SPORT

Türkmenistandan iň ýaş emin Pariž Olimpiadasyna gatnaşýar

Dünýäniň 200 töweregi döwletiniň iň saýlama türgenlerini bir ýere jemleýän nobatdaky tomusky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşandygyny buýsanç bilen bellemek bolar.

Türkmen türgenleriniň ýaryşa gatnaşýan döwründe Türkmenistandan iň ýaş eminiň Pariž Olimpiadasyna gatnaşýandygyny bellemek bolar. Bu barada “sportcom.gov.tm” neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Halkara agyr atletika federasiýasynyň tehniki komitetiniň agzasy Çarygeldi Mämmedow halkara derejeli emin hökmünde iri ýaryşlara gatnaşýar.

Ol dünýä çempionatlarynyň we Aziýa oýunlarynyň synagyndan geçip, Tokio Olimpiadasynda eminlik etmäge çagyryldy. Aziýa yklymyna wekilçilik edýän eminler saýlanyp-seçilende Türkmenistandan Çarygeldi Mämmedowyň saýlanyp alynmagy kanunalaýyklyk hasaplanylýar.

Özem onuň Pariž Olimpiadasynda agyr atletika eminlik edýän hünärmenleriň iň ýaşydygy ildeşimiziň tejribeli eminleriň sanawyna girýändigini buýsanç bilen nygtamaga esas berýär.

Related posts

Çempionlar ligasy: iňlis toparlarynyň finaly

Pariž-2024: şygary we biletleriň bahasy belli boldy

Ata Watan Eserleri

Rus futbolçysy Italiýada oýnar