MEDENIÝET

Meşhur režissýor ilkinji gezek şekilli aýdym surata düşürdi

Golliwudyň dünýä belli režissýory Stiwen Spilberg ilkinji gezek wideoşekilli aýdym surata düşürdi. Bu barada “CNN” teleýaýlymy habar berýär. Bu şekilli aýdym ýazgysy “Mumford & Sons” toparynyň esaslandyryjysy Markus Mamford üçin taýýarlandy.

Bu aýdym sazandanyň solo albomynda orun alar. Gara-ak reňkde surata düşürilen wideo ýazgy Spilberg tarapyndan smartfon arkaly surata düşürildi. Wideo ýazgylar Nýu-Ýork şäherindäki sport zallarynyň birinde alnyp baryldy.

Wideo ýazgylaryň netijeli hem-de üýtgeşik bolmagy üçin Stiwen Spilbergiň aýaly Keýt Kepşou ony oturgyçda iki ýana hereket etdirdi. Ýagny aýaly Spilberge bu wideoşekilli aýdymy ýazgy etmäge kömek eden ýeke-täk adam boldy.

Aýdymçynyň bu albomynyň şu ýylyň 16-njy sentýabrynda halk köpçüligine hödürlenmegine garaşylýar.

Stiwen Spilberg kino dünýäsiniň iň netijeli we üstünlikli režissýorlarynyň biridir. Onuň surata düşüren köp sanly filmleri uly baýraklara mynasyp boldy. Spilberg “Time” žurnaly tarapyndan XX asyryň iň täsirli 100 adamynyň biri hökmünde saýlandy.

“Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, Stiwen Spilbergiň baýlygy 3,7 milliard dollara barabardyr.

 

 

Yssydan goranmagyň düzgünleri

Ýene-de okaň

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy

Magtymgulyşynaslar üçin möhüm gollanma