JEMGYÝET

Milli Liderimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Gahryman Arkadagymyz şäheriň abadançylygyna, bezeg işlerine zerur üns berilmelidigini belläp, meýilleşdirilen halkara çärelerde ýurdumyzyň ösüşleriniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerleriň bezeg aýratynlyklaryna, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunda gök zolaklar talabalaýyk bolmalydyr we alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri ýokary ekologik talaplara laýyk gelmelidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzda alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleriniň barşy bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleri häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda dowam etdirmek, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek barada maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk edýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak wekilçilikli forumyň guramaçylyk derejesine degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny äleme äşgär edýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. Şunda ähli gulluklarda nobatçylygyň ýola goýulmagyna, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine, şäheriň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň kadaly bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýedigini, hemme döwletler bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belläp, şanly senäniň hormatyna guraljak halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň Bitarap döwletimiziň at-abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (43-sany)

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlar kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetine garaldy

Oguljahan Atabaýewa Bütindünýä çagalar güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri