SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Moskwada örtük dakynmak düzgüni ýatyrylýar

2022-nji ýylyň 15-nji martyndan Russiýanyň paýtagty Moskwada agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni ýatyrylýar. Bu barada degişli karara şäheriň häkimi Sergeý Sobýanin gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, örtük dakynmak düzgüni ýapyk ýerlerde we ulaglarda hem ýatyrylýar. Şäher häkiminiň habar bermegine görä, bu karar şäherdäki epidemiologik ýagdaýyň yzygiderli gowulaşmagy sebäpli kabul edildi.

– Epidemiýa ýagdaýynyň durnukly gowulaşmagy bize köpden bäri garaşylýan karary bermäge mümkinçilik berýär. 2022-nji ýylyň 15-nji martynda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatyrýarys. Şeýle hem Moskowanyň şäher häkimligi tarapyndan kärhanalarda we guramalarda girizilen hökmany koronawirus bilen baglanyşykly öňüni alyş çäreleri ýatyrylýar: işgärleriň yzygiderli beden gyzgynlygyny ölçemek, iş ýerlerinde araçägi saklamak üçin döredilen gurnamalar aýrylýar – diýlip, şäher häkiminiň jemgyýetçilik torundaky hasabynda bellenilip geçilýär.

Moskwada agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni 2020-nji ýylyň bahar paslynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyny azaltmak üçin girizilipdi.

 

Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri