JEMGYÝET

Maşgala (FM) wizasyny resmileşdirmek üçin resminamalar

Maşgala (FM) wizasyny resmileşdirmek üçin:

1) Daşary ýurt raýatyna maşgala (FM) wizasyny resmileşdirmek üçin ýüztutma, 3 nusgada;

2) maşgala (FM) wizasyny resmileşdirmek üçin ýüz tutulýan daşary ýurt raýatlarynyň sanawy, 3 nusgada;

3) işewürlik, işçi, talyp ýa-da sport wizasy esasynda Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatynyň ýelmenen wizasy bolan hakyky daşary ýurt pasportynyň  nusgasy;

4) işewürlik, işçi, talyp ýa-da sport wizasy esasynda Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatynyň maşgala agzalarynyň (äri/aýaly, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary we eklenjinde bolýan ata-enesi) hakyky daşary ýurt pasportynyň nusgasy;

5) olaryň garyndaşlygyny tassyklaýan resminamalar;

6) ýüz tutýan tarapyň ygtyýarly edilen wezipeli adamy tarapyndan wiza işleri boýunça ygtyýarly wekiline berýän ynanç haty (birinji gezek ýüz tutanda, ynanç hatynyň möhleti tamamlananda ýa-da üýtgetmeler girizilen ýagdaýlarynda) talap edilýär.

Source : www.migration.gov.tm

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady