SPORT

Messi dünýä futbolynyň ösüp barýan 15 ýyldyzyny mälim etdi

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi dünýä futbolynyň ösýän ýyldyzlary hasaplanýan 15 ýaş oýunçynyň sanawyny düzdi. Argentinaly her bir futbolçy barada gysgaça düşündiriş berdi. Messiniň sanawynda şu möwsümde gowy çykyş edip, öňe saýlanan Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň futbolçysy Erling Hollandyň ýokdugy köpleriň ünsüni çekdi.

Sanaw şeýle:

  1. Trent Aleksandr-Arnold (“Liwerpul”) – hüjüme okdurylmak bilen uly üstünlik gazanan goragçy. Geljegi uludyr.
  2. Kristian Pulisiç (“Çelsi”) – ajaýyp deňagramlylygy we ussatlygy bar.
  3. Mason Mount (“Çelsi”) – iň gowularyň birine öwrülip bilýär.
  4. Fil Foden (“Mançester Siti”) – Oýunda ajaýyp tilsimler eder. Uly zehin.
  5. Jeýdon Sanço (“Borussiýa Dortmund”) – Goragçylary aldap geçmek ukyby ýokarydyr.
  6. Luka Ýowiç (“Real Madrid”) – mümkin bolmadyk zady edýän jadyly oýunçy.
  7. Kaý Hawers (“Baýer”) – ýaşyny göz öňünde tutup, onuň garşydaş derwezesiniň golaýyndaky özüne erk etmegi täsirli.
  8. Eder Militao (“Real Madrid”) – ajaýyp zehin, ýiti bäsdeş.
  9. Usman Dembele (“Barselona”) – türgenleşikdäki tizligi gorkunç.
  10. Ussem Auar (“Lion”) – top onda wagty elmydama asuda, ajaýyp tilsim.
  11. Frenki De Ýong (“Barselona”) – öz döwrüniň iň ökde başga birine top geçirýän futbolçylaryň biridir.
  12. Joau Feliş (“Atletiko Madrid”) – häzirki wagtda dünýäniň iň tolgundyryjy ýaş oýunçylaryndan biridir.
  13. Kilian Mbappe (PSŽ) – örän çalt we hüjümleri nädip tamamlamalydygyny bilýär. Örän howply oýunçy.
  14. Ýozua Kimmih (“Bawariýa”) – gaty zehinli goragçy.
  15. Benžamin Pawar (“Bawariýa”) – ajaýyp goragçy.

Ýene-de okaň

Winisius transfer rekordyny goýup biler

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden gidýar

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji martda badalga alar

Gwardiola saud toparyndan gowy teklip aldy

Ata Watan Eserleri

Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin hödürnama berdiler

Ata Watan Eserleri

Yslam raýdaşlyk oýunlary Er-Riýadda geçiriler