SIZDEN GELENLER

Limonyň saçlara peýdasy

Limonyň peýdasy sansyz bolsa-da, saç üçin bahasyna ýetip bolmajak peýdasynyň berdygy subut edildi. Deri ýaly, saçlara owadanlyk berýän limon ýitirilen janlylygy dikeldýär.

Limonly çaý köp derde derman hasaplanýar. Köp sanly işdäçarlara hem limon we limon suwy golşulýar. Şol bir wagtda limon derini arassalamaga we şol bir wagtyň özünde täzelemäge kömek edýär.

Adamy rahatlandyrýan we gyşda dürli keselleri üçin peýdaly bolan limon dürli keselleri aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär.

Kepek üçin doly derman bolan limon saçdan kepekleriň aýrylmagyna ýardam edýär. Şeýlelik bilen, saçyňyzy erkin açmaga mümkinçilik alarsyňyz. C witamini, kalsiý, magniý, kaliý, mis, fol turşusy ýaly minerallara baý bolan limon saçlary güýçlendirýär. Saçlaryň dökülmeginiň öňüni almaga şert döredýär.

Saçlary arassalaýan limon has täze görnüş berýär. Şeýlelik bilen, saçdaky ähli hapalary arassalamaga kömek edýär. Düzümindäki limon kislotasynyň kömegi bilen saçyň reňkini tebigy ýagdaýda saklamaga uly goşant goşar.

Ýagly saçlar üçin peýdaly hasaplanýan limon gysga wagtyň içinde bu kynçylykdan dynmaga kömek eder. Limon saçlary iýmitlendirýär we ýagyň öňüni alýar.

Limony suw bilen garyşdyryp ulanyň. Ony hepdede bir ýa-da iki gezek ulanyp bilersiňiz.

Patma Aşyrowa, TOHU-nyñ talyby.

 

Oba hojalygynyň bereketi

Ýene-de okaň

«Magtymguly — dünýäniň akyldary» – gymmatly gollanma

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş