SPORT

Mbappe Messi bilen oýnamagy dowam etdirer

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň ýaş ýyldyzy Kilian Mbappeniň Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna geçmek mümkinçiligi başa barmady. Transfer möwsümiň ýapylmagyna az wagt galandygy sebäpli, bu transferi durmuşa geçirmek kynrak bolýar.

Mbappe hem muňa düşünmek bilen kabul edip, täze möwsümi hem toparda geçirmegi dowam etdirer. Şeýlelikde, futbol janköýerlerine Messi-Mbappe-Neýmar üçlüginiň futbolyny tomaşa etmäge mümkinçilik döreýär.

Ýöne, Mbappe fransuz topary bilen şertnamasyny uzaltmagy göz öňünde tutman, ol şertnamasynyň ahyryna çenli toparda galmagy meýilleşdirýär. Şertnamanyň möhleti öňümizdäki tomus paslynda tamamlanýar.

“Real Madrid” topary Mbappeni satyn almak üçin fransuz toparyna 180 million ýewro hödürledi. Fransuz topary bu teklibi kabul etmedi.

Mbappe indiki möwsümde şertnamasynyň möhleti tamamlandygy üçin belki “Real Madrid” toparyna mugt hem geçip biler.

 

Internet ulanyjylarynyň 75 göterimi habar okaýar

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy