JEMGYÝET

“Malaý” käni: 36 ýyldan bäri tebigy gaz çykarylýar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň jemlerine bagyşlap iş maslahatyny geçirdi. Oňa nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow, nebtgaz toplumynyň ýolbaşçylary hem-de ýurdumyzda iş alyp barýan Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan işler barada hasabatlar berildi.

Milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazaryna çykarmak babatda sanlyja ýylda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylandygyny belledi.

Şol iri taslamalaryň biriniň hem “Malaý” gaz gysyjy desgasydygyny bellän milli Liderimiz türkmen tebigy gazyny uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý-Bagtyýarlyk turba geçirijisi arkaly “Asyryň iri taslamasy” diýlip atlandyrylan Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine bermekde möhüm ähmiýetli bu desganyň laýyk 1 ýyl mundan ozal açyp, ulanmaga berlendigi belledi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky “Malaý” ýatagyndan tebigy gaz 1986-njy ýyldan bäri alynýandygyny belläp, başlangyç gory 358 milliard 700 million kubmetr bolan bu känden häzirki döwre çenli 247 milliard kubmetrden köp tebigy gazyň çykarylandygyny belledi.

Milli Liderimiz häzirki wagtda gaz çykarmagyň dowam etmegiň, onuň çägini giňeltmek, şeýle hem özleşdirilýän gatkalardan aşaky gatlaklardan gaz gorlaryny ýüze çykarmagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny mälim etdi.

Bilşimiz ýaly, “Malaý” käninde bir ýyl mundan ozal, ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metre barabar bolan gaz gysyjy desga ulanmaga berlipdi.

“Malaý” gaz ýatagy Garagumuň günortasynda, Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýär.

 

“S7”: Türkmenabat-Moskwa uçar gatnawy barada

 

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi