JEMGYÝET

Matwiýenkodan milli Liderimize gutlag haty

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko milli Liderimize gutlag hatyny iberdi.

Şol gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn.

Parlamentarileriň ses bermeleriniň netijeleri Siziň raýatlyk ylalaşygynyň saklanmagy, milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagy, ýurduň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň pugtalanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen syýasatyňyzyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Siz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ýokary döwlet wezipesinde yhlasly zähmet çekýärsiňiz we ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ägirt uly goşant goşýarsyňyz.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde Size iki ýurduň arasynda parlament hyzmatdaşlygyna hemişe üns we goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk sözleri aýdylýar.

Döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine berilýän goldaw durnukly häsiýete eýedir. Russiýa Federasiýasynyň senatorlary bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, parlament toparlarynyň we ugurdaş komitetleriň ulgamy boýunça özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdiriljekdigine bil baglaýaryn.

Biziň bilelikde alyp barýan işlerimiziň ähli ugurlardaky ikitaraplaýyn möhüm gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna pugta ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw edýärin.

Size bolan çuňňür hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

 

“Inter” 11 ýyldan soňra çempion boldy

Ýene-de okaň

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Jalpa Ratna: ÝUNISEF Türkmenistanyň haýyr-sahawat gazna bilen hyzmatdaşlygyny berkider

Ata Watan Eserleri

Narine Saakýan: Türkmenistanda çagalar döwlet aladasy bilen gurşalan

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllyk dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri