SPORT

Transfer täzelikleri: Depaý “Atletiko Madride” geçdi

Futbol toparlarynyň gyşky transfer möwsümi dowam edýär. Toparlar bu döwürde düzümini güýçlendirmek üçin täze futbolçylary satyn alýar.

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň düzüminde çykyş edýän niderlandly Memfis Depaý “Atletiko Madrid” toparyna geçdi. Depaý bilen täze toparynyň arasynda 2,5 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Niderlandly futbolçy 3-4 million ýewro gazanar. Ol şu möwsümde “Barselona” toparynyň düzüminde 4 duşuşykda oýnady.

Germaniýanyň güýçli toparlaryndan “Bawariýa” özüne täze derwezeçi aldy. Toparyň esasy derwezeçisi Manuel Noýer şikes alypdy. Onuň ornuna “Borussiýa Gladbah” toparyndan şweýsar derwezeçi Ýan Zommeri aldy. 34 ýaşyndkay derwezeçi bilen 2025-nji ýylyň to9msuna çenli şertnama baglaşyldy we futbolçy 5 million ýewro gazanar.

Angliýanyň “Çelsi” topary düzümini güýçlendirmegi dowam edýär. Bu topar eýýäm birnäçe möhüm futbolçylary satyn aldy. bu gezek Niderlandlaryň “PSW” toparyndan ýarymgoragçy Noni Maduekeni satyn aldy. 20 ýaş futbolçy bilen 7,5 ýyllyk şertnama baglaşyldy. “Çelsi” topary täze ýolbaşçysy amerikaly işewür Todd Bouliniň döwründe 14-nji futbolçyny düzümine goşdy.

Ýene-de okaň

Ronaldo dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy