2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu kitaby Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili terjime etdi.
Bu tanyşdyryş dabara Gruziýanyň hökümetiniň hususan-da, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň, Parlamentiniň, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň, Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň, Medeniýet we sport ministrliginiň, Saglygy goraýyş we sosial gorag ministrliginiň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ilçileri, türkmen wekiliýeti, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň, Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň wekilleri, ýokary okuw jaýlaryň rektorlary, professor-mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gruziýanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary L.Darsalia çykyş edip, ol Türkmenistany ýetip gelýän Garaşsyzlyk gününiň 33 ýyllygy mynasybetli gutlady hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda birek-birege hormat goýmak, dost we doganlyk, şeýle-de deňhukuklyk we aç-açanlyk esasynda alnyp barylýan gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini aýtdy. Türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň çalt depginde ösmegi yzygiderli syýasy gepleşiklere, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, energetika, ulag pudaklarynda, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary boýunça ýakyndan alyp barýan özara gatnaşyklaryna esaslanýar diýip belledi.
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow myhmanlara ýüzlenip, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýanyň strategiki taýdan esasy ugry hökmünde, häzirki döwrüň möhüm meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmak, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek maksady bilen oňyn halkara gepleşikleri alyp barmakda hemmetaraplaýyn ýardam bermek, sebit we dünýä derejesinde konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar diýip aýratyn belläp geçdi.
Şeýle hem ol, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň gruzin diline terjime edilmegi Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlugyň, doganlygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň subutnamasydygyny belledi. Bu goşgular ýygyndysy, gruzin halkynyň Magtymguly Pyragynyň beýik döredijiligi bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berjekdigine we gruzin halkynyň eser söýüjileri üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boljakdygyna ynam bildirdi.
Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy M.Gonaşwili hem öz gezeginde, döredijilik mirasy dünýäniň ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halkynyň beýik oglunyň goşgularynyň terjimesiniň üstünde işlemek özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy.
Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory jenap D.Gurgenidze, Magtymguly Pyragy – döredijiligi ýüzýyllyklardan soň hem bütindünýäde tanalýan we ýokary baha berilýän türkmeniň beýik şahyry diýip belläp geçdi. Şeýle hem ol Magtymguly Pyragynyň gruzin diline çap edilen kitaby, gruzin halkynyň eser söýüjilerine onuň zehininiň özboluşlylygyny we çuňlugyny açmaga ýardam berer diýip sözüni dowam etdi.
Şeýle hem çykyş edenler döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda, şeýle-de iki ýurduň medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny we milli sungatyny wagyz etmekdäki ägirt uly ornuny bellep geçdiler.
Tanyşdyryş dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen we gruzin sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde iki ýurduň halk aýdymlarynyň repertuarlarynyň astynda konserti, şeýle hem türkmen milli tagamlarynyň hödürlenmeginde myhmanlar üçin resmi kabul edilşigi boldy.