SPORT

Marten Furkad sport bilen hoşlaşýar

Sportuñ biatlon görnüşiniñ 5 gezek Olimpiýa çempiony bolan fransiýaly Marten Furkad möwsümiñ soñunda öz sport ýolyny tamamlar. Bu barada Furkad öz “Twitter” sahypasynda belläp geçýär. Olimpiýa çempiony  fransiýaly türgenleriñ arasynda birinji orny eýeleýär. Ol 13 gezek dünýä çempiony, 7 gezek dünýäniñ kubogyny, Fransiýanyñ ençeme çempionlygyny gazandy. Marten biatlon sportynyñ taryhy boýunça, ýagny baýraklary boýunça birinji orny eýelýär. Marten Furkad sport ýoluny 2018-nji ýylda geçen Olimpiýa oýunlaryndan soñ tamamlamak isläpdi. Soñra bu kararyndan ýüz öwrüp, sport ýoluny dowam etdiripdi.

Sport ýoluny tamamlan soñ, Furkad biatlon sportuynda galmak isleýändigini bildirdi. Biatlon ýyldyzy dünýädäki muşdaklaryna ony goldan üçin köp sag bolsunyny aýtdy. Marten Furkad soñky ýaryşyny şu gün geçirer.

Ýene-de okaň

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy