SPORT

Mane – Afrikanyň iň gowy futbolçysy

Senagalyň milli ýygyndysynyň hem-de Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň futbolçysy Sadio Mane Afrika yklymynyň iň gowy futbolçysy hökmünde saýlandy. Senagally futbolçy Marokko şäherinde geçirilen dabaraly çärede baýragyny kabul edip aldy.

Şu ýylyň tomsunda Angliýanyň “Liwerpul” toparyndan Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna geçip, köpleri haýran galdyran Mane Afrika yklymynyň iň abraýly baýragyny gazanmakda özüniň ozalky topar ýoldaşy müsürli Mohammed Salahdan we Senegalyň derwezebany Eduard Mendiden öňe saýlandy.

Mane geçen möwsümde Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň düzüminde Angliýanyň Kubogyny hem-de Angliýanyň ligasynyň kubogyny gazandy. Ol bu toparyň düzüminde Çempionlar ligasynyň finalyna çenli baryp ýetdi we Angliýanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi.

Şu ýylyň fewralynda Sadio Mane Senegalyň milli ýygyndysyna özüniň taryhynda ilkinji gezek Afrikanyň kubogyny gazanmaga kömek etdi.

Maneniň ýurdy bolan Senegalyň milli ýygyndysy Afrikanyň iň gowy milli ýygyndysy diýen baýraga mynasyp boldy.

Sadio Mane ozal 2019-njy ýylda Afrikada ýylyň iň gowy futbolçysy bolupdy.

 

 

Iň köp kubok gazanan futbolçy Meksikada oýnar

Ýene-de okaň

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar