Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy özüniň täzelenen web saýtynda Daşary ýurtlara gidýänler üçin umumy maslahatlary neşir etdi. Daşary ýurda dürli maksatlar üçin gidýänlere, şeýle hem ol ýerde bolýanlara peýdaly bolup biljek bu maslahatlary okyjylarymyza ýetirýäris.
Hormatly raýatlar!
Daşary ýurtlara gitmekçimi? Onda üns beriň!
Daşary ýurtlara gitmegi meýilleşdireniňizde şol ýurda barmak üçin wizanyň ýa-da degişli rugsatnamanyň zerurlygy we ony resmileşdirilmegiň tertibi barada anyk öwreniň!
Barylýan ýurduň wizalaryny resmileşdirmegiň tertibi barada giňişleýin maglumat almak üçin şol ýurduň diplomatik wekilhanalaryna we konsulluk edaralaryna ýa-da olaryň internet sahypalaryna ýerleşdirilen maglumatlar bilen tanyşsaňyz maksadalaýyk bolar.
Ýola çykmazdan öň hökmany suratda resminamalaryňyzyň (pasport, wiza, ýol petegi we beýleki) ýerbe-ýerligini barlaň! Şeýle hem, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsulluk edaralarynyň ýerleşýän ýeriniň salgylaryny, telefon belgilerini hem-de elektron salgylaryny öwrenmeklik maslahat berilýär.
Pasportda bar bolan şahsy maglumatlaryňyzyň daşary ýurtlara barmaklyga rugsat berýän resminamalardaky (wiza, ýaşamaga ygtyýarnama) maglumatlaryna gabat gelýändigini barlaň, olary ykjam we göwnejaý ýerde saklaň! Pasportlaryňyzyň we wizalaryňyzyň möhletine üns beriň! Wizalaryň möhleti başlamazdan öň size ýurduň çäginden çykmaklyga rugsat berilmejekdigini unutmaň! Wiza möhletiniň dolýan senesine çenli barylýan ýurduň çäginde bolup biljekdigiňizi, eger-de siz daşary ýurtda bellenen möhletden köp bolmak isleseňiz, wizanyň möhletiniň uzaldylmalydygyny ýa-da möhleti dolmazdan öň yzyňyza dolanyp gelmelidigini ýatladýarys.
Hormatly raýatlar!
Barýan ýurduňyzyň kanunlaryny berjaý ediň we däp-dessurlaryna hormat goýuň! Daşyndan adaty görünýän käbir endikleriňize, aýdýan sözleriňize barýan ýurduňyzda düýbünden başgaça düşünilip, sizi oňaýsyz ýagdaýa düşürmez ýaly her bir hereketiňize üns beriň!
Barylýan ýurduň diliniň iň esasy sözlerini ýa-da sözlemlerini bilmegiňiz ýerli ilat tarapyndan gowy garşylanyp bilinjekdigini-de unutmaň!
Daşary ýurtlarda bolan döwrüňizde pasportlaryňyzy ygtybarly ýerlerde saklaň!
Pasportlaryňyzyň we beýleki zerur resminamalaryňyzyň nusgalaryny alyň we olary asyl nusgalaryndan aýry ýerde saklaň! Bu nusgalar resminamalaryňyzy ýitiren halatyňyzda gerek bolar. Pasportyňyzy ýitiren ýa-da ogurladan halatyňyzda we beýleki göz öňünde tutulmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda: (ýol hadysasy, tussag edilmek, adam söwdasynyň pidasy bolmak we beýleki hukuk çänlendirmelere sezewar bolmak) haýal etmän Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralaryna habar bermegiňizi maslahat berýäris. Agzalan edaralar ýurda dolanyp barmak üçin bellenen tertipde ýardam berýär, şeýle hem pasportyňyzy ogurladan ýa-da ýitiren halatyňyzda Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamany resmileşdirip bermek boýunça degişli işleri alyp barýar. Eger-de siziň bolýan ýeriňiz Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýerleşýän ýerinden uzakda bolsa, onda telefon ýa-da beýleki aragatnaşyk serişdeleri arkaly habarlaşyp zerur resminamalaryň sanawyny alyp bilersiňiz.
Sebit aýratynlyklary
Daşary ýurtlarda bolan döwrüňizde howply ýokanç keselleriň döremeginden gaça durmagyňyzy we munuň üçin sanitariýa we arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegiňizi ýatladýarys.
Islenilmeýän hadysalardan nädip gaça durmaly
Daşary ýurtlara syýahata çykan wagtyňyzda el-goşlaryňyzda bar bolan emläkleriň howa gatnawy üçin köp zadyň gadagan edilip bilinjekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Uçar biletleriňizi ýitirmäň. Uly söwda merkezlerine ýa-da köp adamly ýerlere baranyňyzda seresap boluň we şahsy zatlaryňyzy we resminamalaryňyzy howpsuz ýerde saklaň. Awtoulag kireýine alan bolsaňyz, ähli resminamalaryň, esasanam ätiýaçlandyryşyň bardygyny we dogrulygyny üns bilen barlaň, heläkçilik ýüze çykan halatynda zyýan üçin uly çykdajy döräp biler. Maşyn bilen syýahat edeniňizde, sebitiň kartasyny almagy ýatdan çykarmaň.
Konsullyk edarasynda hasaba durmak
Daşary ýurtlarda syýahat etmegi meýilleşdirýän raýatlara, daşary ýurtda bolmagyň maksadyna we dowamlylygyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda bellige alynmagyny we ýazylmagyny maslahat berýäris. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary öz konsullyk çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlaryny hasaba alýarlar. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen olaryň hasabyny ýöredýärler. Hasaba almak raýatyň özüniň Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna ýüz tutmak arkaly tölegsiz esasda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň raýatlaryny daşary ýurt okuw jaýynda bellige almak meýletin amaldyr we raýatlaryň hukuklaryny, bähbitlerini we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kanuna laýyklykda raýatlar tarapyndan berlen aragatnaşyk maglumatlarynyň konsullyk işgärleriniň ýazgylaryndan ybaratdyr. Hususan-da, daşary ýurtda adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda raýatyň ýaşaýan ýeri barada gysga wagtyň içinde özi ýa-da garyndaşlary bilen gyssagly aragatnaşyk usullary barada maglumatlar ähmiýete eýe bolup biler.
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR
Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.
“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”
Aksaray mahallesi Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Kat:4 Fatih/ İstanbul
E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com
WhatsApp Atavatan : +90 532 401 71 52 ýa-da +90 530 251 36 73