Dünýä belli aýdymçy Beýonse “TikTok” gysga göwrümli wideoýazgylary halk köpçüligine hödürlemäge mümkinçilik berýän jemgyýetçilik toruna goşuldy. Gysga wagtyň içinde millionlarça yzarlaýjysyna ýeten ýyldyz aýdymçysynyň ilkinji halk köpçüligi bilen paýlaşan habarnamasy takmynan 5 million gezek tomaşa edildi.
Ony yzarlaýan sany birnada 3,5 milliona ýetdi. Şeýlelikde, Beýonseniň aýdymlary platformanyň ulanyjylary üçin elýeterli boldy.
Bu şertnama bilen “TikTok” ulanyjylary mundan beýläk meşhur aýdymçynyň hem täze hem-de köne aýdymlardan peýdalanyp bilerler.
Beýonseniň “Instagram” jemgyýetçilik torunda 268 million, “Facebook” torunda 56 million, “Twitter” torunda 15,5 million we “YouTube” torunda bolsa 24,7 million yzarlaýjysy bar.
Beýonse Žizel Noulz-Karter 1981-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda dünýä indi. Beýonse ady bilen tanalyp, meşhur aýdymçy, aktrisa, tansçy hem-de saz prodýuseridir. Çagalykdan aýdym-saza uly höwes bildiren Boýonse 19990-njy ýyllaryň ahyrynda meşhur bolup başlady. Ol “Gremmi” baýraklary gazanmakda rekord goýan aýdymçylaryň biridir. Ol bu ugurda 28 baýrak gazandy.
Ol “Forbes” we “Time” žurnallary tarapyndan dünýäniň iň täsirli we meşhur aýdymçylarynyň ilkinji 100-ligine girdi.
“TikTok” Hytaýda döredilen we soňky birnäçe ýylda uly meşhurlyga eýe bolan jemgyýetçilik torlarynyň biridir. 2016-njy ýylyň sentýabrynda döredilen bu jemgyýetçilik tory 5 ýylda 40 dilde elýeterli boldy.
“TikTok” torunyň goşundysy 150 ýurtda 1 milliarddan gowrak ulanyjy tarapyndan ulanylýar. Käbir maglumatlara görä, “TikTok”-yň aýlyk tomaşaçylarynyň sany 1 milliarddan geçýär.