SPORT

“Bawariýa” Boatengi, Tolissony we Martinesi satmakçy

Germaniýanyň «Bawariýa» topary şu ýylyň tomsunda 3 futbolçysyny satmakçy bolýar. Mýunhen toparynyň ýolbaşçy düzümi goragçy Žerom Boateng hem-de ýarymgoragçylar Hawi Martines we Karenten Tolisson bilen şertnamasynyň möhletini ýatyrmak isleýär.

Şeýle hem “Bawariýa” topary Italiýanyň “Inter” toparyndan Iwan Perişiçi satyn almagy meýilleşdirýär. Mundan başga-da, derwezebany Manuel Noýer we hüjümçisi Tomas Mýuller bilen şertnamasynyň möhletini uzaltmagy göz öňünde tutýar.

Bulardan başga-da, Dawid Alabanyň hem ykbaly belli däl. Bu goragçynyň şertnamasynyň möhleti 2021-nji ýylda tamamlanýar. Onuň bilen “Barselona” we “Real Madrid” toparlary gyzyklanýar.

Related posts

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

7 ýyldan soňra çempion boldy

Dünýä çempionaty-2026: Gonkong:2 – 2: Türkmenistan

Ata Watan Eserleri