SPORT

Messi “Barselonada” galýar

Ispaniýanyň «Barselona» toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messiniň şu ýylyň tomsunda toparyndan mugt gidip bilmeýändigi mälim edildi.

32 ýaşly argentinalynyň kataloniýalylar bilen baglaşan şertnamasynda oýunçynyň erkin agent hökmünde topary terk edip biljekdigi beýan edilipdi.

“ESPN” internet neşiriniň habar bermegine görä, şertnamadaky bu madda güýji ýatyryldy. 2017-nji ýylda Messi topary bilen 2021-nji ýylyň tomsuna çenli şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Şol şertnamada futbolçynyň toparyň ýolbaşçylaryna topardan gitmek baradaky islegini beýan eden halatynda 2020-nji ýylyň tomsunda topardan mugt gitmek mümkinçiligine eýedi. Emma Messi bu babatda toparyň ýolbaşçylaryna hiç hili beýanat bilen ýüz tutmady. Şeýlelikde ol toparda galýar.

Lionel Messi bu topar bilen 6 gezek “Ballon d’Or” baýragyna eýe boldy. 2000-nji ýylda “Barselonanyň” hataryna goşulyp, 2005-nji ýylda esasy düzümde oýnap başlady.

Messi şu möwsümde 22 duşuşykda 19 gezek tapawutlandy. Ispaniýada futbol çempionaty 11-nji iýunda başlaýar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi