SPORT

Messi galar, ýöne bir şert bilen…

Ispaniýanyň  “Barselona” toparynyñ hüjümçisi Lionel Messi şu ýylky möwsümiñ ahyrynda toparyny terk edip biler. “El Confidental” saýtynyñ habar bermegine görä, Messi toparda özüni bagtsyz hasaplaýar. Argentinaly oýunçy, “Barselona” toparynyñ ýolbaşçylaryna, Ernesto Walwerdany işinden çykarylandygy üçin nägilelik bildirdi. “Barselona” topary Messi bilen 2021-nji ýyla çenli şertnama baglanyşypdy.

Bir şert bilen Lionel Messi “Barselona” toparynda galyp biler, eger-de toparyň düzümine Fransiýanyň PSŽ toparynda oýnaýan Neýmaryň täzeden goşulan halatynda bolup biler.

Braziliýaly oýunçy Neýmar öñ hem “Barselona” toparynda 2013-2017-nji ýyllar aralygy çykyş etdi. Şu möwsümde Lionel Messi 31 oýun geçirip, 16 gezek ýardam pasyny we 24 gezek gol geçirmegi başardy.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi