DÜNÝÄ

Masud Pezeşkian Eýranyň täze Prezidenti wezipesine tassyklandy

Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy lideri Aýatolla Ali Hamaneý Masud Pezeşkiany ýurduň täze prezidenti wezipesine resmi taýdan tassyklady.

Eýranyň metbugatynyň habaryna görä, Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi wagtyndan öň geçirilen prezident saýlawlary barada resmi beýanat berdi we Eýranyň halkyny saýlawlaryň üstünlikli geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Aýatolla Ali Hamaneý resmi taýdan Masud Pezeşkiany ýurduň prezidenti wezipesine tassyklady we Masud Pezeşkian ýurduň 9-njy Prezidenti boldy.

Masud Pezeşkian 30-njy iýulda ýurduň Mejlisinde kasam kabul eder. Pezeşkianyň resmi týadan wezipesine girişmek dabarasyna 10 ýurduň döwlet Baştutany, 15 parlamentiň ýolbaşçysy, 16 wise-prezident, wise-premýerler, parlament ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, ministrler, şeýle hem 17 ýurduň wekilçilikli topary gatnaşar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Masud Pezeşkianyň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi

Halkara zenanlar güni: Türkmenistanyň we Eýranyň zenanlarynyň duşuşygy

Russiýa ABŞ-a täze ilçi belledi

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda halkara simpoziumyna gatnaşdy

4 ýurduň nebit kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri