DÜNÝÄ

Masud Pezeşkian Eýranyň täze Prezidenti wezipesine tassyklandy

Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy lideri Aýatolla Ali Hamaneý Masud Pezeşkiany ýurduň täze prezidenti wezipesine resmi taýdan tassyklady.

Eýranyň metbugatynyň habaryna görä, Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi wagtyndan öň geçirilen prezident saýlawlary barada resmi beýanat berdi we Eýranyň halkyny saýlawlaryň üstünlikli geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Aýatolla Ali Hamaneý resmi taýdan Masud Pezeşkiany ýurduň prezidenti wezipesine tassyklady we Masud Pezeşkian ýurduň 9-njy Prezidenti boldy.

Masud Pezeşkian 30-njy iýulda ýurduň Mejlisinde kasam kabul eder. Pezeşkianyň resmi týadan wezipesine girişmek dabarasyna 10 ýurduň döwlet Baştutany, 15 parlamentiň ýolbaşçysy, 16 wise-prezident, wise-premýerler, parlament ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, ministrler, şeýle hem 17 ýurduň wekilçilikli topary gatnaşar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Masud Pezeşkianyň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar