DÜNÝÄ

Li Sýan Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine saýlandy

Li Sýan Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine saýlandy. Häzirki wagtda Hytaýda Ählihytaý halk wekilleriniň geňeşiniň (milli parlament) mejlisi geçirilýär. Şol mejlisde Si Szinpin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy.

Şeýle hem halk wekilleri Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine saýlady.

Li Sýan 1959-nji ýylda doguldy. Ol 2017-2022-nji ýyllarda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Şanhaý şäheriniň komitetiniň başlygy wezipesinde işledi. Şeýle hem ol 2012-2016-njy ýyllarda Çžensüýan welaýatynyň gubernatory boldy.

Li Sýan Hytaýyň öňki hökümet başlygy Li Kesýanyň ornuna saýlandy. Li Kesýan 2013-nji ýyldan bäri Hytaýyň Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy