JEMGYÝET

Madonnadan 1 million dollar haýyr-sahawat

Amerikaly meşhur aýdymçy Madonna Bill Geýtsiň we onuň aýaly Melindanyň (Bill & Melinda Gates Foundation) haýyr-sahawat gaznasyna koronawirus keseline garşy derman öndürmek işi üçin 1 million dollar berdi.

– Pul serişdeleri Bill Gatesiň gaznasynyň “Gates Philanthropy Partners” guramasy dolandyrar – diýip, Geýtsiň gaznasy mälim etdi.

Aýdymçy öz jemgyýetçilik torundaky hasabyndan Bill Geýtsiň gaznasynyň haýyr-sahawat işlerine goşulýandygyny, lukmanlara bu keseliň öňüni almak ugrunda edýän tagallalary üçin uly minnetdarlyk bildirýändigini mälim etdi.

Mälim bolşy ýaly, Bill Geýts we aýaly bu kesele garşy göreşmek üçin 100 million dollar pul serişdelerini gönükdirdi. Gaznanyň habar bermegine görä, bu pul serişdeleriniň 60 million dollary kesele garşy derman serişdelerini oýlap tapmak, ony synagdan geçirmek we keseli anyklamak işlerine sarp ediljekdigi aýdyldy.

Ýerine gelende aýtsak, bu ugurda başga-da köp sanly sungat we sport dünýäsiniň tanymal wekilleri dürli kömekleri amala aşyrýarlar.

Ýene-de okaň

Abdukodir Husanow 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Türkmenistan Şweýsariýa gynanç bildirdi

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady