PEÝDALY MASLAHAT

«Mähriban zenan» atly täze möhletli goýum hödürlenilýär

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky eziz eneler, mähriban gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlap, ýörite açylan «Mähriban zenan» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Bu goýum ýyllyk 12% bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar.

Goýuma 500 (bäş ýüz) manatdan 50 000 (elli müň) manada çenli pul serişdeleri nagt we aýlyk zähmet haky geçirilýän «Altyn asyr» bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşde kabul edilýär.

«Mähriban zenan» goýumyna 16 ýaşdan ýokarylar — gelin-gyzlar, eneler 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan 1-nji maýy aralygynda pul serişdelerini goýup bilerler.

Goşmaça maglumat almak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz:

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-02-80.

Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň

www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilendir.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji

Türkmenistanda 26-njy ýanwar -1-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty