SIZDEN GELENLER

Maglumat howpsuzlygy – döwrüň wezipesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem günsaýyn pajarlap ösýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda birnäçe işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilýän bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, sowatly, ukyply bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu bolsa, gözel Diýarymyzda ökde, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmekde edilýän bimöçber aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde ylym-bilim ulgamynda döwrebap tehnologiýalaryň ornunyň giň gerime eýe bolmagy bilen maglumat howpsuzlygy düşünjesi hem ýüze çykýar.  Maglumat howpsuzlygy – bu maglumatlary ulanmak, saklamak we geçirmek üçin niýetlenen ulgamlaryň, tehnologiýalaryň we amallarynyň toplumydyr. Maglumat howpsuzlygynyň esasy maksady maglumatlary goramak, maglumatlaryň ýitmegine ýa-da birugsat üýtgedilmegine sebäp bolup biljek dürli ýagdaýlardan hem päsgelçiliklerden goramakdan ybaratdyr. Maglumat howpsuzlygy ýerine ýetirilýän her bir işiň dowamlylygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Häzirki wagtda maglumat diňe bir özboluşly we örän gymmat önüm bolmak bilen çäklenmän, eýsem  esasy strategiki serişdedir.  Döwletleriň infrastrukturasyny territorial we sebitleýin telekommunikasiýa we kompýuter torlary, paýlanylan maglumatlar gorlary we bilimler emele getirýärler. Jemgyýetçilik önümçiliginiň täze pudagy emele gelýär. Bu pudak maglumatlary döretmek, ýaýratmak, işläp taýýarlamak we ulanmak (sarp etmek) serişdelerini we proseslerini gurşap alýar. Mundan başga-da, maglumat tehnologiýalary we serişdeleri jemgyýetiň durmuş işjeňliginiň ähli gurşawlaryna giňden ornaşdyrylýar.

Akylly enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen birlikde kiberhowplardan goranmak meselesi hem örboýuna galýar. Şeýle hem ýurdumyzda milli maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň işini düzgünleşdirmegiň hukuk esaslary düýpli kämilleşdirilip, ol yzygider berkidilýär. Häzirki wagtda eziz Watanymyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň hukuk binýadyny berkitmek babatdaky işleriň alnyp barlyşynyň çäklerinde Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmekde netijeli ädimler ädilýär. Bu ugurda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan kabul edilýän kanunlardan gelip çykýan wezipeler bolsa üstünlikli çözülýär.

Şunuň bilen birlikde sanly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň özgerişini şertlendirýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuz we ygtybarly dolandyrylmagy döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy hökmünde çykyş edýär. Eziz ýurdumyzyň maglumat giňişligini kiberhowplardan goramagyň esaslaryny işläp düzmek, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmek, degişli ugra tehniki serişdeleriň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy bolsa döwletiň we jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Türkmenistanda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Kanuny hem-de ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek hem-de işe girizmek boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda ençeme web-saýtlar döredildi we bellige alyndy. Ylmyň we tehnikanyň ösüşi dünýä jemgyýetçiliginde ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegini, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyny hem-de halklaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş durmuşynyň ösüş depginini kesgitleýär. Kämil tehnologiýalaryň, sanly enjamlaryň giňden ornaşdyrylýandygyndan ugur alyp, häzirki wagtda maglumatlar binýady bilen işlemek üçin ýörite programma üpjünçilikleri hem işlenip düzülýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi sanly ykdysadyýete geçilmeginiň maýa goýum işjeňliginiň, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ösüşini üpjün etdi. Bu Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň talabyndan ugur alnyp, sanly ulgamy ösdürmek we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň, jemgyýetiň abadançylygynyň güwäsidir.

Merjen Allamyradowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

amaly matematika we informatika kafedrasynyň mugallymy. 

 

Ýene-de okaň

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany