BIZNES

“Mähriban obam” hususy kärhanasy Özbegistana pomidor eksport eder

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän “Mähriban obam” hususy kärhanasy köpugurly önümçiligi bilen tanalýar. 2012-nji ýylda döredilen bu kärhana ilkibaşda keramiki kerpiçleriň önümçiligine başlap, ýyllaryň dowamynda öndürýän önümleriniň görnüşlerini yzygiderli artdyrýar. Bu ýerde öndürilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalaryň üçeklerini ýapmak üçin ýokary hilli asbestsement şiferleri sarp edijilere elýeterli bahadan ýetirilýär.

Şeýle hem kärhanada polipropilenden we polietilenden diametri 15 millimetrden 130 millimetr aralykda bolan lagym suwlary üçin turbalar, jaýlaryň içki bezegleri üçin poliwinilhloridden asma potolok listleriniň hem önümçiligi alnyp barylýar. Bulardan başga-da, geçen ýylda ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlary gaplamak üçin polipropilenden sebetleriň önümçiligi ýola goýuldy. Hytaýyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada aýda 500 müňe golaý keramiki kerpiç, 10 müň inedördül metre golaý asma potolok öndürmäge mümkinçilik bar.

Hususy kärhana azyk önümçiligine hem mynasyp goşant goşýar. Kärhana Sakarçäge etrabynyň çäginden bölünip berlen 26 gektar ýeriň 8 gektarynda döwrebap ýyladyşhana toplumy guruldy, galan 18 gektarynda miweli baglaryň nahallary oturdyldy. Ýyladyşhanada pomidoryň hoşaly “Altes” görnüşi ösdürilip ýetişdirilip, içerki we daşarky bazarlara ýerlenilýär. Golaýda geçirilen “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumyna “Mähriban obam” özbek işewürleri bilen 2023-2024-nji ýylyň pomidor hasylyny eksport etmek boýunça şertnama baglaşyldy.

Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy