JEMGYÝET

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde

Türkmenistanyň esasy milli baýramlaryna – mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygyň ýubileý 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “Makul Sözlük”, ýagny iňlisçe-türkmençe sözlük çap edildi. Bu sözlük dil diplomatiýasynyň täze basgançagyna öwrüler, diýip internet neşirleri habar berýär. 

Hususan-da, “ussatnews.com” hem-de “https:vestiabad.ru” internet neşirlerinde “Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” barada habarlar taýýarlanyp, okyjylar jemgyýetçiligine ýetirildi.

Rus dilinde taýýarlanan habarlarda täze sözlügiň Türkmenistan bilen Amerikanyň arasyndaky medeni, ykdysady we diplomatik gatnaşyklarda täze dil köprüsi bolup hyzmat etjekdigi bellenilýär. Bu barada “ussatnews.com” neşiri habar berýär.

“https:vestiabad.ru” internet neşirinde bolsa, Türkmenistanyň esasy milli baýramlaryna bagyşlanyp, iňlisçe-türkmençe sözlügiň taýýarlanandygy,  şeýle hem onda, diňe umumy sözler bilen çäklenilmän, eýsem soňky döwürlerde has işjeň ulanylýan hukuk, işewürlik, lukmançylyk, sport, emeli intellekt ýaly ugurlardaky ýöriteleşdirilen adalgalarynyň hem özünde jemleýändigi bellenilýär.

Sözlügiň taýýarlanmagynda Aşgabatda terjime hyzmatlaryny berýän “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi tarapyndan goldanylandygy hem bellenilip geçilýär.

 

“Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikada neşir edildi we “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy

Frederik Starr: “Makul Sözlük”dil köprüsine möhüm goşant bolup hyzmat eder

Erik Stýuart:”Makul Sözlük” ýurtlarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine hyzmat eder

THP: “Makul Sözlük” ABŞ-da neşir edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Ata Watan Eserleri