiçilikden çopan bolup mal bakýar. Şonda çopan taýagyny dutar edip özi dutar çalmagy öwrenen. Dutaryny hiç mahal ýanyndan aýyrman çalardy. Çaga wagtlarym «Bibi jan» sazyny çalyp maňada tans oýnadardy. Soň ulalyp işe gidemizde-de günortan nahara gelemizde «göwün açaly» diýip aýdym aýdyp bererdi. Kakam nusgawy edebiýatymyzyň şahyrlarynyň goşgularyny köp okardy. Olaryň goşgularyna aýdymy köp aýdardy. Magtymguly atamyzyň sözlerine aýdan «Pygan eglenmez» aýdymy üçin kakamy ýörite Eýrana çagyryp äkidenleri ýadymda. Dost-ýarlary ogul öýerip toý tutanlarynda kakamyň tamada bolup toý alyp baran ýazgylary kän. Öýümize Arap Gurbanow, Geldi Bäşiýew, Juma Ýazmyradow, Mämmet Seýidow, Muhammet Çerkezow başga-da kän tanymal sungat işgärleri gelerdi. Siziň aýdyşyňyz ýaly kakamyň bile işleşen meşhur adamlary bilen bile düşen suratlary diwarymyzy bezäp durardy. Kakam her gün irden turup kärdeşleriniň suratlaryna seredip salam bererdi. Kakaly günlerimiň her bir pursady ýatlama bolup galdy. Jaýy jennet bolsun. Maňa dagy «Oka gyzym, erte gerek bolar. Okuwyň zyýany degmez» diýip kän ýalbardy. «Tikinçi boljak» diýip okuwa höwes etmedim. Wagtynda okamanlygyma indi ökünýän. Kakamyň yzyny ýöredip dutar çaljak agtyklarynyň bolmagyny isleýän, ýöne edil häzir-ä sungata ýykgyn edýäni ýok.
Arada ýolagçy awtoulagda gelýärdim. Öýümiziň deňine ýetemde awtobusda oturan iki sany ýolagçy ýaşuly: «Şu golaýda Myrat Nyýazyň öýem bolmaly» diýip kakamy ýatladylar. Begendim, ýöne erkek kişilerden kimdiklerini sorap durmagy gelşiksiz gördüm. Belki, kakamyň bile işleşen kärdeşleridir? «Ýuwaş gelin» filmindäki döreden keşbi bilen ýadymda galan artist Şükür Kulyýew öýümize kän gelerdi. Ol her gezek gelende oklaw, dürtgüç ýasap getirerdi. Onuň dagdan agajyndan ýasan tumaryny kakam gapymyzyň işiginden asyp goýupdy. Syrkaw ýatyrka: «Şu dagdan agajyny men öläýsemem aýraýmaň. Şükür Kuludan ýadygärlik, asylgy dursun» diýdi. Şoň üçin öýümizi remont edemizde-de aýyrman goýduk. Kakamyň pişikleriniň welin ýekejesi galdy, ony hem öýe salman daşarda saklaýas» diýip güldi. Gurbangül pişikli gürrüňi gozgansoň, menem oňa bir pursady gürrüň berdim. Myrat agany «Ýartygulak» satiriki teležurnalynda hemem «Bökelek» satiriki radio žurnalynda döreden keşpleri bilen gaýybana tanaýardym. Radiodan aýdymlaryny, radio oýunlardaky çykyşlaryny diňleýärdim. Ol Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Şeker», Orazmyrat Sopyýewiň «Başlyk» hekaýalaryny radioda sahnalaşdyran režissýor. Onuň adybir radio oýundaky Bally molla keşbini hasam gowy görýän. Edil teleýaýlymda ýüzbe-ýüz keşbini görýän ýaly täsir edýärdi. Şonuň üçin döredijiligi bilen gyzyklanyp ilkinji gezek söhbetdeşlik taýýarlamaga baramda onuň öýde pişik saklaýanyny bilemokdym. Biraz oturdyk welin, Ýazgül eje saçak ýazdy. «Palaw guýjak» diýip, pahyr saçagyň üstünde bäş-alty sany tarelka ýaýratdy. Günortan nahara agtyklary geljekdir öýtdüm. Birden ol nahar guýup boldy-da: «Akgözel, Aknabat, Akjeren… geliň nahara» diýip çagyrandan dört-bäş sany daýaw-daýaw pişikler geldi. Hersi bir tarelkaň başyna geçip, adam ýaly bolup oturdylar. Özlerem şeýlebir arassa, gözellik salonyndan çykan ýaly ýalpyldap duran daralan pişikler. Aňalyp galdym. Myrat aga bolsa maňa: «Iýiber naharyňy, bular bu gün sadige gitmediler» diýdi. Pişik bilen nahar iýesim gelmän gözümi tegeläp hat ýazyp otyryn. Pişikler gezekli-gezegine ýandepderçämi aýagy bilen çekip, «naharyňy iý» diýip düşündirýärler. Haýran galdym, öwredilen pişikler. Nahar iýip bolansoňam, tertiplije tirkeşip beýleki otaga turup gitdiler. Ertesi makalamy ýazyp redaksiýa eltdim welin, ähli halypalar bilýän ekenler. «Myrat Nyýaz ýiti zehinli, gowy halypadyr, hal-ýagdaýy gowumy? Öý-içerisi saglyk-gurgunlykmy? Pişikleriniň ýagdaýy nähili?» diýip soradylar.
Şo gezek öýlerine baranymda Myrat aga 74 ýaşynda eken. Gapyny kakdym. Ejemi ýatladyp duran, sada keşpli, garry ene gapyny açdy. Salam berip:
— Myrat Nyýaz agalaryň öýümi? — diýip soradym. Ol:
— Hawa. Giriberiň! Geçiberiň! — diýip, içerik elini uzatdy. Içki otagyň gapysy açykdy. Gapdalynda dutary söýelgi, arkasyny haly ýassyga ýaplap, egnine donuny ýapynja atyp oturan Myrat aga:
— Çykyp garşylaýjak welin, bir aýagymyň dyzy çişip, ýöretmejek bolýar. Bir hepdelikde ýol ugrundaky açyk duran «çukura» gaçdym. Görmändirin.
Çukura gaçdym welin, duralgada duran iki sany ýigit: «Näm-ow, Çarli Çaplin boljak bolýaňmy?» diýip, öýüme getirip gitdiler — diýip güldi.
Öýden gaýdamda garry ýaşulyny göz öňüme getiripdim. Tüweleme. Okuwçy döwrümde gören keşbimden tapawutlandyrar ýaly däl. Känbir özgermänsiňiz — diýdim.
— Şonuň üçin «ýaşuly», «pylan aga» diýip, garratjak bolmaň! Myrat Nyýazow diýip ýüzleniň! Eger-de Allatagala «beýlede bellärsiň» diýmese, nesip bolsa «juwan» ýaşymyň toýy — 80 ýaş toýumy bellemekçidirin hökman gelgin — diýdi. Şeýdip Myrat aga bilen gepimiz alyşdy ötägitdi. Ol:
— Tohum-tijimizde aýdym aýdyp, saz çalyp, artistlik edeni ýok. Oglan wagtym ejem sygyr sagardy. Menem on-on bäş sany sygyr bakardym. Elimdäki çopan taýagymy dutar edip, aýdym aýdardym. «Alla jan! Men bir artist bolsadym» diýibem dileg ederdim. Alla kabul edendir-dä, 1949-njy ýylda artistlik hünärinden Moskwa okuwa gitdim. Giriş synagda artistlikde «etýud» diýilýän üç sany synagdan geçmelidim. Sözsüz hereket bilen ýerine ýetirmelidi. Birinjisi, ine, siz bugdaý orup ýörsüňiz? Birden eliňizi orak kesdi. Şonda nähili çykalga tapdyňyz?
Bu sowal obada orak orup ýören oglan üçin kyn düşmedi.
— Ylgap indim Ak inişden,
Ýarymadym ýan ýoldaşdan,
Ala ýaglyk sypar başdan,
Men şu gün Enäni gördüm, boý-eý —
— diýip, hiňlenjiräp elimden oragy salýan. Soňam /ine, şeýdip, elimi saklap/ köýnegimden ýyrtyp alýan ýaly hereket bilen elimi daňdym. Boldy.
Ikinjisi, dellek bolmaly. Bu hem sözsüz. /Dellege öýkündi/.
Üçünjisi, ütük etmeli. Ony-da /ynha, şunuň ýaly/. Stol getirip goýýan. Üstüne örtgi ýazýan. Ütügi diwardaky toga sokan bolýan. Soňam gyzypmyka diýen ýaly tüýküren bolup, dilim bilen jyzyrdadyp ütüklän boldum welin:
— Boldy, synagdan geçdiň! — diýdiler. Daşyndanam Ata Salyhyň «Ýolbars we tilki» basnýasyny keşbe girip, ýatdan aýdyp berdim — diýdi. Ol haýsy bir zada öýkünse edil şol görnüş göz öňüňe gelýär. Men oňa: — Myrat aga! Zehiniňiz halk döredijiliginiň basnýa görnüşi üçin berlen ýaly — diýdim.
— Hawa. Köp haýwanlara öýkünip bilýän. It, horaz, pişik, eşek… garasaý öýkünýärin — diýip, erteki gahrymanlarynyň hereketlerini gaýtalady.
Myrat aganyň dürli ýyllarda döreden sahna hem kino keşpleri, radio oýunlardaky keşpleri kän. Gürrüňimizi şolar hakyndaky söhbede syrykdyrdyk.
— «Otuzynjy ýyllar» sahna oýnundaky Kör bagşynyň keşbi hakda aýdaýsaňyz?!— diýip sowal berdim.
— 22 ýaşymda 65 ýaşly bagşynyň keşbini janlandyrdym. Şol keşp ynanylanda, ilki Büzmeýin obasyna gitdim. Bir kör bendäniň hereketini öwrenmek üçin. «Ýörite seni synlamaga geldim» diýmeg-ä gelşikli däl. Onsoň:
— Goňşyňyza geldim. Öýlerinde ýok eken. Sizde oturaýaýyn? — diýen bolup şolarda boldum. Onuň elleri bilen sermenip, çaý içişini synladym. Ýa bolmasa, öýünden hajathana çenli ýüp çekdirip, daş çykan wagty şol ýüpi yzarlap gidişi, garaz, köp hereketini öwrendim. Şondan soň maňa bu ynanylan keşp ýeňil düşdi. Hemem şowlulyk getirdi. Keşp meşhur kinorežissýor Alty Garlyýewiň göwnüne ýarany sebäpli, «Mukamyň syry» kinofilminde Gojaly bagşynyň keşbi ynanyldy. Ine, bu keşpde-de aýdym-sazdan başym çykany üçin känbir kynçylyk çekmedim. Sebäbi söz bilen sazyň hereketi deň gelmelidi. Dutar çalyp bilemsoň, gaýtalamazdan keşp ýerine düşdi.
Filmlerde oýnan keşplerimem az däl. «Käte şeýle-de bolaýýar» gülküli filmde surata düşdüm. «Japbaklarda» garpyz satýan söwdagäriň keşbi, «Tüssesiz ot bolmaz-da» magazin müdiriniň keşbi, «Ogul» kinosynda dutar ussasy Kertik aganyň keşbi, «Ýigit mydama ýigitdir» filminde degişgen sazanda Nurynyň keşbi, Gylyç Kulyýewiň «Gizlin ilçi» eseri boýunça goýlan oýunda Hywa hanynyň içalysy we başga-da gaty kän keşpleri janlandyrdym — diýip, ýadyna düşdüginden döreden keşplerini sanaşdyrdy. Ol labzy süýji bagşy bolansoň «Daş gitme», «Mätäç eýleme», «Çäre ýokdur», «Don gerek», «Aýyň ýagşysyn» diýen we başga-da gowy-gowy aýdymlary ýadyma düşdi. Onsoň söhbedimizi aýdym-saz sungaty bilen bagly gürrüňe geçirdik.
— Ýigrimiden gowrak aýdymym radionyň ýazgy hazynasynda bar. Magtymgulynyň 250 ýyllygynda birnäçe bagşylar bilen birlikde meniňem şahyryň «Ýigide» diýen şygryna aýdan aýdymymyň Daşkentde plastinka ýazgysyny çykardylar — diýdi-de, eline dutaryny alyp aýdym aýtmaga başlady. Pyragynyň «Ýigide» goşgusyny aýdyp başlandan:
«Ýigidiň bolmasa aragy, eti,
Ony belli biliň ýokdur gaýraty…» diýip aýtdy welin, ýaşuly goşgynyň sözlerini ýalňyşaýdymyka öýtdüm. Asyl ol ähli aýdýan aýdymlarynyň sözlerini özüçe üýtgedip degişme döredýän eken. «Ýartygulakda» dep kakyp, tans edip, aýdym aýdyp ýöreni göz öňüme geldi. Nirelerde işledikä diýip gyzyklandym.
— 1954-nji ýylda ýokary okuw mekdebi tamamlap, ilki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrda on ýyl işledim. 1964-nji ýylda-da telestudiýa çagyrdylar. Telewideniýäniň başlygy Ýomut Hojaýew:
— Tüýs seniň ýeriň — diýip, režissýorlygy hem «Bökelek» satira žurnalyny alyp barmagymy haýyş etdi. Şeýdibem şo ýylyň fewral aýynyň 14-ine ýorgan-düşegim bilen telewideniýä geldim. 1998-nji ýylda hormatly dynç alşa çykdym — diýip işlän ýerlerini gürrüň berdi.
Myrat aga köptaraply zehinli ýaşulydy. Ol goşgam ýazýardy. «Sallahyň zeýrenji» diýen goşgyňyzyň döreýşi gyzyklandyrýar. Zeýrenjeň-ä meňzäňizok diýenimden (gülüp).
— On ýyl dul gezdim. Kösenen wagtyň aýal diýeniň jygyldykdanam tapdyrmaýan eken. Şonda ýazan şygrym. «Zenan öýüň Hudaýydyr» diýen ajaýyp jümle bar. Zenany şundan ýokary derejä göterip bolmaz. Durmuş tejribäm boýunça, erkek kişilere sargydym bar. «Hiç wagt aýalyňyzyň göwnüne degmäň! Ýanyňyzda bar wagty gadyryny bilip, süýjülikde ýaşaň! Aýalyň bolsa ojagyň eýeli. Işigiňden gelýän dogan-garyndaşyň, dost-ýaryň, hatda ogul-gyzyňam aýalyňyzyň barlygy üçin gelýändir» diýesim gelýär. Jigim, meniň şu öwüt-nesihatymy hökman gazetde ýazgyn — diýip tabşyrdy. Myrat aga, arkaýyn boluň, aýdyşyňyz ýaly ýazaryn. Zenanlaryň peýdasyna aýdylan sözler ýadymda gowy galýar. Ähli aýallaryň adyndan «Şol sallah döwrüňiziň geçdigi bolsun» diýip, duýgudaşlyk bildirýän. Ýöne «Şerraý bolsa aýalyň» diýenem goşgyňyz bar ahyry — diýdim.
— Bir gezek üýşüp Tejene bardyk. Şonda «boşlawrak öý» diýip, biriniň öýünde myhman bolduk. Türkmende «Bir gün duza müň gün salam» diýilýär. Duz iýen ojagyň gürrüňini etmegem-ä gelşikli däl. Ýöne juda ownuk zat üçin, gül ýaly äriniň ýüzüni ýere salyp, şerraýlyk edeni üçin şu wagtam göz öňümde. Myhman öýümiň zenanynyň täsirinden dörän goşgy bu — diýip başyny ýaýkady.
Myrat aga! Gelenimiz bäri dutar çalyp, aýdym aýdyp, goşgy okap, öýi alaýaz etdiňiz. Tüweleme, Ýazgül gelneje ikiňiziň özüňiz bir teatr. Ogul-gyzyňyz häzir öýde ýokmy? Käbir aksakgallaryň «Çagadan çykamyzsoň, agtyklaň sesem känbir ýarap baranok» diýäýýäni bolýar. Maşgala ýagdaýyňyz nähili?
— Türkmende «Çagaly öý bazar» diýilýändir. Ogul-gyzym öýli-işikli. Agtyklarym bar. Gyzym hepde-de diýen ýaly gelip, halymdan habar alýar. Öý-içerimi syryp-süpürip arassalaýar. Gaýtjak wagtam holodilnigimizi arassalap gidýär — diýip degişdi. Ol: «Degişmän, gülüşmän oturmak meniň üçin gaty kyn» — diýdi-de, dutarsyz barmaklaryny jykgyldadyp «Azerbaýjanym meniň» diýip, aýdym aýtdy. Özüni görmän diňlän bolsam, Azerbaýjanyň halk artistleriniň biridir öýderdim. Asyl 1948-iň ýer yranmasynyň şarpygy Myrat aga-da degipdir. Kesegiň aşagyndan çykarylansoň, aýagynyň dyzy ýazylman azar çekýär. Ol bir ýyllap Baku şäherinde keselhanada ýatypdyr. «Azerbaýjan doganlarymyz şeýlebir adamkärçilikli, mähriban eken. Olaryň şol kyn günlerdäki duýgudaşlygy hiç wagtam ýadymdan çykmaz. Şonda Polat Bilbil ogluny, sungat adamlaryny, bagşy-sazandalaryny kän diňledim. Dillerini öwrendim. Umuman, köp dili bilmegiň zehiniň ýiti bolanda-da, taplanmagyňda ähmiýeti uly» diýip düşündirdi. Gürrüňdeşligimizde ol özüniň dynç alyşdadygyny aýtdy. Emma ol bir ýerde daňyp goýaýmasaň oturyp karar tapjaga meňzänok. Bu pikirimi aýtdym welin,
— Dogry aýdýaňyz. Sessiz ümsüm otursam, daga-daşa gurt düşäýjek ýaly. «Toý-tomgy» diýip äkidýärler. Halkymyz üçin zähmetimi gaýgyramok. Ol günem batyllaryň mekdebine çagyrdylar. Şol ýerde çykyş edip, sogap gazanyp geldim.
Goşgy ýazýan, aýdym aýdýan. Kitap okaýan, boş oturamok. Birnäçe goşgularym metbugatda çykdy. Halk Maslahatyna gatnaşdym. Ýanyma tanyş-bilişler oturmaga gelýärler. Olara degişme aýdyp berýän, degşip-gülşüp oturýas — diýdi. Degişme gürrüňleriňizden bize-de aýdaýyň diýdim. Ol:
— Bu sowet döwründe bolan waka. «Ýartygulakda» işleýärdim. Bir gezek işe barýan. Gündiz tüp yssyda arakdan lül doýan iki sany ýigit:
— Dur, Ýartygulak! — diýip sakladylar. Ýakamdan tutubam, bir-ä:
— Şu wagt gündiz gerek? — diýýär. Beýlekisem aýagyma depip:
— Gije gerek? — diýip soraýar. Rejeleriniň gowy däldigini bildim-de:
— Oglanlar, men bu ýerli däl — diýdim welin goýberäýdiler.
***
Tomsuň jöwza yssysy. Iki sany adam agyz bekleýärmiş. Derýaň boýunda ikisem suwsuz kösenip duran. Onsoň bularyň biri:
— Eý, şu wagt derýaň düýbündäki balyklar näme işleýärkä? — diýip, ýoldaşyndan soraýar. Ýoldaşy:
— Suwa bök-de, barlap göräý — diýip, maslahat berýär.
Ol diýenlerine mähetdel suwa böküp, az wagtdanam:
— Derýaň düýb-ä hezil eken — diýip, suwdan çykýar. Onda ýoldaşy:
Aý, ýokarsam erbet däl eken — diýipdir. Agyz bekläp, oraza tutmak ýeňil däl, hemme başarmaýar — diýdi.
Söhbetdeşligimiziň soňunda Myrat aga Elbendiň sözlerine:
— Iýip-içmeli dünýedir,
Gülüp geçmeli dünýedir —
diýip, ruhubelentlik bilen aýdym aýdyp berdi. Haçan-da biz, töwirden soň hoşlaşyp turmakçy bolanymyzda, ol bir gysym süýjini elime berip:
— Süýji günüňiz kän bolsun! Mähir bilen açan gapylaryňyz dostluk saýasyny salsyn! — diýdi.
Bu sözlere begenjimden ganatlanan ýaly boldum. Içimden «Ruhnama» kitapdan okan: «Iň baý kişi — mähre baý adamdyr. Türkmen mähre baý bolmalydyr. Garaşsyz we baky Bitarap türkmen ilimiz dostlugyň we doganlygyň ili bolmalydyr» diýen sözleri gaýtalap, öýüme ýetdim. Şol pursatlarda edebiýat, döredijilik meýdany meniň üçin dostlugyň, doganlygyň bir-birege mähirliligiň mesgeni bolup duýuldy. Ynha, şular hakynda oýlanyp oturyşyma Myrat aganyň şägirtleriniň biri halypa Nurjahan Saparowa jaň etdim. Oňa Myrat aga hakynda ýatlama ýazmak pikirimiň bardygyny aýtdym. Nurjahan gelneje jaň-jak gülüp: «Myrat Nyýazowiç ýatlanmaly halypalaň biridir. Kakam Durdy Saparow radionyň režissýory, ejem Oguljahan Mämikowa radionyň diktory bolansoň, Myrat agany kiçiligimdenem tanaýardym. Öýümize kän gelerdi. Haçanda radioda diktor bolup işe başlamda-da sesimi barlap, alypbaryjylyk ukybym gözden geçirilende-de ussat halypalar bilen birlikde Myrat Nyýazowiçem maňa tekst okadyp synagdan geçirenleň biridi. Şo mahallar «Aşgabat» radio žurnaly, «Işçi» radio žurnaly, «Altyn toprak» radio žurnaly, «Bahar» radio stansiýasy ýaly dürli ugurlara degişli gepleşikler berilýärdi. Gepleşikleriň her haýsynyň öz talaby, aýratynlygy bardy. Başlangyç ädimimde halypalaryň her biri öz toplan tejribeleri esasynda alyp barýan žurnallaryna nähili äheň bermelidigini öwrederdiler. Ýaş bolamyzsoň käte öýke-kine etjek bolýan wagtlarymyz bolýandyr-da, ýüzümizden aňyp: «Talap etmesek, gepleşik gowşak çyksa, diňleýjileriň göwnünden turmaz» diýip düşündirerdiler. Myrat aga bolsa, degişme gürrüňler aýdyp öýke-kinämizi ýatdan çykardardy. Ilki işe baraýan wagtlarym birden zaldan pişigiň sesi eşidildi. Edara pişik girendir öýdüp ses gelýän tarapa seretdim. Uly halypalar: «Myrat Nyýaz gelendir» diýdiler. Hakykatdanam şeýle. Soň öwrenişdik. Ertekiler esasynda radio oýunlar goýlanda Myrat aganyň erteki gahrymanlarynyň rolunda oýnan ses ýazgylary bar. Şol radio oýunlary häli-häzirem diňlänimde halypalaryň her haýsy bilen bagly ýatlamalar hakydama gelýär. Myrat aganyň bolsa gülküli degişmeleri ýadyma düşüp biygtyýar ýylgyranymy duýman galýan — diýdi. Ol mamla. Sebäbi Myrat Nyýazow gülki meýdanynyň pälwany.
Akgül Saparowa.