SPORT

Mareska “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Italiýaly Enzo Mareska Angliýanyň “Çelsi” futbol klubynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada London klubynyň metbugat gullugy habar berýär.

“Klubda işlän döwründe Enzo topary Konferensiýalar ligasynda we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda üstünlige alyp bardy. Bu ýetilen sepgitler klubyň täze taryhynyň möhüm bölegi bolup galar, biz oňa klubyň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirýäris. Dört sany ýaryşda, şol sanda Çempionlar ligasyna gatnaşmak ýaly birnäçe esasy wezipeleriň entek çözülmelidigini göz öňünde tutup, Enzo we klub tälimçiler düzüminiň çalşylmagy topara möwsümi dogry ugra gönükdirmek üçin iň gowy mümkinçiligi berer diýen karara geldiler” diýlip, habarda aýdylýar.

“Çelsi” 19 oýundan soň 30 utuk bilen Angliýanyň çempionatynda bäşinji orunda barýar. Dürli ýaryşlarda geçirilen soňky dokuz oýunda topar iki ýeňiş gazandy, dört gezek deňme-deň oýnady we üç gezek ýeňildi.

Mareska 45 ýaşynda, ol 2024-nji ýylyň iýun aýynda “Çelsi”-niň tälimçisi bolupdy. 2025-nji ýylda London topary Konferensiýalar ligasynyň ýeňijisi boldy we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň finalynda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, kubogy gazandy.

Mundan ozal Mareska Angliýanyň “West Hem”, “Mançester Siti” we Ispaniýanyň “Sewilýa” klublarynda baş tälimçiniň kömekçisi bolup işläpdi. Şeýle hem ol Angliýanyň “Lester” toparyna ýolbaşçylyk edip, 2024-nji ýylda Angliýanyň ikinji diwizionynda ýeňiji bolupdy.

Oýunçylyk döwründe Mareska Italiýanyň “Ýuwentus”, “Bolonýa”, “Fiorentina”, Ispaniýanyň “Sewilýa” we “Malaga” ýaly klublarynda çykyş etdi. “Sewilýanyň” düzüminde ol iki gezek UEFA kubogyny (häzirki Ýewropa ligasy), bir gezek Ispaniýanyň kubogyny we superkubogyny, şeýle hem UEFA-nyň superkubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy